Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Jynsy gatnaşyk bizi has ysnyşdyrarmyka?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
    • 24-NJI BAP

      Jynsy gatnaşyk bizi has ysnyşdyrarmyka?

      Helen Maýkly bary-ýogy iki aý bäri tanaýar. Ýöne onuň göwnüne olar biri-birini ömürboýy tanaýan ýaly görünýär. Olar birnäçe sagatlap telefonda gürleşýärler, dynman SMS ýazyşýarlar, biri söze başladygy beýlekisi yzyny dowam etdirýär. Hawa, olaryň gatnaşygy ýag ýaly diýseňem bolýar! Häzir olar aýly gijede maşynda otyrlar. Maýkl bolsa ýönekeý gürrüňdeşlikden has köp zady isleýär.

      Şu geçen iki aýyň içinde Maýkl bilen Heleniň arasynda el tutuşmakdan we ogşaşmakdan başga hiç zat bolmandy. Helen mundan öte geçmek islemeýär. Ýöne ol Maýkly hem ýitiresi gelmeýär. Sebäbi ol diňe Maýklyň ýanynda özüni şeýle owadan hem-de arzyly duýýar. Şonuň üçinem Helen öz ýanyndan: «Biz biri-birimizi söýýäris ahyry» diýip oýlanýar.

      BELKI-DE, sen munuň soňunyň näme bilen gutarjakdygyny eýýäm aňansyň. Ýöne jynsy gatnaşyk edensoň, Maýkl bilen Heleniň arasynyň gaty sowaşjakdygy hakda welin, asla pikirem edýän dälsiň. Gel, bu barada biraz oýlanyp göreli.

      Eger sen fizikanyň kanunyna, meselem, ýeriň dartyş güýjüne sowuk-sala garasaň, netijede, zelel çekersiň. Şonuň ýaly-da, ahlak kadalaryny, mysal üçin, «ahlaksyzlykdan gaça durmak» baradaky tabşyrygy bozsaň, özüňe zyýan ýetirersiň (1 Selanikliler 4:3). Eýsem, ahlaksyzlyk etmek nähili erbet netijeleri getirip biler? Mukaddes Ýazgylarda: «Ahlaksyzlyk edýän adam öz bedenine garşy günä edýändir» diýilýär (1 Korinfliler 6:18). Bu nähili beýle bolýar? Muňa düşünmek üçin, nikadan öň jynsy gatnaşyk etmegiň nähili erbet netijeleri getirip biljekdigini ýaz.

      1 ․․․․․

      2 ․․․․․

      3 ․․․․․

      Indi ýazan zatlaryňa göz aýla. Belki-de, sen jynsy gatnaşyk arkaly geçýän keselleri, islenilmeýän göwreliligi we Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmagy bellik edensiň. Hawa, Hudaýyň ahlak kadalaryny bozýan adam şeýle ajy miweleri datmaly bolýar.

      Emma synaga garşy durmak kyn bolmagy mümkin. Sen öz ýanyňdan: «Maňa hiç zadam bolasy ýok. Onsoňam, hemmeler şeýle edýär!» diýip oýlanýansyň. Mekdepdäki deň-duşlaryňam eden ahlaksyz işlerine buýsanyp, öwünýändirler. Göräýmäge, olara üýtgeşik bolup barýan zadam ýokdur. Şonuň üçin senem babyň başynda agzalan Helen ýaly jynsy gatnaşyk etseň, halaşýan oglanyň bilen has ysnyşaryn öýdýänsiň. Şeýle-de başgalaryň sen barada gürrüň edip: «Aý, ol entegem hiç kim bilen halaşanok» diýip, üstüňden gülmeklerini isleýän dälsiň. Şonuň üçinem sen namysyňy goramak nämä gerek diýip pikir edýän bolmagyň mümkin.

