61-nji aýdym
Men nähili adam bolmaly?
1. Eý Beýik Ýehowa, minnetdar saňa,
Ýagşylygyň çäksiz, berdiň ömür maňa.
Seň Sözüň bilen görýän içki dünýämi.
Haýyş, Ýehowa, kömek et, sapla meni.
Sensiz geçmez meniň aýym hem günüm,
Çünki men söýýärin kanunyňy seniň.
Bolup jandan-tenden saňa wepaly,
Gulluk ederin isleýşiň ýaly.
2. Maňa sen kömek et bilerim ýaly,
Meniň içki dünýäm nähili bolmaly?
Bolsak wepaly, senem bolýaň wepaly.
Kömek et maňa wepaly galar ýaly.
(Şeýle-de Zeb. 18:25; 116:12; 119:37; Sül. tym. 11:20 serediň.)