Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lv bap 13 sah. 144—159
  • Hudaýa ýaramaýan baýramçylyklar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýa ýaramaýan baýramçylyklar
  • «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • NOWRUZ BAÝRAMYŇ GELIP ÇYKYŞY
  • ISANYŇ TÖLEG GURBANYNA IMAN ET
  • MUKADDES ÝAZGYLARDA DOGLAN GÜN BARADA NÄME DIÝILÝÄR?
  • HUDAÝ ORAZA TUTMAGY TALAP EDÝÄRMI?
  • TÄZE ÝYL BAÝRAMYŇ DÖREÝŞI
  • TOÝUŇYZ ARASSA BOLSUN
  • TOSTYŇ DINI MANYSY BARMY?
  • ÝEHOWANY «SÖÝÝÄNLER ÝAMANLYGY ÝIGRENIŇ»
  • HUDAÝY SÖZDE WE IŞ ÝÜZÜNDE ŞÖHRATLANDYR
  • Hakyky seždäni kabul et
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Baýramçylyklary bellese bolýarmy?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin doglan günleri bellemeýärler?
    Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar
«Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
lv bap 13 sah. 144—159
Ogly ata-enesiniň beren sowgadyny açýar

13-NJI BAP

Hudaýa ýaramaýan baýramçylyklar

«Hudaýa nämäniň ýaraýandygyny elmydama biljek boluň» (EFESLILER 5:10).

1. Ýehowa nähili adamlary özüne çekýär we olar näme üçin ruhy taýdan oýa bolmaly?

ISA şeýle diýdi: «Hakyky sežde edýanleriň Atamyza ruhda we hakykatda sežde etjek wagty gelýär we eýýäm gelendir. Sebäbi Atamyz Özüne şeýle sežde etmek isleýän adamlary agtarýar» (Ýahýa 4:23). Ýehowa şeýle adamlary şol sanda seni hem tapyp, özüne we Ogluna ýakynlaşdyrýar (Ýahýa 6:44). Bu nähili hormat! Emma Mukaddes Ýazgylaryň hakykatyny söýýän adamlar «Hudaýa nämäniň ýaraýandygyny elmydama biljek boluň», sebäbi Şeýtan örän mekir (Efesliler 5:10; Ylham 12:9).

2. Hakyky din bilen ýalan dini garyşdyrmak isleýän adamlara Ýehowanyň nähili garaýandygyny düşündir.

2 Geliň, Sina dagynda bolan waka seredip geçeliň. Ysraýyllylar Harundan taňry ýasamagy haýyş edýärler. Harun muny islemese-de, altyn göläni ýasap, ol Ýehowany aňladýar diýdi. Soňra: «Ertir Rebbiň (Ýehowanyň) şanyna baýramçylyk ederis» diýýär. Ýehowa hakyky din bilen ýalan diniň garyşmagyna biperwaý garadymy? Ýok. Ol üç müňe golaý butparazlary heläk etdi (Müsürden çykyş 32:1—6, 10, 28). Bu wakadan nähili sapak edinse bolýar? Eger biz özümizi Hudaýyň söýgüsinde saklamak islesek, «murdara galtaşmaly däl» we yhlas bilen hakykaty her bir azdyryjy täsirden goramaly (Işaýa 52:11; Ezekiýel 44:23; Galatýalylar 5:9).

3, 4. Giňden ýaýran däp-dessurlara we baýramçylyklara seredenimizde, näme üçin Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini göz öňünde tutmaly?

3 Gynansak-da, hakykaty söýmeýän adamlar Hudaýa ýaramaýan ýalan däpleri we baýramçylyklary girizip, ýaýratmaga başladylar. Şu baýramçylyklaryň käbirine seredenimizde, olaryň Hudaýyň ruhuny däl-de, dünýäniň ruhuny bildirýändigine üns ber. Aslynda, dünýewi baýramçylyklaryň ählisi ten höweslerini kanagatlandyryp, «Beýik Wawilona» mahsus ýalan dini taglymatlary we jadygöýlügi goldaýar (Ylham 18:2—4, 23)a. Şuny hem unutma: Ýehowa giňden ýaýran däp-dessurlaryň ýigrenji butparazlykdan gelip çykyşyny görüpdi. Ol şu günlerem şeýle baýramçylyklary ýigrenji hasaplaýar. Eýsem, onuň garaýşy biziň üçin ähli zatdan wajyp bolmaly dälmi? (2 Ýahýa 6, 7).

4 Biz mesihçiler, şol sebäpli käbir baýramçylyklaryň Ýehowa ýaramaýandygyny bilýäris. Şonuň üçin olara düýbünden gatnaşmazlygy berk ýüregimize düwmeli. Şeýle baýramçylyklaryň näme üçin Ýehowa ýaramaýandygyny bilsek, bu bize özümizi Hudaýyň söýgüsinde saklamaga päsgel berýän ähli zatdan gaça durmaga kömek eder.

NOWRUZ BAÝRAMYŇ GELIP ÇYKYŞY

5. a) Nowruz we onuň bilen bagly däpler nireden gelip çykdy? b) Hudaýyň gullukçylary näme üçin bu baýramçylykdan we onuň däp-dessurlaryndan gaça durmaly?

5 Bahar aýynda bellenilýän Nowruz baýramy zyýansyz ýaly bolup görünýär. Emma ol nireden gelip çykdy? «Britan ensiklopediýasyna» görä, Nowruz «Täze ýyl baýramy bolup, köplenç, zoroastrizm, ýagny otparazlyk bilen berk baglanyşykly. Bu baýramçylyk Eýran, Yrak, Hindistan we Owganystan ýaly ýurtlarda bellenilýär. Ol köplenç 21-nji martda başlanyp, şol ýurtlaryň köpüsinde täze ýylyň birinji güni hasaplanylýar». «Türkmen sowet ensiklopediýasynda» Aziýada, Zakawkazýede we türki taýpalaryň arasynda «yslam dini ýaýranmanka, Nowruz Täze ýyl baýramy hökmünde giňden bellenilendigi» aýdylýar. Otparazlyk, palçylyk, ölüleriň ruhuna sežde etmek bilen bagly däpleriň köpüsi şu günlere çenli gelip ýetse-de, olary her halk özüçe belleýär. Görşümiz ýaly, Nowruz baýramy otparaz zoroastrizmden gelip çykýar we onuň däp-dessurlary spiritizm we butparazlyk bilen baglanyşykly. Eýsem, Hudaýyň gullukçylary bu baýramçylygyň gelip çykyşyny göz öňünde tutup, ondan we onuň ähli däp-dessurlaryndan gaça durmaly dälmi?

ISANYŇ TÖLEG GURBANYNA IMAN ET

6. a) Hudaýyň gadymy wagtlarda ýaşan wepaly gullukçylary näme edýärdiler? b) Ybraýymyň Yshagy gurban berjek bolmagy näme aňladýardy?

6 Hudaýyň gadymy wagtlarda ýaşan Nuh we Eýýup ýaly wepaly gullukçylary Ýehowa gurban berýärdiler (Gelip çykyş 8:18—22; 9:8—16; 31:54; Eýýup 1:5). Ýehowanyň tabşyrygy boýunça ogluny gurban berjek bolan Ybraýym olaryň arasynda iň görnüklisidir. Ýehowa Ybraýymyň imanynyň berkdigini we gulak asyşyny görüp, ogluna derek gurban etmäge bir goç berýär. Ybraýymyň Yshagy gurban berjek bolmagy Ýehowanyň ähli adamzady günäden azat etmek üçin, Isa Mesih arkaly beren gymmatly töleg gurbanyny aňladýardy (Gelip çykyş 22:1—14; Ýewreýler 11:17—19).

Mesihçiler söýýändigi üçin sowgat berýärler

7. a) Käbir adamlar mal gurbanlaryny bermek barada näme pikir edýärler? b) Şu günki berilýän mal gurbany nämäni görkezýär we näme üçin?

7 Ýehowanyň töleg arkaly görkezen söýgüsine minnetdarlyk bildirmek üçin, biz bu gurbana imanymyzy gowşatmaly däl. Meselem, şu günler käbir adamlar Ybraýym pygamberiň göreldesine eýerip, Hudaýy razy etmek üçin mal gurban edýärler we şeýdip, Hudaýyň islegini ýerine ýetirýändiris öýdýärler. Emma şu günler mal gurbanyny berýän adam imanynyň gowşakdygyny we Ybraýymyňkydan has uly bolan Isanyň töleg gurbanyna minnetdarlyk bildirmeýändigini görkezýär. Pawlus resul Zebur 40:6—8-nji aýatlary Isa degişli edip, şeýle diýdi: «Munuň üçin Mesih dünýä gelýärkä diýýär: «Gurban, sowgat islemän, Maňa bir beden taýýarladyň. Ähli ýakylýan sowgatlary, günä üçin hödürlenýän gurbanlary halamadyň». Bu pygamberlikden görnüşi ýaly, Ýehowa mal gurbanlary «halamaýar», çünki olar diňe wagtlaýynça bolup, adamlary günäden doly halas edip bilmeýärdi. Şol sebäpli Ýehowa Isanyň kämil bedenini gurban hökmünde taýýarlady. Isanyň öz kämil bedenini töleg gurbany hökmünde bermegi mal gurbanlaryny hemişelik aýyrdy.

8. Mukaddes Ýazgylara görä, şu günler Hudaýyň hakyky gullukçylary nähili gurban bermeli?

8 Hudaýyň gadymy wagtlarda ýaşan wepaly gullukçylary ýaly häzirki gullukçylarynyň hem mal gurbanlaryny bermelidigi barada Mukaddes Ýazgylarda hiç zat aýdylmaýar. Ýöne Hudaýyň islegini höwes bilen wepaly berjaý etmek üçin nähili gurbanlary bermelidigimiz düşündirilýär: «Hudaýa elmydam öwgi gurbanlaryny, Onuň adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürläliň» (Ýewreýler 13:15). Şu günler Hudaýyň hakyky gullukçylary hoş habary yhlasly wagyz edip, ähli milletlerden şägirt taýýarlaýarlar (Matta 24:14; 28:19, 20).

MEN BAÝRAMÇYLYGA GATNAŞMALYMY?

Uýa baýramçylygyň şanyna iş ýerini bezemekden boýun gaçyrýar

Prinsip: «Ýehowa şeýle diýýär: „Olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň. Haram zatlara el degirmäň“», «„men hem sizi kabul ederin“» (2 Korinfliler 6:17).

Giňden ýaýran baýramçylyk ýa-da däp barada oýlanmak üçin sowallar

  • Ol ýalan dini däplerden ýa-da taglymatlardan we jadygöýlükden gelip çykdymy? (Işaýa 52:11; 1 Korinfliler 4:6; 2 Korinfliler 6:14—18; Ylham 18:4).

  • Şeýle-de onda adama, gurama ýa-da döwlet nyşanyna ýerliksiz hormat goýulýarmy? (Ýermeýa 17:5—7; Resullaryň işleri 10:25, 26; 1 Ýahýa 5:21).

  • Ol baýramçylykda bir millet ýa-da tire ýokary tutulýarmy? (Resullaryň işleri 10:34, 35; 17:26).

  • Ol baýramçylykda Hudaýyň mukaddes ruhuna garşy gelýän «dünýäniň ruhy» görünýärmi? (1 Korinfliler 2:12; Efesliler 2:1, 2).

  • Eger oňa gatnaşsam, başgalary büdrederinmi? (Rimliler 14:21).

  • Eger gatnaşmasam, başgalara munuň sebäbini nädip hormat bilen düşündirip bilerin? (Rimliler 12:1, 2; Koloslylar 4:6).

Giňden ýaýran baýramçylyklar babatda aşakdaky aýatlar hem kömek edýär:

  • «(Biwepa ysraýyllylar) milletlere garyşyp, olaryň däp-dessurlaryna eýerdiler» (Zebur 106:35).

  • «Az zatda wepaly bolan adam köp zatda-da wepaly bolýandyr. Az zatda wepaly bolmadyk adam köp zatda-da wepaly bolýan däldir» (Luka 16:10).

  • «Siz indi dünýädäki adamlar ýaly dälsiňiz» (Ýahýa 15:19).

  • «Hem Ýehowanyň saçagyndan, hem jynlaryň saçagyndan iýip bilmersiňiz» (1 Korinfliler 10:21).

  • «Siziň öň haýasyz işlerde, ahlaksyz höweslerde, serhoşlykda, keýpi-sapaly oturylyşyklarda, içhä-içişlikde we ýigrenji butparazlykda gezip, dünýädäki adamlaryň islegine görä ýaşanyňyz ýeterlikdir» (1 Petrus 4:3).

MUKADDES ÝAZGYLARDA DOGLAN GÜN BARADA NÄME DIÝILÝÄR?

9. Mukaddes Ýazgylarda agzalýan doglan günleriň näme üýtgeşikligi bar?

9 Çaganyň dogulmagy hemişe şatlykly waka bolsa-da, Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň gullukçylarynyň doglan gün belländigi barada aýdylmaýar (Zebur 127:3). Belki, bu hakda ýazmagy ýatdan çykarandyrlar? Ýok, sebäbi onda Müsür faraonynyň we Hirodesiň doglan güni barada agzalýar (Gelip çykyş 40:20—22; Markus 6:21—29-njy aýatlary okaň). Emma doglan günüň ikisi-de erbet waka bilen gutardy, esasanam ikinjisi, sebäbi onda suwa çümdürýän Ýahýanyň başy kesilýär.

10, 11. I asyrdaky mesihçiler doglan güne nähili garaýardylar we näme üçin?

10 «Uorld buk» ensiklopediýasynda şeýle diýilýär: «I asyrdaky mesihçiler doglan güni bellemegi butparazlaryň däbi hasaplaýardylar». Meselem, gadymy grekler çaga doglanda, bir ruh ýanyna gelýär we çagany bütin ömrüniň dowamynda goraýar diýip ynanypdyrlar. «Doglan günleriň gelip çykyşy» diýen kitapda şeýle diýilýär: «Her bir çaga haýsy-da bolsa bir taňrynyň doglan güni dünýä inýär, şol ruh bolsa şol taňry bilen jadyly aragatnaşyk saklaýar» (The Lore of Birthdays). Doglan günleriň taryhy uly bolup, olar astrologiýa we täleýnama bilen berk baglanyşykly.

BAÝRAMÇYLYKLAR WE ