Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Çägimi bilýärinmi?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
    • 4-NJI BAP

      Çägimi bilýärinmi?

      Dogry ýa-da nädogrudygyny belle.

      Söýüşýänlere ikiçäk wagty ýa-da köpçülikde el tutuşmak bolmaýar.

      □ Dogry

      □ Nädogry

      Söýüşýänler jynsy gatnaşyk etmeseler-de, ahlaksyz işleri etmegi mümkin.

      □ Dogry

      □ Nädogry

      Söýüşýänler gujaklaşyp ogşaşmasalar, biri-birini söýýär diýip bolmaz.

      □ Dogry

      □ Nädogry

      SEN bular hakda köp pikirlenensiň. Eger biri bilen söýüşýän bolsaň, oňa duýgularyňy görkezeniňde näçeräk çäk goýmalydygyny bilmek kyn bolýandyr. Geliň, ýokarda getirilen üç ýagdaýa seredip, «Çägimi bilýärinmi?» diýen soraga Hudaýyň Sözüniň nähili jogap berýändigini bileliň.

      ● Söýüşýänlere ikiçäk wagty ýa-da köpçülikde el tutuşmak bolmaýar.

      Nädogry. Mukaddes Ýazgylarda päk söýgini bildirmegiň nädogrudygy aýdylmaýar. Meselem, onda şulamly gyz bilen çopan oglanyň söýgüsi hakda we olaryň gatnaşyklarynyň arassa bolandygy aýdylýar. Olar durmuş gurmazdan öň, käbir ýagdaýlarda bir-birine bolan söýgüsini bildiren bolmaly (Nagmalar nagmasy 1:2; 2:6; 8:5). Şu günlerem durmuş gurmak maksady bilen söýüşýänleriň käbiri päk söýgini belli bir derejede bildirmegi paýhasly hasaplaýara.

      Söýüşýänler duşuşýan wagty örän seresap bolmaly. Sebäbi ogşaşmak, gujaklaşmak ýa-da jynsy gatnaşyk etmäge höwes döredýän islendik hereket haýasyz işlere eltip bilýär. Duşuşýanlaryň niýeti gowy bolsa-da, özüne erk edip bilmän, ahlaksyzlyk etmegi mümkin (Koloslylar 3:5).

      ● Söýüşýänler jynsy gatnaşyk etmeseler-de, ahlaksyz işleri etmegi mümkin.

      Dogry. Mukaddes Ýazgylarda «ahlaksyzlyk» diýip terjime edilen grek (por·neiʹa) sözüniň giň manysy bar. Bu nikasyz jynsy gatnaşygyň islendik görnüşini we jyns organlaryny nädogry ulanmagy aňladýar. Muňa diňe jynsy gatnaşyk etmek däl-de, oral (agyz), anal (täret deşigi) jynsy gatnaşygy we başga biriniň jyns organlaryny sypalamak ýa-da owkalamak hem degişli.

      Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda diňe ahlaksyzlyk ýazgarylmaýar. Pawlus resul: «Ten işleri aýdyňdyr: olar ahlaksyzlyk, azgynlyk, haýasyz işler... Şeýle zatlar bilen meşgullanýan adamlar Hudaýyň Patyşalygyny miras almaz» diýýär (Galatýalylar 5:19—21).

      «Azgynlyk» diýip terjime edilen grek sözi nämäni aňladýar? Bu sözde we hereketde edilýän islendik hapa zatlary öz içine alýar. Başga biriniň eşiginiň içine eliňi salmak, eşigini çykarmak ýa-da jyns organlaryny oýnamak, ýagny göwsi ýaly uýat ýerlerini sypalamak azgynlyk hasaplanýar. Mukaddes Ýazgylara görä, göwsi sypalap, şeýle gatnaşykdan lezzet almaga diňe durmuş guranlara rugsat berilýär (Süleýmanyň tymsallary 5:18, 19).