      Ýöne şeýle netijä gelmäge howlukma! Sebäbi bu işi hemmeler etmeýär. Dogry, geçirilen barlaglar gaty köp ýaşlaryň nikadan öň jynsy gatnaşykda bolýandygyny görkezýär. Mysal üçin, ABŞ-nyň mekdeplerindäki oglan-gyzlaryň 3-den 2-siniň heniz okuwyny tamamlamanka jynsy gatnaşykda bolýandygy anyklandy. Emma olaryň 3-den 1-iniň beýle etmeýändigini ünsden düşürmeli däl. Ýöne muny edýänler barada näme diýse bolar? Geçirilen barlaglara görä, olaryň köpüsi eden işi sebäpli gaty lapykeç bolýarlar.

      1-NJI NETIJE ÖKÜNMEK. Nikadan öň jynsy gatnaşykda bolan ýaşlaryň köpüsi soňra eden işine gaty ökünendigini boýun aldylar.

      2-NJI NETIJE YNAMDAN GAÇMAK. Halaşýany bilen jynsy gatnaşykda bolansoň, oglan-gyzlar öz ýanyndan: «Ol başga kim bilen ýatdyka?» diýip oýlanyp başlaýarlar.

      3-NJI NETIJE ARZUWYŇ PUÇ BOLMAK. Gyzlar özleriniň ulanylyp taşlanmagyny däl-de, söýgi bilen aladasynyň edilmegini isleýärler. Oglanlaryň köpüsi bolsa namysyndan geçen gyzyň olara soň kän bir ýaramaýandygyny aýdýarlar.

      Galyberse-de, köp oglanlar nikadan öň bile bolan gyzyna öýlenmejekdigini aýdýarlar. Näme üçin? Sebäbi olar has akylly-başly we edep-ekramly gyzy almak isleýärler.

      Senem gyz bolsaň, muňa gaty haýran galýansyň, gaharyň gelýän bolmagy-da mümkin. Ýöne bir zady unutma: nikadan öň jynsy gatnaşyk kinolarda we telegepleşiklerde görkezilişi ýaly däldir, sebäbi durmuşda ähli zat başgaça bolýar. Şu günler ýetginjekleriň arasyndaky jynsy gatnaşyk gowy zat ýaly arşa çykarylýar. Oňa ýöne bir wagtyňy hoş geçirmek üçin edilýän zat ýaly garap, hatda hakyky söýginiň nyşany hökmünde görkezýärler. Ýöne sen muňa özüňi aldatma! Saňa jynsy gatnaşyk etdirjek bolýan adam diňe öz peýdasyny gözleýär (1 Korinfliler 13:4, 5). Aslynda, seni ýürekden söýýän adam jan saglygyňy howp astyna salarmy we abraýdan düşürermi? (Süleýmanyň tymsallary 5:3, 4). Ol seniň, hakykatdanam, aladaňy edýän bolsa, Hudaý bilen dostlugyňa zyýan ýetirjek işi etmäge iterermi? (Ýewreýler 13:4).

      Oglanlaram bir gyz bilen duşuşýan bolsa, şu bapda aýdylýan zatlary göz öňünde tutup, öz gatnaşyklary hakda pikirlense paýhasly bolar. Sen öz ýanyňdan: «Men halaşýan gyzymyň, dogrudanam, aladasyny edýärinmi?» diýip oýlanyp gör. Eger muňa «hawa» diýip jogap beren bolsaň, muny iş ýüzünde görkezmäge jan et. Sen öz güýç-gaýratyňy Hudaýyň kanunlaryny berjaý etmek üçin ulanjak bol, synaga düşürip biljek ýagdaýlardan gaça durar ýaly paýhasly hereket et hem-de diňe öz peýdaňy gözlemän, halaşýan gyzyňa ýürekden söýgi bildir. Eger sen özüňi şeýle alyp barsaň, söwer ýaryň hem edep-ekramly şulamly gyz ýaly: «Söýgülim meniňki, men-de onuňkydyryn» diýer (Nagmalar nagmasy 2:16). Şeýdip, sen onuň söýgüsini gazanarsyň.

      Sen oglan bolsaňam, gyz bolsaňam nikadan öň jynsy gatnaşyk etseň, gymmatly zadyňy ýitirip, abraýdan gaçarsyň (Rimliler 1:24). Köpler ýeňilkellelik edip, namysyny elden gidirendigi üçin özüni dereksiz duýup, kalby boşap galan ýaly bolýar. Emma sen beýle ýalňyşlygy goýbermejek bol! Eger halaşýan oglanyň: «Sen meni söýýän bolsaň, muňa razylaşarsyň» diýip, seni jynsy gatnaşyk etmäge yrjak bolsa, oňa: «Sen meni söýýän bolsaň, beýle zady etdirjek bolmazdyň!» diýip, dogumly jogap ber.

      Öz ar-namysyňy depeletmejek bol. Hudaýyň ahlaksyzlykdan gaça durmak baradaky tabşyrygyna gulak asmagy berk ýüregiňe düwendigiňi görkez. Şeýle etseň, durmuş guranyňda maşgala gatnaşygyndan şatlyk taparsyň we nikadan öň jynsy gatnaşykda bolýanlardan tapawutlylykda, özüňi günäkärlemek hem-de ökünmek ýaly duýgular bolmaz (Süleýmanyň tymsallary 7:22, 23; 1 Korinfliler 7:3).

      ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN, II TOMUŇ 4, 5-NJI BAPLARYNY OKAP BILERSIŇ

      INDIKI BAPDA

      Masturbasiýadan gaça durmak näme üçin wajyp?

      ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

      «Ahlaksyzlykdan gaçyň... Ahlaksyzlyk edýän adam öz bedenine garşy günä edýändir». 1 Korinfliler 6:18

      MASLAHAT

      Oglan-gyzlar ene-atasynyň ýanynda etmejek zadyny ikiçäk galanlarynda-da etmese gowy bolar.

      BILÝÄRSIŇMI... ?

      Halaşýan gyzy bilen jynsy gatnaşyk edensoň, oglan köplenç ony taşlap, başga gyzyň gözlegine çykýar.

      SEN NÄME ETMEKÇI?

      Men bir oglan (ýa-da gyz) bilen iş salyşmaly bolsam, şu ýagdaýlardan gaça durmakçy: ․․․․․

      Eger ol meniň bilen bir çola ýerde görüşmekçi bolsa, oňa şeýle diýerin: ․․․․․

      Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

      NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

      ● Nikadan öň jynsy gatnaşyk etmäge isleg dörese-de, ondan gaça durmak näme üçin wajyp?

      ● Halaşýanyň jynsy gatnaşyk etmäge yrjak bolsa näme edersiň?

      [176-njy sahypadaky sitata]

      «Hudaýyň gullukçysy hökmünde seniň gowy häsiýetleriň bardygy üçin başgalar saňa hasam üns bermegi mümkin. Şonuň üçin saňa ahlaksyzlyk etdirjek bolanlarynda, seresap bolup, dogumly hereket et. Gowy häsiýetleriňi bolgusyz zada çalyşma!» Joşua

      [177-nji sahypadaky surat]

      Nikadan öň jynsy gatnaşyk etmek owadan suraty aýak astyna taşlap depelän ýalydyr

  • Masturbasiýa etmek endigimi nädip goýmaly?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
    • 25-NJI BAP

      Masturbasiýa etmek endigimi nädip goýmaly?

      «Men 8 ýaşymdakam, masturbasiýa edip başladym. Soňra Hudaýyň muňa nähili garaýandygyny bildim. Her gezek özüme erk edip bilmedik wagtym öz-özümi ýigrenip: „Hudaý meniň ýaly adamy nädip gowy görsün?!“ diýýärdim». Luiz

      ADAM ýetişip, kemala gelip başlanda, jynsy höwesleri hasam güýjäp bilýär. Şol sebäpli ol masturbasiýa edip başlamagy mümkina. Köp adamlar munuň hiç hili erbetligi ýokdur öýdýärler. Olar: «Bu hiç bir adama zyýan ýetirmeýär» diýýärler. Emma şeýle endikden gaça durmaga degerli sebäpler bar. Pawlus resul: «Beden agzalaryňyzdaky... erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleri... öldüriň» diýip ýazdy (Koloslylar 3:5). Masturbasiýa etmek jynsy höwesleri öldürmän, gaýtam, güýçlendirýär. Gel, şu zatlar barada oýlanyp göreli:

      ● Masturbasiýa etmek adamy diňe özüni bilmäge iterýär. Sebäbi ol diňe öz islegini kanagatlandyrmak barada pikirlenýär.

      ● Masturbasiýa edýän adam başga jynsdaky adama ten höweslerini kanagatlandyrmak üçin ulanylýan zat ýaly garaýar.

      ● Masturbasiýa edip, diňe özi barada pikir edýän adam maşgala gatnaşyklaryndan doly lezzet alyp ýa-da är-aýallyk borjuny dogry ýerine ýetirip bilmeýär.

      Şol sebäpli senem jynsy höwesiň güýçlenende, islegiňi kanagatlandyrmak üçin masturbasiýa etmän, özüňe erk etjek bol (1 Selanikliler 4:4, 5). Munuň üçin Mukaddes Ýazgylarda maslahat berlişi ýaly, jynsy höwesiňi oýaryp biljek ýagdaýlardan gaça dur (Süleýmanyň tymsallary 5:8, 9). Emma sen masturbasiýa etmegi endik edinen bolsaň näme? Belki, bu endigiňi ençeme gezek goýjak bolansyň, ýöne başa baran däldir. Şeýle ýagdaýda özüňden göwnüň geçip, Hudaýyň kada-kanunlaryna görä ýaşamagy başarmaýaryn diýip pikir edýänsiň. Pedro atly oglan hem şeýle duýgulary başdan geçiripdi. Ol: «Erbet höweslerime erk edip bilmän, masturbasiýa edenimde, özümi gaty dereksiz duýýardym. Meniň bu eden işim hiç wagt bagyşlanmaz diýip pikir edýärdim. Şonda Hudaýa doga etmäge-de dilim barmaýardy» diýýär.

      Eger senem şeýle ýagdaýa düşýän bolsaň, lapykeç bolma. Sebäbi seniň ýagdaýyň çykalgasyz däl. Ýaşlaryň we uly adamlaryň köpüsi masturbasiýa etmek endigini goýup bildiler. Muny senem başararsyň!

      Özüňi günäkärlemek

      Ýokarda bellenip geçilişi ýaly, masturbasiýa etmegi endik eden adamlar köplenç özüni günäkärleýärler. Elbetde, «Hudaýyň islegine laýyk gynanmak» ýaramaz endigiňe garşy göreşmäge höweslendirýär (2 Korinfliler 7:11). Emma özüňi çendenaşa günäkärlemek erbet netijeleri berip biler. Sen gaty göwnüçökgünlige düşüp, bu endigiňe garşy göreşmegiňi bes etmegiň hem mümkin (Süleýmanyň tymsallary 24:10).

      Şonuň üçin düşen ýagdaýyňa dogry garaýşy saklajak bol. Masturbasiýa hapa işlere degişli bolup, «dürli höwesleriň we keýpi-sapanyň guly» bolmaga iterýär hem-de ýaramaz pikirleri döredýär (Titus 3:3). Ýöne masturbasiýa ýigrenji ahlaksyzlyk ýaly agyr günä hasaplanmaýar (Ýahuda 7). Eger seniňem masturbasiýa etmek endigiň bar bolsa, Hudaýyň öňünde bagyşlanmaýan günä edýärin diýip pikir etme. Esasy zat — erbet höwesleriňe garşy durmaly we göreşmegiňi bes etmeli däl.

      Emma özüňe erk edip bilmedik wagtyň göwnüçökgünlige düşmegiň mümkin. Şeýle ýagdaýda Süleýmanyň tymsallary 24:16-daky: «Dogry adam ýedi gezek ýykylsa-da, galýandyr; erbetler bolsa belanyň içine taýýandyr» diýen sözleri unutma (Süleýmanyň tymsallary 24:16). Käte synagda ýykylsaňam, bu seniň asla düzelmejekdigiňi aňlatmaýar. Şonuň üçin hiç haçan ýan berme. Gaýtam, «ýykylmagyňa» nämäniň sebäp bolandygyny anyklap, ony indiki gezek gaýtalamajak bol.

      Şeýle-de Hudaýyň söýgüsi we rehimdarlygy barada oýlan. Ejizläp, günä eden mezmurçy Dawut hem: «Atanyň ogullaryna nähili haýpy gelýän bolsa, şonça-da Rebbiň Ondan gorkýanlara haýpy gelýändir. Çünki Ol biziň nähili ýaradylandygymyzy bilýär, toprakdandygymyz Onuň ýadynda» diýdi (Zebur 103:13, 14). Hawa, Ýehowa biziň günälidigimize düşünip, «geçirimlilik» edýär (Zebur 86:5). Emma ol biziňem öz üstümizde işlemek üçin tagalla etmegimizi isleýär. Senem masturbasiýa etmek endigiňi goýup biler ýaly nämeleri edip bilersiň?

      Dynç alşyňy ünsli saýla. Sen jynsy höwesleri oýarýan kinolary, telegepleşikleri görýärmiň ýa-da Internet saýtlaryna girýärmiň? Mezmurçy Hudaýa doga edip: «Gözümi biderek zatlary görmekden sow» diýdib (Zebur 119:37).

      Ünsüňi başga zatlara sowjak bol. Wilýam atly bir dogan şeýle maslahat berýär: «Ýatmazyňdan öň Mukaddes Ýazgylary ýa-da oňa esaslanan edebiýatlary oka. Sebäbi günüň ahyrynda ruhy zatlar barada oýlanmak örän wajyp» (Filipililer 4:8).

      Ýakyn adamyňa ýagdaýyňy düşündir. Sen kynçylygyňy ýakyn adamyňa gürrüň bermäge utanmagyň mümkin. Emma şeýle etseň, erbet endigiňe garşy göreşmäge kömek eder. Deýwid atly bir dogan hem muňa öz durmuşynda göz ýetirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men kakam bilen ikiçäk oturyp, oňa ýagdaýymy düşündirdim. Şonda onuň aýdan sözleri hiç wagt ýadymdan çykmaz. Ol maňa mähir bilen ýylgyryp seretdi-de: „Men saňa buýsanýaryn, oglum!“ diýdi. Sebäbi ol bu gürrüňe başlamagyň maňa aňsat bolmandygyna düşünýärdi. Onuň aýdan sözleri meniň göwnümi göterip, erbet endigime garşy göreşmäge güýç berdi.

      Soňra kakam meniň hiç wagt düzelmejek adam däldigimi düşündirmek üçin Mukaddes Ýazgylardan birnäçe aýatlary okap berdi. Şeýle-de ol meniň bu endigimiň erbet işdigine doly göz ýetirmegim üçin başga-da aýatlary görkezdi. Kakam maňa geçeni geçdi bilip, diňe öňe ymtylmalydygymy we bu barada soň ýene-de gürrüň etjekdigimizi aýtdy. Şeýle-de özüme erk edip bilmedik wagtym göwnüçökgünlige düşmän, indiki gezek bu ýalňyşymy gaýtalamaz ýaly has köpräk tagalla etmäge höweslendirdi». Bu Deýwide nähili täsir etdi? Ol: «Kynçylygymy kakama gürrüň berip, onuň kömegini kabul edenimde, bu maňa köp peýda berdi» diýýärc.

      INDIKI BAPDA

      Jynsy gatnaşyk etmegi teklip etseler näme üçin gaty seresap bolmaly?

      [Çykgytlar]

      a Jynsy höwesiň öz-özünden döremegine masturbasiýa diýip bolmaz. Mysal üçin, ýaş oglanlaryň gije tohumy akmagy ýa-da jynsy höwes bilen oýanmagy mümkin. Gyzlaryň hem aýbaşy döwrüniň öňünden ýa-da soňundan jynsy höwesi güýçlenip bilýär. Emma masturbasiýa jynsy höwesleri bilgeşleýin oýarmak üçin jyns organlaryny sypalamagy ýa-da owkalamagy aňladýar.

      b Bu barada köpräk bilmek üçin, II tomuň 33-nji babyna seredip bilersiň.

      c Bu barada köpräk bilmek üçin, II tomuň 239—241-nji sahypalaryna seredip bilersiň.

      ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

      «Ýaşlyk höweslerinden gaça dur, Hudaýy päk ýürekden çagyrýan adamlar bilen birlikde dogrulyga, imana, söýgä we parahatlyga ymtyl». 2 Timoteos 2:22

      MASLAHAT

      Erbet höwesleriň heniz güýjemänkä, Ýehowa doga edip, synaga garşy durup biler ýaly güýç sora (2 Korinfliler 4:7).

      BILÝÄRSIŇMI... ?

      Gowşaklyk edýän adam erbet höweslerini basman, gaýtam, olara eýerýär. Düşünjeli adam bolsa ýeke galanda-da, özüne erk etmegi başarýar.

      SEN NÄME ETMEKÇI?

      Pikirimi arassa saklamak üçin, men ․․․․․

      Erbet höweslerime eýermän, gaýtam ․․․․․

      Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

      NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

      ● Ýehowanyň «geçirimli» Hudaýdygyny ýatda saklamak näme üçin wajyp? (Zebur 86:5).

      ● Ýehowa adamy jynsy islegler bilen ýaratdy. Ýöne ol biziň käbir ýagdaýlarda özümize erk etmegimizi isleýär. Diýmek, Hudaý bizden nämä garaşýar?

      [182-nji sahypadaky sitata]

      «Men bu endigimi goýanymdan soň, Ýehowa arassa ynsap bilen gulluk edip başladym. Men muny hiç zada çalyşmaryn!» Sara

      [180-nji sahypadaky surat]

      Ylgap barýarkaň ýykylsaň, öňki geçen ýoluň biderekdigini aňlatmaýar. Erbet endigiňe garşy göreşeniňde-de käte özüňe erk edip bilmeseň, öňki eden tagallalaryň barynyň puja çykdygy bolmaýar

  • Jynsy gatnaşyk etmegi teklip etseler näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
    • 26-NJY BAP

      Jynsy gatnaşyk etmegi teklip etseler näme etmeli?

      «Oglan-gyzlar biri-birine azgyn höwes bilen bakyp, lak atmagy oýunjak zat hasaplaýarlar. Olar hatda näçe adam bilen jynsy gatnaşyk edýändigini sanabam görýärler». Peni

      «Oglanlar bu zatlar barada gürrüň etmäge çekinmeýärler. Gaýtam, olar bir gyz bilen halaşýan bolsa, başga-da birgiden gyz bilen ýatyp-turýandygyny aýdyp öwünýärler». Edward

      ŞU GÜNLER ýaşlaryň köpüsi biri bilen tanşyp-tanyşmanka jynsy gatnaşyk edendigine gaty buýsanýarlar. Olaryň käbiri biri-birine «söýýän-köýýän» diýip, näz-kereşme edip oturman, göni jynsy gatnaşykda bolanyny kem görmeýärler.

      Käte sende-de şeýle höwes döremegi mümkin (Ýermeýa 17:9). Ýokarda agzalan Edward: «Köp gyzlar maňa olar bilen ýatyp-turmagy teklip etdiler. Hudaýa gulluk edýändigim üçin şeýle işlerden gaça durmalydygyma düşünsemem, olara „ýok“ diýmek maňa gaty kyn bolýar» diýýär. Eger saňa-da jynsy gatnaşyk etmegi teklip etseler, Mukaddes Ýazgylardaky haýsy prinsiplere eýerip bilersiň?

