Biz Ýehowa berip bileris
1 Siz adamlaryň Hudaýa bir zat berip bilýändigini bilýärsiňizmi? Habyl sürüsinden Ýehowa bir mal sowgat berdi. Şeýle gurbany Nuh bilen Eýýup hem Ýehowa beripdi (Bar. 4:4; 8:20; Eýýup 1:5). Elbetde, Ýaradyjyny şeýle sowgatlar baýatmaýar, sebäbi ol ähli zadyň eýesi. Emma wepaly gullukçylaryň berýän gurbanlary Hudaýa bolan çuňňur söýgüsini görkezýär. Şu günler biz Ýehowa «öwgi gurbanlaryny» bermek üçin wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi sarp edip bileris (Ýew. 13:15).
2 Wagt. Ähmiýetsiz zatlardan wagty «satyn alyp, TD» ony wagyz işine sarp etmek, öwgä mynasypdyr (Efes. 5:15, 16). Belki, gün tertibimizi üýtgedip, ýylda bir ýa-da birnäçe aý kömekçi pioner bolup gulluk edip bileris. Ýa-da wagza sarp edýän watymyzy köpeldip bileris. Her hepde otuz minut köpräk wagyz etsek, aýda azyndan iki sagat artyk wagyz ederis.
3 Güýç. Ýehowa iň gowusyny bermek üçin, ähli güýjümizi alýan işden we göwün açmalardan gaça durmaly. Şeýle-de «ýüregimizi çökerip», Hudaýa gulluk etmäge güýç galdyrmaýan aladalarymyzyň hötdesinden gelmeli (Sül. tym. 12:25). Eger-de aladalanmaga hakykatdanam sebäp bar bolsa, «ýükümizi Rebbiň üstüne taşlasak» gowy bolar! (Zeb. 55:22; Flp. 4:6, 7).
4 Pul serişdesi. Biz wagyz işini goldamak üçin pul serişdesini hem berip bileris. Pawlus resul imandaşlaryna mätäçleri yzygiderli goldamak üçin «pul süýşürmegi» maslahat berdi (1 Kor. 16:1, 2). Şonuň ýaly biz-de ýygnagyň zerurlyklaryna we bütindünýä wagyz işine pul süýşürip bileris. Biz az bersek-de, ýöne ýürekden bersek, Ýehowa ony gymmat hasaplaýar (Luka 21:1—4).
5 Ýehowa bize köp zatlar berýär (Ýakup 1:17). Biz oňa gulluk etmek üçin jomartlyk bilen güýjümizi, wagtymyzy we serişdämizi sarp etsek, minnetdarlygymyzy bildirýäris. Bu Ýehowa ýaraýar, sebäbi ol «begenç bilen bereni söýýändir» (2 Kor. 9:7).