Terjimehal
Maşgalamyň galdyran mirasy meni baý etdi
ÝARYGIJEDI. Öňümizde uzynlygy 1, 6 km bolan güýçli akymly Niger derýasy uzalyp ýatyrdy. Nigeriýada graždanlyk urşy hasam möwç urýardy, şonuň üçin derýadan geçmek öz aýagyň bilen ölüme giden ýalydy. Ýöne biz şonda-da birnäçe gezek janymyzy howp astyna salyp, ondan geçdik. Meniň bu günlere nädip düşendigimi bilesiňiz gelýärmi? Onda men size dogulmazymdan öň bolan wakalardan gürrüň berip başlaýyn.
Kakam Jon Mils 1913-nji ýylda 25 ýaşyndaka, Nýu-Ýorkda suwa çümdürilýär. Şonda Rassel dogan suwa çümdüriljekler üçin nutuk bilen çykyş edipdi. Birnäçe wagtdan soň, kakam Trinidad adasyna gidýär we şol ýerde Mukaddes Ýazgylary yhlasly öwrenýän Kanstans Farmer atly uýa öýlenýär. Kakam dosty Wilýam R. Braun dogana «Ýaradylyş fotodramasyny» görkezmäge kömek edýär. Braun dogan aýaly bilen 1923-nji ýylda Günbatar Afrika bellenilýänçä, kakam ikisi bu iş bilen meşgul boldular. Kakam bilen ejem Trinidadda gulluk etdiler. Olaryň ikisem gökde ýaşamaga umyt edýärdi.
BIZI SÖÝGI BILEN KEMALA GETIREN ENE-ATAMYZ
Biz dokuz çagadyk, ene-atam iň uly doganymyň adyna Ruterford dakýar. Şol wagtlar «Garawul diňi, Mukaddes Ýazgylar we kitapçalar» jemgyýetiniň prezidenti Ruterford dogan bolupdy. 1922-nji ýylyň dekabr aýynyň 30-yna bolsa men doguldym; maňa-da şol wagtky «Altyn asyr» (häzirki ady «Oýanyň!») žurnalynyň makalalaryny ýazmaga gatnaşan Kleýton doganyň adyny dakdylar. Ene-atamyz biziň hemmämiziň bilimli bolmagymyzyň aladasyny etse-de, olar, esasan, öňümizde ruhy maksatlary goýmaga höweslendirýärdi. Ejem Ýazgylardan aýatlary getirip, bir zady subut etmäge gaty ökdedi. Kakam bolsa bize Mukaddes Ýazgylardaky wakalary gürrüň bermegi gowy görýärdi. Ol el-aýaklaryny hereketlendirip, wakalary janlandyryp görkezerdi.
Olaryň eden tagallasy gowy miwe berdi. Men iki oglan doganym bilen Gilead mekdebinde okadym. Gyz doganlarymyň üçüsi bolsa birnäçe ýyllap Trinidadda we Tobagoda pioner bolup gulluk etdi. Ene-atamyz bize tälim berip, gowy görelde görkezip, göçme manyda «Rebbiň öýünde» ösmäge kömek etdiler. Olaryň ruhlandyryjy sözleri «Hudaýymyzyň howlularynda» galmagymyza we has-da ruhy taýdan gülläp ösmegimize ýardam etdi (Zeb. 92:13).
Öýümizde wagyz gullugy üçin duşuşyklar geçirilýärdi; pionerler ýygnanyşýardy. Missioner bolup gulluk edýän kanadaly Jorj Ýang dogan köplenç Trinidada gelip, nutuk bilen çykyş edýärdi. Ejem bilen kakam soňra Günbatar Afrikada gulluk etmäge bellenen ýoldaşlary Braunslaryň maşgalasy barada höwes bilen gürrüň berýärdiler. Şu zatlaryň ählisi meni 10 ýaşymda wagyz edip başlamaga höweslendirdi.
ILKINJI WAGYZ EDEN ÝYLLARYM
Şol wagtlar biziň edebiýatlarymyzda ýalan din, açgöz söwda-satyk we parahor syýasy guramalaryň edýän işleri açyk paş edilýärdi. 1936-njy ýylda buthanadaky ruhanylaryň täsiri bilen hökümet Trinidadda edebiýatlarymyzyň ählisini gadagan etdi. Biz olary gizläp saklaýardyk, ýöne könelip ýyrtylýança ulanýardyk. Biz çakylyklary we plakatlary ulanyp, pyýada ýa-da tigirli topar bolup, ýörite ýörişleri gurnaýardyk. Sesi güýçlendirýän enjamly ulagda bolsa Tunapuna şäherinden Trinidadyň iň çet ýerlerine çenli wagyz edýärdik. Şol günler ýatdan çykmajak günlerdi! Şeýle ruhy çäreler meni 16 ýaşymda suwa çümdürilmäge höweslendirdi.
Tunapunada sesi güýçlendirýän enjamly ulagyň ýanynda
Maşgalamdan galan ruhy mirasym we çagalyk döwrüm başymdan geçen gyzykly wakalar missioner bolmak islegimi artdyrdy. 1944-nji ýylda men Aruba adasyna bardym we Edmund W. Kummings dogan bilen gulluk edip başladym. Emma missioner bolmak islegim henizem öz günüme goýanokdy. 1945-nji ýylda biz 10 adam bolup Ýatlama agşamyny geçirdik. Biz muňa diýseň begendik. Şondan bir ýyl geçende, adada ilkinji ýygnak döredildi.
Aýalym Oris bilen
Biraz wagtdan men tötänden işdeşim Oris Wilýamysa duşdum we oňa wagyz etdim. Oris öňki öwrenen taglymatlarynyň dogrudygyny subut etjek bolup jedelleşýärdi. Ýöne Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlanda, ol Hudaýyň Sözünde hakykatdan näme diýilýändigine düşündi we 1947-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda suwa çümdürildi. Wagtyň geçmegi bilen, biz bir-birimizi gowy görüp başladyk we soň toý etdik. 1950-nji ýylyň noýabr aýynda ol pioner gullugyna başlady. Aýalym Oris bilen durmuşym hasam manyly boldy.
NIGERIÝADAKY ÝATDAN ÇYKMAJAK WAGYZ
1955-nji ýylda bizi Gilead mekdebinde okamaga çagyrdylar. Oris ikimiz işimizden çykdyk, öýümizi we başga-da käbir zatlarymyzy satdyk we Arubadaky dogan-uýalar bilen hoşlaşdyk. 1956-njy ýylyň 29-njy iýulynda biz Gilead mekdebiniň 27-nji klasyny tamamladyk. Oris ikimizi Nigeriýada gulluk etmäge bellediler.
1957-nji ýylda Nigeriýanyň Lagos şäherinde Beýtel maşgalasy bilen
Geçen günlerimizi ýatlap, Oris şeýle diýýärdi: «Ýehowanyň mukaddes ruhy missioner gullugynda ýüze çykýan kynçylyklara hötde gelmäge kömek edýär. Adamymdan tapawutlylykda, men hiç haçan missioner bolup gulluk etmek islemändim. Maňa gezek galsa, öýde oturyp, çagalara serederdim. Ýöne hoş habary wagyz etmegiň gaty wajypdygyna düşünenimde, garaýşymy özgertdim. Gilead mekdebini tamamlanymyzda, men missioner bolup gulluk etmäge doly taýyndym. „Kuin Meri“ atly gämä münenimizde, Norr dogan bilen işleýän Worz Hornton dogan bize Beýtelde gulluk etjekdigimizi aýdyp, „Ýoluňyz ak bolsun!“ diýdi. Men: „Eý, Hudaý!“ diýip, uludan dem aldym. Ýöne men Beýteli derrew haladym, ol ýerde dürli borçlary ýerine ýetirdim. Beýtelde hasam halan işlerimiň biri kabulhanada gulluk etmekdi. Men adamlary gowy görýärdim, bu iş bolsa maňa Nigeriýadaky doganlar bilen gönüden-göni iş salyşmaga mümkinçilik berýärdi. Olaryň köpüsi gelende gaty ýadaw, aç-suwsuz, üsti-başy görer ýaly däldi. Olaryň aladasyny etmek we özlerini rahat duýar ýaly, gerek-ýarak zatlaryny tapyp bermek meniň üçin uly hormatdy. Bularyň ählisi Ýehowa edýän mukaddes gullugymyzyň bir bölegi bolansoň, maňa kanagat hem köp şatlyk berýärdi». Hawa, Ýehowanyň guramasynda ýerine ýetirýän her bir işimiz Oris ikimizi ruhy taýdan hasam baý etdi.
Bir gezek 1961-nji ýylda Trinidadda maşgalamyz bilen ýygnanyşanymyzda, Braun dogan Afrikada bolan käbir gyzykly wakalary gürrüň berdi. Soňra menem Nigeriýada wagyz işimiziň ösüşi barada aýtdym. Braun dogan mähir bilen elini egnime goýdy-da, kakama seredip: «Jon, ogluň senden öňürdäýdimi?!» diýdi. Kakamam: «Berekella, oglum! Berekella!» diýdi. Ruhy taýdan ösen we wagyz gullugynda ençeme wakalary başyndan geçiren bu doganlardan şeýle ruhlandyryjy sözleri eşitmek gullugymy soňuna çenli berjaý etmek islegimi hasam berkitdi.
Wilýam Braun (lakamy «Mukaddes Ýazgylar») we aýaly Antoniýa biziň üçin hakyky goldaw boldular
1962-nji ýylda men Gilead mekdebiniň 37-nji klasynda on aýlyk tälim bermek hormatyna eýe boldum. Nigeriýada soň filialyň gözegçisi bolup gulluk eden Wilfred Guç dogan Gilead mekdebiniň 38-nji klasynda okamaga çagyryldy we ony Angliýada gulluk etmäge bellediler. Ol gidensoň, meni Nigeriýadaky filiala gözegçi edip bellediler. Menem Braun doganyň göreldesine eýerip, Nigeriýadaky dogan-uýalary has gowy tanap we söýüp biler ýaly, köp syýahat edýärdim. Olar baý ýurtdaky adamlar ýaly, eşretli durmuşda ýaşamasa-da, olaryň durmuşdan razy bolup, şatlanyşyny göreniňde, manyly durmuşyň pula ýa baýlyga bagly däldigine düşünýärsiň. Ýaşaýşyny göz öňünde tutanyňda, olaryň ýygnak duşuşyklarynda arassa, salykatly we ýaraşykly geýnip gelýändigi hasam haýran galdyrýardy. Olaryň köpüsi kongrese ýük ulaglarynda we daş-töweregi açyk awtobuslarda gelýärdiler. Bu awtobuslarda köplenç üýtgeşik ýazgylar bolýardy. Olaryň birinde: «Kiçi damjalar ummany emele getirýär» diýip ýazylandya.
Gör, nähili jaýdar aýdylan sözler! Dogrudan-da, ujypsyz bolsa-da, her bir adamyň goşýan goşandy gaty wajyp. Bizem muňa goşant goşup bildik. 1974-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny hasap etmäniňde, Nigeriýa wagyzçylaryň sany 100 müňe ýeten birinji ýurt boldy. Ine, şuňa ösüş diýäýseň!
Wagyz işimiz össe-de, 1967—1970-nji ýyllar aralygynda Nigeriýada graždanlyk urşy gitdigiçe güýjeýärdi. Niger derýasynyň beýleki tarapynda ýerleşýän Biafranyň çägindäki dogan-uýalar filial bilen habarlaşyp bilmeýärdi. Biz olara diňe ruhy iýmiti eltip bilýärdik. Başda aýdyşym ýaly, biz köp doga edip we Ýehowa bil baglap, birnäçe gezek derýadan geçipdik.
Janymyzy howp astyna salyp, Niger derýasyndan geçişimiz şu günki gün ýaly ýadymda. Biz esgerleriň eline düşüp, keselläp ýa-da başga kynçylyklara uçrap bilýärdik. Sähel bir zat bolsa atmaga taýyn bolup duran esgerleriň ýanyndan geçdim diýeniňde, Biafran tarapdaky serhet gabawy ondanam beterdi. Bir gezek gije men Asabadan Oniça çenli gaýykda güýçli akýan Niger derýasyndan geçdim we Enugudaky gözegçileri ruhlandyrmaga gitdim. Başga bir gezek bolsa, biz Abadaky serhet gabawyndan geçip, doganlary berkitdik. Harkort gämi duralgasynda hem duşuşygymyzy howlukmaç doga bilen tamamlamaly bolduk. Sebäbi Nigeriýanyň goşuny Biafranyň daşyndaky gabawyny böwsüp geçdi.
Şol duşuşyklar dogan-uýalara Ýehowanyň olar hakda söýgi bilen alada edýändigini we bitaraplyk hem agzybirligi saklamak babatda gerekli maslahatlary bermek üçin gaty wajypdy. Nigeriýaly dogan-uýalar şol kyn döwürden sag-aman baş alyp çykyp bildiler. Olar tire-taýpalaryň arasyndaky ýigrenje garamazdan, bir-birine bolan söýgüsini we agzybirligini görkezýärdiler. Şol kyn pursatlar olaryň ýanynda bolup bilendigimize diýseň begenýäris!
1969-njy ýylda Milton Henşel dogan Nýu-Ýorkda Ýanki stadionynda geçirilen «Ýer ýüzünde parahatlyk» atly halkara kongresinde alyp baryjy bolup hyzmat etdi. Men onuň kömekçisi bolup, ondan köp zatlary öwrendim. Men tüýs wagtynda tälim alypdym, sebäbi biz 1970-nji ýylda Nigeriýanyň Lagos şäherinde «Hudaýy razy edýän adamlar» atly halkara kongresine gatnaşdyk. Graždanlyk urşunyň yzysüre şeýle kongresiň geçirilmegi Ýehowanyň halkyny ýalkaýandygyny görkezýärdi. Bu kongresi 17 sany dürli dilde gepleýän 121 müň 128 adam diňledi. ABŞ-dan we Angliýadan uçarda gelen Norr, Henşel we beýleki doganlar Pentikost gününden bäri mesihçileriň taryhynda iň köp suwa çümdürilen wakanyň şaýady boldular. Şol kongresde 3 müň 775 adam suwa çümdürildi. Şol kongresiň geçirilmegine kömek eden günlerim ýeňsämi gaşamaga elim degmeýärdi. Şonda wagyzçylaryň sany görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi!
«Hudaýy razy edýän adamlar» atly halkara kongresine 17 sany dürli dilde, şol sanda ibo dilinde gepleýän 121 müň 128 adam gatnaşdy
Nigeriýada 30 ýyldan gowrak gulluk edip, men etrap gözegçisi we Günbatar Afrikadaky filiallara aýlanýan sebit gözegçisi hem bolmak hormatyna mynasyp boldum. Missionerleriň her birine aýratyn üns berip, ruhlandyrmak göwnüňi bir gez belende göterýärdi. Şeýle-de olaryň gözden salynmaýandygyna ynandyrmak meniň üçin hem, olar üçin hem gowy bolýardy. Bu iş maňa adamlara Ýehowanyň guramasynda agzybirligi saklap, bar güýji bilen gulluk etmäge kömek eder ýaly, olar bilen ýürekden gyzyklanmalydygyny öwretdi.
Graždanlyk urşunyň hem-de keselçiligiň ýetiren zyýanyny diňe Ýehowanyň kömegi bilen ýeňip bildik. Ýehowanyň bizi patalaýandygy hemişe aýdyň görünýärdi. Oris bu hakda şeýle diýdi:
«Adamym ikimiz birnäçe gezek gyzzyrma (malýariýa) keseline uçrapdyk. Bir gezek Worz huşundan gidip, Lagosdaky keselhana düşdi. Maňa onuň öljekdigini aýtdylar, ýöne bagtyma oňa hiç zat bolmady. Ol huşuna gelensoň, özüne seredýän lukmana Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berdi. Soňra men Mukaddes Ýazgylardaky hakykatlara islegini artdyrmak üçin Worz bilen ony ýene-de ideg etdim. Ol hakykaty kabul etdi, soňra Aba adasynda ýygnak ýaşulusy edip bellendi. Men başga-da köp adamlara, hatda dinine gaty berlen musulmanlara-da Ýehowanyň gullukçysy bolmaga kömek edip bilendigime begenýärin. Ýöne nigeriýaly adamlary, olaryň medeniýetini, däp-dessurlaryny we dilini gowy bilip, şol adamlary söýmek hasam şatlyk berýärdi ».
Şeýle-de biz daşary ýurtda gulluk edip, medeniýeti özümiziňkiden düýpgöter tapawutlanýan dogan-uýalary hem söýmegi öwrendik.
TÄZE BORÇLAR
Nigeriýanyň Beýtelinde gulluk edenimizden soň, 1987-nji ýylda bizi Karib adalaryndaky owadan Sent-Lusiýa adasyna missioner edip bellediler. Elbetde, gullugyň bu görnüşine taý geljek zat ýokdy. Ýöne şol bir wagtyň özünde täze kynçylyklaryň hem boljakdygyny bilýärdik. Afrikada erkek adamlar köp aýala öýlenýärdiler. Olardan tapawutlylykda, Sent-Lusiýa adasynda adamlar bir aýal bilen ýaşasa-da, olaryň nikasy ýokdy. Hudaýyň Sözüniň kömegi bilen, okuw geçýänlerimiziň köpüsi bu babatda gerekli özgerişikleri etdiler.
Söýgüli aýalym Oris bilen 68 ýyl bile ýaşadyk
Ýaşymyz birçene ýetende bolsa, 2005-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty bizi Bruklindäki (Nýu-Ýork, ABŞ) baş edaramyza belledi. Men aýalym Orisi berendigi üçin Ýehowa her gün minnetdarlyk aýdýaryn. 2015-nji ýylda ol aradan çykdy. Onuň ýitgisini söz bilen beýan edip bilmeýärin. Ol maňa gowy ýoldaşdy, wepaly hem mähirli zenandy. Men ony juda gowy görýärdim, biz 68 ýyl bile ýaşadyk. Biz maşgalada bolsun ýa-da ýygnakda bolsun, tapawudy ýok, bagtly bolmak üçin baştutanlyk prinsipine hormat goýmalydygyna, birek-biregi ýürekden bagyşlamalydygyna, pesgöwünlilik ýaly ruhuň miwelerini görkezmelidigine göz ýetirdik.
Berýän gurbanlarymyz Ýehowa ýaramly bolar ýaly, ruhdan düşenimizde ýa-da lapykeç bolanymyzda, hemişe ondan kömek soraýardyk. Biz nähili özgerişiklik bolsa-da, ony kabul edýärdik we munuň diňe gowulyga eltýändigini gördük. Şeýle gowy özgerişikler gelejekde-de bolar (Iş. 60:17; 2 Kor. 13:11).
Trinidadda we Tobagoda Ýehowa enem-atamyň we beýleki dogan-uýalaryň eden tagallasyny bolluk bilen patalady. Soňky hasabata görä, 9 müň 892 adam hakyky seždä goşuldy. Arubada bolsa köp dogan-uýalar şol ýerdäki täze dörän ýygnagy berkitmek üçin köp tagalla etdiler. Häzir şol adada ruhy taýdan gowy ösüş edýän 14 sany ýygnak bar. Nigeriýa barada aýtsak, bu ýerde wagyzçylaryň sany 381 müň 398-e ýetdi. Sent-Lusiýa adasynda hem 783 sany dogan-uýa Ýehowanyň Patyşalygyny yhlas bilen goldaýar.
Häzir men 90 ýaşymda. Zebur 92:15-de Ýehowanyň öýünde ekilen adamlar barada şeýle diýilýär: «Olar garrylykda-da miwe berer, suwly we ter bolar». Bütin ömrümi Ýehowa gulluk edip geçirendigime begenjimiň çägi ýok. Hawa, alan baý ruhy mirasym meni Ýehowa doly gulluk etmäge höweslendirdi. Ýehowa bolsa wepaly söýgüsi bilen, «(Onuň) howlularynda... güllemäge» mümkinçilik berdi (Zeb. 92:13).
a 1972-nji ýylyň mart aýynyň 8-ine çykan «Oýanyň!» žurnalynyň 24—26-njy sahypalaryna serediň.