      Bu näme üçin nädogry?

      Ahlaksyzlyk agyr günä bolup, bu iş bilen meşgullanýanlar «Hudaýyň Patyşalygyny miras almazlar» (1 Korinfliler 6:9, 10). Oglan bilen gyz halaşsyn-halaşmasyn jynsy gatnaşyk etse, ahlaksyzlyk etdigi bolýar. Şeýle ýagdaýlarda synaga garşy durup biler ýaly, ahlaksyzlyga Ýehowa ýaly garamagy öwrenmeli.

      «Men Ýehowanyň ýolunyň durmuşda iň gowy ýoldugyna berk ynanýaryn» (Kerin, Kanadada ýaşaýar).

      «Sen biriniň ogly ýa-da gyzydygyňy, köpleriň dostudygyňy hem-de Hudaýyň halkyna degişlidigiňi unutma. Eger synagda ýykylsaň, olary gaty gynandyrarsyň» (Piter, Beýik Britaniýada ýaşaýar).

      Ahlaksyzlyga Ýehowanyň garaýşy ýaly garasaň, şeýle işler nähili özüne çekiji bolsa-da, «ýamanlygy ýigrenmegi» başararsyň (Zebur 97:10).

      Goşmaça aýatlar: Gelip çykyş 39:7—9-njy aýatlary okap, Ýusuba ahlaksyzlyk etdirjek bolanlarynda, onuň çürt-kesik garşy çykandygyna we synagda berk durmaga oňa nämäniň kömek edendigine üns berjek bol.

      Ynanýan zatlaryňy gymmat saý

      Ýaşlyk döwri adam köplenç öz garaýşyny dogry hasaplap, ony açyk düşündirmäge çekinmeýär. Senem özüňi alyp barşyň bilen, Hudaýyň kada-kanunlarynyň dogrudygyny görkezip bilýärsiň. Eýsem, bu uly hormat dälmi näme?! Şonuň üçin nikadan öň jynsy gatnaşyk etmegi makullamaýandygyňy açyk aýtmaga çekinme.

      «Ahlak kadalara görä ýaşaýandygyňy eýýäm başdan hemmelere görkezjek bol» (Alen, Germaniýada ýaşaýar).

      «Ýokary klasda okaýarkam, oglanlar meniň Ýehowanyň Şaýadydygymy bilýärdiler. Şonuň üçinem olar meni yryp bilmejekdiklerine düşünýärdiler» (Wika, ABŞ-da ýaşaýar).

      Ynanýan zatlaryňa berk eýerseň, ruhy taýdan ýetişen mesihçidigiňi görkezersiň (1 Korinfliler 14:20).

      Goşmaça aýatlar: Süleýmanyň tymsallary 27:11-i okap, dogry işleri etseň, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýandygyň barada oýlan.

      Dogumly bol

      «Ýok» diýmek örän wajyp. Ýöne käbirleri muňa nädogry düşünip, näziňi çekdirjek bolýansyň öýtmegi mümkin.

      «Seniň ahlaksyzlyk etmek islemeýändigiň ähli zadyňdan, ýagny geýnişiňden, gepleýşiňden, gatnaşýan adamlaryňdan we özüňi alyp barşyňdan görünmeli» (Joý, Nigeriýada ýaşaýar).

      «„Ýok“ diýeniňden soň, sözüňden asla dänmejekdigiňi görkez. Göwnüňi awlajak bolýan oglanlardan hiç hili sowgat alma. Sebäbi olar öwezine bir zat etmegiňi talap ederler» (Lara, Beýik Britaniýada ýaşaýar).

      Eger dogumly bolsaň, Ýehowa saňa hökman kömek eder. Mezmurçy Dawut hem Hudaýyň hemişe goldaýandygyna göz ýetirip: «Sen wepaly adama wepalylygyňy görkezersiň» diýdi (Zebur 18:25, «Täze dünýä terjimesi»).

      Goşmaça aýatlar: 2 Ýyl ýazgylary 16:9-y okap, dogry ýoldan ýöremek isleýän adamlara Ýehowanyň höwes bilen kömek edýändigine üns ber.

      Etjek işiň netijesi barada oýlan

      Mukaddes Ýazgylarda: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 22:3). Sen bu sözlere nädip eýerip bilersiň? Etjek işiň netijesi barada oýlan!

      «Ahlaksyz zatlar barada gürrüň edýänlerden daşrakda dur» (Naomi, Ýaponiýada ýaşaýar).

      «Öý salgyňy, telefon belgiňi we özüňe degişli başga-da maglumatlary aýtma» (Diýana, Beýik Britaniýada ýaşaýar).

      Özüňi alyp barşyňa, gepleýşiňe, gatnaşýan adamlaryňa we köplenç gidýän ýerleriňe üns ber. «Men bilgeşleýin etmesem-de, özümi alyp barşym bilen, başgalaryň ünsüni çekip, meniň bilen jynsy gatnaşyk etmäge höwes döredýärmikäm?» diýip oýlanyp gör.

      Goşmaça aýatlar: Gelip çykyş 34:1, 2-nji aýatlary okap, Dinanyň erbet ýerlere barandygy sebäpli, betbagtçylyga uçrandygy barada oýlan.

      Köp adamlar nikadan öň jynsy gatnaşyk etmäge ýöne bir bolaýmaly zat ýaly seredýärler. Emma Ýehowa Hudaý muny agyr günä hasaplaýar. Şonuň üçin senem ahlaksyzlyga şeýle garaýyşda bolmaly. Dogrulyk etmäge jan etseň, Hudaýa arassa ynsap bilen gulluk edersiň we öz mertebäňi hem saklarsyň. Kerol atly gyz: «Biriniň islegini kanagatlandyrjak bolup, özüňi oýnatma. Ýehowanyň göwnünden turmak üçin eden tagallalaryň baryny biderek etme!» diýýär.

      INDIKI BAPDA

      Oglanlar nähili gyzlary gowy görýär? Sen muny bilseň, gaty haýran galarsyň!

      ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

      «Hudaýyň öňünde päk, ýazyksyz hasaplanar ýaly, onuň bilen gowy gatnaşykda bolmak üçin eliňizde baryny ediň». 2 Petrus 3:14

      MASLAHAT

      Içki dünýäň owadan bolmagy üçin gowy häsiýetleri ösdürmäge jan et (1 Petrus 3:3, 4). Hudaýa ýaramly häsiýetleriň bolsa, ahlak taýdan bozuk adamlar saňa azar berip durmaz.

      BILÝÄRSIŇMI... ?

      Ýehowanyň niýetine görä, jynsy gatnaşyk adamda biynjalyklanma, ynamsyzlyk we ökünmek ýaly duýgulary döretmän, lezzet bermeli. Şol sebäpli diňe maşgala guran är-aýala şeýle gatnaşykda bolmaga rugsat berilýär.

      SEN NÄME ETMEKÇI?

      Ýusubyň göreldesine eýerip, ahlak taýdan arassa galmak üçin, men ․․․․․

      Dinanyň goýberen ýalňyşyny gaýtalamaz ýaly, men ․․․․․

      Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

      NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

      ● Nikadan öň jynsy gatnaşyk etmek giňden ýaýran bolsa-da, ondan gaça durmak näme üçin wajyp?

      ● Kimdir biri seni jynsy gatnaşyk etmäge yrjak bolsa näme edersiň?

      [185-nji sahypadaky sitata]

      «„Ýok!“ diýmäge gorkma. Bir oglan maňa bile ýatmagy teklip edende, men oňa: „Gümüňi çek, degme maňa!“ diýip ýüzüni aldym. Şondan soň ol gaýdyp men tarapa seretmez ýaly boldy» Elen

      [187-nji sahypadaky surat]

      Nikadan öň jynsy gatnaşyk etseň, öz gadyryňy gaçyrarsyň

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş