ÖWRENILÝÄN MAKALA 31
Biz ruhdan düşmeýäris!
«Ruhdan düşmeýäris» (2 Kor. 4:16).
24-NJI AÝDYM Umytda berk duruň
MAKALANYŇ MAZMUNYa
1. Mesihçiler pellehana ýetmek üçin näme etmeli?
MESIHÇILER ebedi ýaşaýşa ýetmek üçin ylgaýar. Biz ýaňy ylgap başlasak-da, ençeme ýyldan bäri ylgaýan bolsak-da, pellehana ýetmek üçin jan etmeli. Pawlusyň filipililere beren maslahaty pellehana ýetýänçäk ylgamaga kömek edýär. Filipidäki dogan-uýalaryň käbiri Ýehowa ençeme ýyldan bäri sežde edip, ýaşaýyş ýolunda ylgasa-da, Pawlus çydamly ylmagyň wajypdygyny ýatlatdy. Pawlus özünden görelde alyp, pellehana ýetmek üçin ylgamaga höweslendirdi (Flp. 3:14).
2. Pawlusyň haty näme üçin filipilileri ruhlandyrdy?
2 Pawlusyň ýazan haty filipilileri ruhlandyran bolmaly. Sebäbi Filipi şäherinde mesihçiler ýygnagy döräli bäri yzarlamalaryň yzy üzülmeýärdi. Yzarlamalar b. e. 50-nji ýylynda başlandy. Şol ýyl Pawlus görnüş görýär we Silas bilen Makedoniýanyň Filipi şäherine wagyz etmäge gidýär (Res. 16:9). Lidiýa atly aýal olary «ünsli diňleýär, sebäbi Ýehowa onuň ýüregini açypdy» (Res. 16:14). Şeýlelikde, Lidiýa maşgalasy bilen suwa çümdürilýär. Emma Şeýtan hem goluny gowşuryp oturmaýar. Adamlar Pawlus bilen Silasy süýräp, şäher häkimleriniň öňüne getirýärler we olara töhmet atýarlar. Pawlus bilen Silasy ýenjip, türmä basýarlar, soňra şäherden gitmegi buýurýarlar (Res. 16:16—40). Emma Pawlus bilen Silas ruhdan düşmeýär. Filipidäki täze dörän ýygnagyň agzalary hem ruhdan düşmeýär. Sebäbi Pawlus bilen Silas gowy görelde galdyryp, olary ruhlandyrýar.
3. Pawlus nämä düşünýärdi? Biz haýsy soraglara serederis?
3 Pawlus ruhdan düşmezligi ýüregine düwüpdi (2 Kor. 4:16). Ol pellehana ýetmek üçin aljak sylagy hakda oýlanmagyň wajypdygyna düşünýärdi. Biz Pawlusdan näme öwrenip bileris? Dogan-uýalaryň göreldesi kynçylyklara döz gelmäge nädip kömek edýär? Çydamly ylgar ýaly näme üçin aljak sylagyň hakda oýlanmaly?
PAWLUSYŇ GÖRELDESI
4. Pawlus nädip yhlasly wagyz edýärdi?
4 Pawlus filipililere hat ýazanda nirededi? Ol Rimde öý tussaglygyndady. Pawlus başga ýere gidip wagyz edip bilmese-de, öýüne gelen adamlara hoş habary gürrüň berýärdi we ýygnaklara hat ýazýardy. Şu günlerem käbir dogan-uýalar garrylyk we keselçilik sebäpli öýünden çykyp bilmeýärler. Olar Pawlusyň göreldesine eýerip, öýüne gelenlere wagyz edýärler we öýünde tapyp bolmaýan adamlara ruhlandyryjy hatlary ýazýarlar.
5. Filipililer 3:12—14-nji aýatlara görä, Pawlusa aljak sylagyny unutmazlyga näme kömek etdi?
5 Pawlus öňki gazanan üstünlikleri ýa-da eden günäleri sebäpli ylgaw ýolunda badyny gowşatmady. Ol yzda galan zatlary unudar ýaly, öňdäki zatlary almaga jan etmegiň we pellehana çenli ylgamagyň wajypdygyny aýtdy (Filipililer 3:12—14-nji aýatlary okaň). Pawlusyň badyny näme gowşadyp bilerdi? Birinjiden, Pawlusyň at-abraýy. Ol ýehudy dininiň hormatlanýan adamy bolsa-da, ähli zady «zir-zibil hasaplady» (Flp. 3:3—8). Ikinjiden, Pawlusyň eden günäleri. Ol mesihçileri yzarlandygy üçin özüni günäkär duýup, göwnüçökgünlige düşmedi. Üçünjiden, Pawlusyň Ýehowa üçin eden işleri. Ol Ýehowa üçin köp işleri etdim, indi dynç alaýyn diýmedi. Pawlus türmede otursa-da, urulsa-da, daşlansa-da, gämi heläkçiligine uçrasa-da, aç-suwsuz we ýarym-ýalaňaç bolsa-da, yhlasly wagyz etdi (2 Kor. 11:23—27). Pawlus Ýehowa üçin köp işleri etse-de, ejir çekse-de, badyny gowşatman ylgamalydygyna düşünýärdi. Bizem onuň göreldesine eýermeli.
6. «Yzda galan zatlara» nämeler degişli?
6 Biz Pawlus ýaly «yzda galan zatlary» nädip unudyp bileris? Käbirimiz eden günälerimizi ýatlap ruhdan düşýändiris. Eger şeýle bolsa, Mesihiň töleg gurbany hakdaky makalalary köpräk okasak gowy bolar. Töleg gurbany barada okasak, oýlansak we doga etsek, kalbymyzda rahatlyk duýarys. Ýehowanyň bagyşlandygyna düşünip, özümizi günäkärlemeris. Pawlusdan ýene näme öwrenip bileris? Käbirimiz Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin ýokary wezipeden ýüz öwrendiris. Eger biz öňki durmuşymyz hakda oýlansak, geçen zatlarymyza ökünsek, yzda galan zatlary unudyp bilmeris (4 Mus. 11:4—6; Nes. 7:10). Şeýle-de «yzda galan zatlara» öň Ýehowa gulluk edip, gazanan üstünliklerimiz ýa-da synaglarda berk durup, Hudaýa wepaly galanymyz hem degişli. Elbetde, Ýehowanyň şol günler beren goldawy we bereketleri barada oýlansak, Onuň bilen ýakyndan dostlaşyp bileris. Emma Ýehowa üçin köp işleri etdim, indi dynç alsamam bolar diýip yhlasyňy gowşatmaly däl (1 Kor. 15:58).
Biz ylgaw ýaryşynda ünsümizi başga zatlara sowmaly däl we sylagymyz hakda oýlanmaly (7-nji abzasa serediň)
7. 1 Korinfliler 9:24—27-nji aýatlara görä, ýeňiş gazanmak üçin näme etmeli? Mysal getiriň.
7 Pawlus Isanyň: «Jan ediň» diýen sözlerine gowy düşünýärdi (Luka 13:23, 24). Ol Isa ýaly ömrüniň ahyryna çenli jan etmelidigini bilýärdi. Pawlus mesihçileri türgen bilen deňeşdirdi (1 Korinfliler 9:24—27-nji aýatlary okaň). Ýaryşa gatnaşýan türgen näme maksat bilen ylgaýandygyny bilýär we hiç zada üns bermän ylgaýar. Aýdaly, şäherde ylgaw ýaryşy geçirilýär. Türgen ýoluň ugrundaky dükanlara ýa-da başga zatlara seredip dursa, ýeňiş gazanarmy? Ýok! Bizem ylgaw ýolunda ünsümizi başga zatlara sowmaly däl. Eger biz Pawlus ýaly Ýehowa yhlasly gulluk etsek, aljak sylagymyz barada oýlansak, hökman pellehana ýeteris.
IMANYŇYZ GOWŞAMASYN
8. Haýsy üç ýagdaý badymyzy gowşadyp biler?
8 Geliň, badymyzy gowşadýan üç ýagdaýa seredeliň: tamaň puja çykmagy, güýç-kuwwatyň gaçmagy we yzy üzülmeýän synaglar. Şeýle synaglara döz gelen dogan-uýalar bilen bolan käbir wakalara seredeliň. Olaryň göreldesi biziň imanymyzy berkider (Flp. 3:17).
9. Tamaň puja çyksa näme bolýar?
9 Tamaň puja çykmagy. Biz Ýehowanyň wadalaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Habakuk pygamber hem Ýahudadan erbetligiň haçan aýryljagy barada Ýehowadan sorapdy. Ýöne Ýehowa pygambere: «Garaş!» diýdi (Hab. 2:3). Biziň hem tamamyz puja çykýan ýaly görünse, badymyz gowşar, hatda ruhdan düşeris (Nak. 13:12). XX asyryň başlarynda käbir dogan-uýalar hem şeýle ýagdaýa düşüpdi. Şol döwürde saýlanan mesihçiler, ýagny mesh edilen dogan-uýalar 1914-nji ýylda gökdäki sylagyny alarys öýdýärdiler. Olaryň tamasy puja çykdy. Şonda wepaly mesihçiler näme etdiler?
Roýal Spats bilen aýalynyň tamasy puja çyksa-da, onlarça ýyl Hudaýa wepaly gulluk etdiler (10-njy abzasa serediň)
10. Är-aýalyň tamasy puja çykanda näme etdi?
10 Geliň, Hudaýa wepaly iki mesihçi hakda gürrüň edeliň. Doganymyz Roýal Spats 1908-nji ýylda 20 ýaşlarynda suwa çümdürilýär. Ol tizden gökdäki sylagyny aljakdygyna ynanýardy. Şonuň üçin 1911-nji ýylda gelinligi Perle şeýle diýdi: «1914-nji ýylda näme boljakdygyny gowy bilýärsiň. Çaltrak toý edeli!» Olaryň tamasy 1914-nji ýylda puja çykanda, ylgamagyny goýdularmy? Ýok! Sebäbi olar Allanyň wada beren sylagyny däl-de, onuň islegini berjaý etmegi wajyp hasaplap, çydamlylyk bilen ylgamagy ýüregine düwdüler. Olar Hudaýa wepaly boldular we onlarça ýyllap yhlasly wagyz edip, ýerdäki ömrüni tamamladylar. Belki, sizem Ýehowanyň adyny aklap, adalatly Hökümdardygyny subut etjek we wadalaryny ýerine ýetirjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýansyňyz. Ýehowa bellän wagtynda niýetini hökman amala aşyrar. Şonuň üçin tamamyz puja çyksa-da, ruhdan düşmäliň, yhlasly wagyz edeliň.
Artur Sekord dogan garrylyk çagyna ýeten hem bolsa, Ýehowa üçin elinde baryny etmek isleýärdi (11-nji abzasa serediň)
11, 12. Güýç-kuwwatdan gaçsak-da näme üçin ruhdan düşmeli däl? Mysal getiriň.
11 Güýç-kuwwatyň gaçanda. Türgenler sagdyn we güýçli bolýar. Emma biz tut ýaly sagdyn bolmasak-da, ruhy taýdan berkäp bilýäris. Käbirleri ýarawsyz bolsa-da, elinde baryny edip, yhlasly gulluk edýärler (2 Kor. 4:16). Meselem, doganymyz Artur Sekordb 55 ýyl Beýtelde gulluk etdi. Ol 88 ýaşynda güýç-gurbatdan gaçdy. Doganymyza seredýän şepagat uýasy ýanyna gelip, mähir bilen şeýle diýdi: «Sekord dogan, siz Ýehowa üçin köp zatlar eden bolsaňyz gerek!» Emma Artur dogan geçmişi bilen ýaşamaýardy. Ol uýamyza seredip, ýylgyrdy-da: «Dogry aýdýaň. Ýöne biziň eden işlerimiz däl-de, soňuna çenli Alla wepaly galmagymyz has wajyp» diýdi.
12 Belki, siz Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk edýänsiňiz. Indi bolsa garrylyk, keselçilik sebäpli öňkiňiz ýaly wagyz edip bilýän dälsiňiz. Ruhdan düşmäň! Ýehowanyň siziň wepaly gullugyňyzy ýatlap begenýändigini unutmaň (Ýew. 6:10). Ýehowa siziň wepalylygyňyzy wagyz sagatlaryňyz bilen kesgitlemeýär. Eger biz dogry garaýyşda bolsak, elimizde baryny edip wagyz etsek, Allany söýýändigimizi görkezeris (Kol. 3:23). Ýehowa mümkinçiligimiziň çäklidigini bilýär, güýjümizden artyk zady talap etmeýär (Mar. 12:43, 44).
Anatoliý Melnik bilen aýaly synaglara garamazdan Ýehowa wepaly gulluk edýärler (13-nji abzasa serediň)
13. Anatoliý we Lidiýanyň göreldesi kynçylyklara garamazdan yhlasly gulluk etmäge nädip kömek edýär?
13 Yzy üzülmeýän synaglar. Käbir mesihçiler onlarça ýyl bäri yzarlamalara we kynçylyklara döz gelýärler. Meselem, 12 ýaşly Anatoliý Melnikc doganyň kakasyny tussag edýärler, soňra Moldowadan 7 000 km uzakda ýerleşýän Sibire sürgün edýärler. Bir ýyl soňra Anatoliýni, ejesini, mamasyny we babasyny Sibire sürgün edýärler. Köp wagt geçmänkä, olar başga obadaky ýygnaga gatnap başlaýarlar. Ýöne olar aýazly howada garly ýollardan 30 km ýöremeli bolýardylar. Soňra Anatoliý dogany türmä basyp, aýaly Lidiýadan we bir ýaşly gyzjagazyndan aýra salýarlar. Yzy üzülmeýän synaglara garamazdan, Anatoliý maşgalasy bilen Ýehowa wepaly galýar. Häzir Anatoliý 82 ýaşynda we Merkezi Aziýanyň filial komitetinde gulluk edýär. Geliň, bizem Anatoliý we Lidiýa ýaly elimizde baryny edip, Ýehowa yhlasly gulluk edeliň. Bizem hemişe kynçylyklara döz gelip, Hudaýa wepaly galalyň (Gal. 6:9).
ALJAK SYLAGYŇYZY UNUTMAŇ!
14. Pawlus sylag almak üçin näme etmelidi?
14 Pawlus pellehana ýetip, sylag aljakdygyna ynamlydy. Ol «Hudaýyň... berjek sylagyny, ýagny gökdäki ýaşaýşy» aljak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýardy, ýöne munuň üçin jan etmelidigine düşünýärdi (Flp. 3:14). Pawlus Filipidäki mesihçilere sylag hakda oýlanmagyň wajypdygyny mysal arkaly düşündirdi.
15. Pawlus Filipidäki mesihçileri haýsy mysal arkaly ruhlandyrdy?
15 Pawlus Filipidäki mesihçilere: «Biz gögüň raýaty» diýip ýatlatdy (Flp. 3:20). Näme üçin? Şol döwürde Rimiň raýaty bolmak uly hormat hasaplanýardyd. Ýöne saýlanan mesihçiler has uly hormata eýe bolup, ýokary hökümetiň raýaty boldular. Olaryň aljak berekedi bilen deňeşdireniňde, Rimiň raýaty bolmak hiç zat bolup galýardy. Şonuň üçin Pawlus Filipidäki mesihçilere: «Mesih baradaky hoş habaryň raýatlary hökmünde ýaşaň» diýip maslahat berdi (Flp. 1:27, çykgyt). Şu günlerem saýlanan mesihçiler gökdäki sylagyny almak üçin yhlasly gulluk edýärler.
16. Filipililer 4:6, 7-nji aýatlara görä näme etmeli?
16 Gökde ýa-da ýerde ebedi ýaşamaga umyt edýän mesihçileriň ählisi sylag almak üçin ylgamaly. Şol sebäpli Ýehowa gulluk etmek üçin ýüz öwren zatlarymyza gynanmalyň we Hudaýa yhlasly gulluk etmäge hiç zada päsgel berdirmäliň (Flp. 3:16). Belki, biz Ýehowanyň beren wadasynyň ýerine ýetmegine köp ýyldan bäri garaşýandyrys. Ýa-da Ýehowa öňkimiz ýaly gulluk etmäge güýjümiz ýokdur. Megerem, yzy üzülmeýän kynçylyklara we yzarlamalara döz gelýändiris. Näme bolaýanda-da, «hiç zadyň aladasyny etmäň», Hudaýa dileg ediň, ýalbaryň. Ol size ynsan düşünjesinden ýokary bolan parahatlygy berer (Filipililer 4:6, 7-nji aýatlary okaň).
17. Indiki makalada näme barada gürrüň ederis?
17 Türgen pellehana ýetmek üçin bar güýji bilen ylgaýar, edil şonuň ýaly bizem ebedi ýaşaýşa ýetmek üçin ünsümizi başga zatlara sowman, aljak sylagymyz hakda oýlanalyň. Geliň, ýagdaýymyz çäkli bolsa-da, elimizde baryny edip, Jennete çenli ylgalyň! Ýaşaýyş ýolundan sowulmazlyga we badymyzy gowşatmazlyga näme kömek eder? Indiki makalada maksat goýmak we «iň wajyp zatlara düşünmek» hakda gürrüň ederis (Flp. 1:9, 10).
139-NJY AÝDYM Olara berk durmaga kömek ediň
a Biz Ýehowa ençeme ýyldan bäri sežde edýän hem bolsak, ruhy taýdan ösmeli we yhlasly wagyz etmeli. Pawlus resul dogan-uýalara ruhdan düşmäň diýip maslahat berdi. Pawlusyň filipililere ýazan haty ebedi ýaşaýşa eltýän ýolda çydamly ylgamaga kömek edýär. Şu makalada Pawlusyň maslahatyna nädip eýerip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.
b Artur Sekord doganyň terjimehaly «Garawul diňi» žurnalynda çap edildi (w65-E 15/06).
c Anatoliý Melnik doganyň terjimehaly «Oýanyň!» žurnalynda çap edildi (g04-U 22/10).
d Filipi şäheri Rimiň golastyndady, şäheriň ilaty Rimiň raýaty hasaplanýardy. Şonuň üçin Pawlusyň mysaly olara tanyşdy.