      Käbir ýaşlar bilgeşleýin çäkden çykýarlar ýa-da özleri bilen bile haýasyz işleri etjek adamlary gözleýärler. Şeýtmek bilen, olar Hudaýyň kada-kanunlaryny äsgermeýärler. Pawlusyň aýdyşy ýaly, olar «haýasyz işleri» edip, günäkär hasaplanýarlar. «Haýasyz işler» diýip terjime edilen grek sözi «mertebesini peseldýän hereketleri etmegi, çägiňi bilmezligi, gödekligi we edepsizligi» aňladýar. Elbetde, sen hem «ahlak kadalaryndan» ýüz öwrüp, haýasyz we «her dürli hapa işleri açgözlük» bilen etmek islemersiň! (Efesliler 4:17—19).

      ● Söýüşýänler gujaklaşyp ogşaşmasalar, biri-birini söýýär diýip bolmaz.

      Nädogry. Köpler şeýle pikir etseler-de, gujaklaşyp ogşaşmaklyk gatnaşyklary berkitmeýär. Gaýtam, ol birek-birege bolan hormaty we ynamy gaçyrýar. Lora atly gyz munuň şeýledigine göz ýetiripdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Bir gezek ejem öýde ýokka söýüşýänim kino görmek bahanasy bilen geldi. Başda ol ýöne bir elimden tutdy. Birdenem, ol meniň başga ýerlerimi hem sypalap başlady. Ol öýkeläp, çykyp gider öýdüp, edýäniniň nädogrudygyny aýtmaga çekindim».

      Nähili pikir edýärsiň, Loranyň söýgülisi ony çyn ýürekden gowy görýärmi ýa-da diňe özüni bilýärmi? Şeýle işleri etmäge yrjak bolýan adama hakykatdanam seni söýýär diýse bolarmy?

      Eger oglan söýgülisiniň ynsabyna hormat goýman, erbet işleri etmäge iterse, ol hem Hudaýyň kanunyny bozýar, hemem gyzy söýmeýändigini görkezýär. Onsoňam şeýle zatlara ýol berýän gyz özüni oýnadýar. Soňy bilen ol haýasyz işleri, hatda ahlaksyzlyk hem edip bilerb (1 Korinfliler 6:9, 10).

      Çäk goý

      Duşuşýan bolsaň, söýgi bildirmek meselesinde nädip dogry hereket edip bilersiň? Öňünden belli bir çäk goýsaň paýhasly bolar. Süleýmanyň tymsallary 13:10-da: «Akyldarlyk bolsa maslahat alýanlar bilendir» diýilýär. Şol sebäpli söýgi bildireniňde nähili hereketleri etmelidigini duşuşýanyň bilen öňünden gepleş. Çäk goýman höwesleriň güýjeýänçä garaşmaklyk, ýangyn döreýänçä jaýda ýangyn duýduryjy enjamy goýmazlyk ýalydyr.

      Şeýle zatlar barada gürrüň etmek, esasanam, ýaňy duşuşyp başlan wagtyň kyn bolup biler, hatda utanmagyň hem mümkin. Ýöne çäk goýsaň kynçylyklaryň öňüni alyp bilersiň. Paýhaslylyk bilen goýlan çäkler tüsse çykan badyna ýangynyň dörändigini duýdurýan enjam ýalydyr. Şeýle meseleler babatda öňünden gepleşseň, duşuşmagyňyzy dowam etmelimi ýa-da däldigini bilersiň. Galyberse-de, durmuş guranyňda jynsy gatnaşykdan lezzet almak üçin, özüňe erk etmek, sabyrlylyk we başganyň peýdasyny gözlemek ýaly häsiýetler gerek (1 Korinfliler 7:3, 4).

      Elbetde, Hudaýyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşamak aňsat däl. Emma Ýehowa bil baglasaň, peýdaly maslahat berýändigine göz ýetirersiň. Sebäbi Işaýa 48:17-de Ýehowa özi barada şeýle diýýär: «Peýdaly zady öwredýän size, ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän Hudaýyňyz Reb Mendirin». Ýehowa saňa iň gowy zady isleýär!

      ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 24-NJI BABYNA SERET

      INDIKI BAPDA

      Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmeseň durmuşdan yza galmaýarsyň. Gaýtam, paýhasly hereket edýärsiň. Munuň sebäbini bil.

      [Çykgytlar]

      a Käbir ýurtlarda durmuş gurmadyklaryň köpçülikde bir-birine söýgi bildirmegi, ýagny el tutuşmagy hem-de gujaklaşmagy ýerliksiz hem utanç hasaplanýar. Hudaýyň gullukçylary başgalary büdretmez ýaly, şeýle zatlary göz öňüne tutmaly (2 Korinfliler 6:3).

      b Şu abzasda aýdylýan pikirler gyzlara-da, oglanlara-da degişli.

      ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN AÝATLAR

      «Söýgi... özüni gelşiksiz alyp barýan däldir». 1 Korinfliler 13:4, 5

      MASLAHAT

      Duşuşanyňyzda ýanyňyzda içünji adam bolsun ýa-da köpçülikde duşuşyň. Howply ýagdaýlardan, ýagny öýde ýa-da maşyn goýulýan duralga ýaly ýerlerde ikiçäk galmakdan seresap boluň!

      BILÝÄŇIZMI?

      Durmuş gurmak kararyna gelen bolsaňyz, jynsy gatnaşyk babatda açyk gepleşmeli. Ýöne jynsy höwesiňi oýarýan gürrüňler, hatda SMS ýa-da telefon arkaly bolsa-da, «azgynlyk» hasaplanýar.

      SEN NÄME ETMEKÇI?

      Erbet höweslerime garşy durmak üçin, men...

      Söýüşýänim haýasyz işleri etmäge yrjak bolsa, men...

      Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym:

      SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

      ● Duşuşýan wagtyň nähili çäkleri goýardyň?

      ● Ahlaksyzlygyň, azgynlygyň we haýasyz işleriň tapawudyny düşündir.

      [46-njy sahypadaky sitata]

      «Barjak oglanym bilen gatnaşyklarymyzy arassa saklamak hakda makalalary okaýarys. Olar ynsabymyzy kösejek işleri etmezlige kömek edýär. Biz olary gymmat saýýarys» Letisiýa

      [44-nji sahypadaky çarçuwa]

      Çäkden çykan bolsak näme?

      Eger çäkden çykyp, haýasyz işleri edip başlan bolsaň näme? Muny özüm çözerin diýip pikir etme! Bir gyz şeýle gürrüň berýär: «Muny indi gaýtalamazlyga kömek edäý diýip, Hudaýa ýalbarýardym. Ýöne bu hemişe kömek etmeýärdi». Şol sebäpli ene-ataňdan kömek sora. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda: «Ýygnak ýaşulularyny çagyryň» diýip, gowy maslahat berilýär (Ýakup 5:14). Çopana meňzedilýän doganlar öwüt-ündew we maslahat berip, saňa Hudaý bilen dostlugyňy dikeltmäge kömek eder.

      [47-nji sahypadaky surat]

      Ýangyn döreýänçä ýangyn duýduryjy enjamy goýmasaň nädogry bolar. Şonuň ýaly, çäk goýman höwesleriň güýjeýänçä garaşsaň akylsyzlyk bolar

  • Näme üçin durmuş gurýançam garaşamaly?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
    • 5-NJI BAP

      Näme üçin durmuş gurýançam garaşmaly?

      «Meni hemişe jynsy gatnaşyk etmäge yrjak bolýarlar». Keli

      «Şu wagta çenli hiç kim bilen ýatyp görmändigime utanýaryn». Jordan

      «ENTEGEM hiç kim bilen bolup görmediňmi?» diýen ýaly soraglar seni geň galdyrmagy mümkin. Käbir ýerlerde heniz durmuş gurmanka jynsy gatnaşyk etmedik ýaşlara «akja jüýje» diýýärler. Dogrudan-da, ýaşlaryň köpüsi ýetginjekkä ahlaksyzlyk edýärler.

      Içimden höwes, daşymdan täsir

      Eger sen Ýehowanyň Şaýady bolsaň, Hudaýyň «ahlaksyzlykdan gaça dur» diýen tabşyrygyny bilýänsiň (1 Selanikliler 4:3). Muňa garamazdan, saňa jynsy höwesleriňe erk etmek kyn bolýandyr. Pawel atly ýaş oglan: «Käte öz-özünden jynsy gatnaşyk etmek islegi döreýär» diýýär. Sende-de şeýle pikirler döreýän bolsa, alada etme, bu hemmelerde bolýar.

      Ýöne jynsy gatnaşyk edip görmändigiň üçin üstüňden gülenlerinde aňsat bolmaýar. Mysal üçin, oglanlar saňa «erkegem däl ekeniň», gyzlar bolsa «wiý, masgara, sen entegem gyzmy?» diýmekleri mümkin. Elen atly gyz şeýle diýýär: «Deň-duşlarym muňa lezzet beriji we adaty zat hökmünde garaýar. Eger sen biri bilen ýatmasaň, durmuşdan yza galak hasaplaýar».

      Ýöne dostlaryň we joralaryň durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmegiň erbet tarapyny aýdýan däldirler. Meselem, söýüşýäni bilen jynsy gatnaşyk eden Mariýa atly gyz şeýle diýýär: «Men gaty utanyp, eden işime ökündim. Men hem ony, hem özümi ýigrendim». Şeýle ýagdaýy köp ýaşlar başyndan geçirýär. Aslynda, durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etseň, ýüregiňe bitmejek ýara salýarsyň we ynsabyň köseýär.

      Şanda atly gyz şeýle sorag berýär: «Durmuş gurmazdan öň jynsy höwesiňi kanagatlandyrmaly däl bolsa, onda Hudaý näme üçin şol islegi berdi?» Gel, bu hakda oýlanyp göreli.

      Jynsy gatnaşyk etmek ýeke-täk güýçli islegmi? Ýok. Ýehowa Hudaý seni her dürli duýgular we islegler bilen ýaratdy.

      Her bir döreýän islegiňi şol bada kanagatlandyrmalymy? Ýok, Hudaý saňa özüňe erk etmek ukybyny berdi.

      Mundan näme öwrenip bolýar? Käbir islegleriň döremeginiň öňüni alyp bilmeseň-de, özüňe erk edip bilersiň. Her gezek gaharyň gelende kimdir birini urmagyň dogry bolmaýşy ýaly, jynsy islegiň güýjände hem ony her gezek kanagatlandyrmak nädogry we akylsyzlyk bolar.

      Hudaý adamlaryň jynsy organlaryny nädogry ulanmagyny islemeýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Siz mukaddes bolup, öz bedeniňize nädip erk etmelidigini we Hudaýa ýaramly ýaşamalydygyny bilmelisiňiz» diýilýär (1 Selanikliler 4:4). «Söýmegiň... ýigrenmegiň öz wagty» bolşy ýaly, jynsy gatnaşyk etmegiň ýa-da ondan saklanmagyň hem öz wagty bar (Wagyz kitaby 3:1—8). Nähili bolaýanda-da, höwesleriňe erk etmek özüňe bagly!

      Biri ýaňsylap, ynanmazçylyk bilen: «Entegem hiç kim bilen ýatyp göreňokmy?» diýse, çekinme! Seni kemsidip, üstüňden güljek bolýan adama: «Hawa, näme?! Soňam, bu meniň öz işim» ýa-da «Berýän soragyň nähili? Meniň ýanymda şeýle zatlary aýtma» diýip bilersiňa. Ýazgylarda: «Akylsyza akmaklygyna görä jogap berme, sen-de oňa meňzäýme. Duzuň nahary tagamly edişi ýaly, siziň hem sözleriňiz ýakymly bolsun. Şonda siz her kime nädip jogap bermelidigini bilersiňiz» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 26:4; Koloslylar 4:6). Eger onuň bilen gürrüňi dowam etmek isleseň, Mukaddes Ýazgylara esaslanan ynançlaryň hakda aýdyp bilersiň.

      Üstüňden gülmek üçin «Entegem hiç kim bilen ýatyp göreňokmy?» diýseler nähili jogap berjekdigiňi ýaz:

      ․․․․․

      Deňsiz-taýsyz sowgat

      Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmeklige Hudaý nähili garaýar? Göz öňüne getir, sen dostuň üçin sowgat satyn alýarsyň. Sowgady heniz bermänkäň, bilesigelijilik bilen ony açyp görse, özüňi nähili duýardyň? Elbetde, halamazdyň. Indi bolsa, durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etseň, Hudaýyň özüni nähili duýýandygyny göz öňüne getir! Ol seniň şeýle gatnaşykdan diňe durmuş guranyňdan soň lezzet almagyňy isleýär (Gelip çykyş 1:28).

      Jynsy gatnaşyk etmek islegi dörese näme etmeli? Özüňe erk etmegi öwren. Sen muny başararsyň! Bu hakda Ýehowa doga etseň, mukaddes ruh özüňe erk etmäge kömek eder (Galatýalylar 5:22, 23). Ýehowanyň «göni gezýänlerden hiç bir ýagşylygy gaýgyrmaýandygyny» ýatdan çykarma (Zebur 84:11). 20 ýaşly Gordan şeýle diýýär: «Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmegiň hiç hili erbetligi ýok diýen pikir kelläme gelende, munuň ruhy ýagdaýyma ýetirip biljek zyýany hakda oýlanýaryn. Onsoňam, günäli isleg üçin Ýehowa bilen dostlugyňy bozanyňa degmeýär».

      Dogrudanam, durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmäge bolaýmaly zat ýaly garamak nädogry. Sebäbi ol mertebäňi peseldýär, ynsabyňy köseýär we zyýan ýetirýär. Dünýäde giňden ýaýran garaýyşlaryň duzagyna düşüp, Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryna eýerip ýaşamak «nädogry» diýen sözlere aldanma. Galyberse-de, durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmeseň, duýgy hem-de fiziki taýdan sagdyn bolarsyň. Iň esasy zat bolsa, Ýehowa bilen dostlugyňy gorarsyň.

      ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 24-NJI BABYNA SERET

      [Çykgyt]

      a Isa-da Hirodes patyşanyň soraglaryna jogap bermedi (Luka 23:8, 9). Dawalaşjak bolup sorag berenlerinde jogap bermeseň, köplenç peýdaly bolýar.

      ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

      «Kimdir biri durmuş gurmazlygy ýüregine düwüp... gelen kararynda berk dursa, ol gowy edýändir». 1 Korinfliler 7:37

      MASLAHAT

      Ynanýan zatlaryňa garşy çykmasa-da, ahlak kadalary boýunça ýaşamaýanlar bilen dostlaşma.

      BILÝÄŇIZMI?

      Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmegi endik edinen adam, durmuş gurandan soňam endigini goýmaýar. Şonuň ýaly, durmuş gurmazdan öň Hudaýyň ahlak kadalary boýunça ýaşaýan adam, soňam ýanýoldaşyna wepaly bolar.

      SEN NÄME ETMEKÇI?

      Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmezlik üçin, men...

      Bu babatda dostlarym erbet täsir etse, men...

      Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym:

      SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

      ● Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmeýänleriň näme üçin üstünden gülýärler?

      ● Muny etmezlik näme üçin kyn bolup biler?

      ● Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmezligiň nähili peýdasy bar?

      ● Muny jigiňe nädip düşündirerdiň?

      [51-nji sahypadaky sitata]

      «Jynsy gatnaşyk etmek islegi dörände, hemişe Efesliler 5:5-däki: «Hiç bir ahlaksyz, ýigrenji... Hudaýyň Patyşalygyny miras almaz» diýen sözleri ýatlaýaryn» Lidiýa

      [49-njy sahypadaky surat]

      Bellik depderçäm

      Netijesi nähili bolar?

      Filmleri, telegepleşikleri çykarýanlar we deň-duşlaryň durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmegiň erbet netije berýändigini gizleýärler. Seniň pikiriňçe, bu nähili netije berer? Geliň, üç ýagdaýa seredeliň:

      ● Klasdaşyň köp gyz bilen ýatandygyny aýdyp öwünýär. Ol: «Bul-a hezil ekeni; hiç kime hiç zat bolmady» diýýär. Soň şol oglana we gyzlara näme bolar?

      ● Film durmuş gurmadyk iki ýetginjegiň bir-birini söýýändigini görkezmek üçin jynsy gatnaşyk etmegi bilen gutarýar. Munuň netijesi durmuşda nähili bolar?

      ● Sen owadanja oglan bilen tanyşýarsyň. Ol saňa bile ýataly we muny hiç kim bilmez diýýär. Sen onuň bilen razylaşsaň we muny gizleseň, netijesi nähili bolar?

      [54-nji sahypadaky surat]

      Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmek, sowgady berilmänkä açan ýalydyr

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş