1-nji aýdym
Ýehowanyň häsiýetleri
1. Beýik Hudaý, güýjüňe ýok taý,
Ýaşaýyşdan bize berdiň bir paý.
Her işiňde görünýändir güýjüň,
Ol has görner bellän günüň.
2. Seniň tagtyň adalat tagty,
Öwredýärsiň bize hakykaty.
Seniň Sözüň gymmatly dürdäne,
Okan adam bolýar dana.
3. Ählisinden güýçlüdir söýgiň,
Bar zady sen berýärsiň bol-elin.
Seň şeýle häsiýetleriň hakda,
Aýdarys biz ähli halka.
(Şeýle-de Zeb. 36:9; 145:6—13; Ýak. 1:17 serediň.)