Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 2/08 sah. 8
  • Berk imanyň şaýady

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Berk imanyň şaýady
  • Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Meňzeş maglumat
  • «Hemme milletlere güwälik»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Biz «soňky günlerde» ýaşaýarys
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Hudaýa gullugymyz — 2008
km 2/08 sah. 8

Berk imanyň şaýady

1. Isa nähili gorkunç wakalar barada pygamberlik etdi?

1 Resullar Isanyň barlygy we onuň zalym dünýäniň soňy baradaky gürrüňini ünsli diňlediler. Adamlara uruş, açlyk, ýer titreme, gyrgynçylyk ýaly gorkunç wakalar garaşýardy. Soňra Isa şägirtleriniň ýigreniljekdigi we gaýga basdyrylyp, öldüriljekdigi barada aýtdy. Ençeme ýalan pygamberler döräp, köpleri azdyrmalydylar. Köp adamlaryň söýgüsi sowamalydy.

2. Hoş habaryň bütin dünýäde wagyz edilýändigi näme üçin täsin?

2 Ýokarky aýdylan wakalara garamazdan, Hudaýyň Patyşalyk baradaky hoş habary dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler diýip, Isanyň aýdan sözleri resullary geň galdyran bolmaly (Mat. 24:3—14). Şu günler biz bu pygamberligiň täsin ýerine ýetişini görýäris. Ýehowanyň Güwäçileri bu kyn döwürde ýaşasa-da, hoş habary yhlasly wagyz edýärler. Bu zalym dünýäde söýgi sowaýar, biziň söýgimiz bolsa barha güýçlenýär. «Hemme milletler» bizi ýigrense-de, biz her milletiň arasynda wagyz edýäris.

3. Sizi bütindünýä hasabatyndaky haýsy gazanylan üstünlikler begendirýär?

3 3—6-njy sah. jedweldäki Ýehowanyň Güwäçileriniň soňky wagyz gulluk ýylynyň hasabaty, örän ruhlandyrýar! Soňky on alty ýylyň dowamynda wagyz we şägirt taýýarlamak işine bir milliarddan gowrak sagat sarp edildi. Bu Ýehowanyň Güwäçileriniň berk imanyny subut edýär! Pionerleriň sany 5,8 göterim, wagyzçylaryň sany 3,1 göterim we Mukaddes Ýazgylar okuwy 4,4 göterim köpeldi. Geçen ýyl öňki ýyla garanyňda, suwda çokundyrylanlaryň sany 20,1 göterim köpeldi. Adamzat taryhynyň beýleki döwürlere garanyňda, şu günler has köp, ýedi millona golaý adamlaryň Ýehowa wapaly gulluk edýändigi, örän tolgundyrýar! Jedwelide sizi aýratynam näme begendirýär?

4. Bir adam suwda çokundyrymazdan öň haýsy endiklerin taşlamagy başardy?

4 Jedweldäki sanlar bizi täsin gadyrsa-da, olaryň aňyrsynda imanyny iş ýüzünde subut eden adamlaryň durandygyny unutmaly däl. Bir mysala seredeliň. Gilýermon Boliwiýada önüp-ösdi. Ol 1935-nji ýylda eneden doglup, dokuz ýaşyndan koka plantasiýasynda işleýär. Oglanlykdan bäri ol agyr zähmetden ejir çekip, koka ýapraklaryny çeýneýärdi. Soňra ol çenden aşa alkagol içgilerini içip, çilim çekmäge başlady. Gilýermon Ýehowanyň näme talap edýändigini biliýenden soň, içgmegini we çekmegini goýdy. Emma oňa kokanyň ýapraklaryny çeýnemek endigini goýmak kyn düşýär. Ýöne ol Ýehowa dyngysyz doga edip, bu endigini goýmagy başardy. Gilýermon erbet endiklerini taşlandan soň suwda çokundyryldy. Ol şeýle diýýär: «Indi men arassa we örän bagtly».

5. Siz nämäni isleýärsiňiz?

5 Ýehowa adamlaryň abadançylykda ýaşamagynyň aladasyny edýär. Ol ähli adamlaryň toba gelmegini isleýär (2 Pet. 3:9). Biz-de şony isleýäris. Akýürekli adamlaryň biziň bilen bile Ýehowany tanap, ony söýer ýaly, goý, ýüregimiz bizi, olara mundan hem beýläk elimizden gelen kömegi bermäge höweslendirsin!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş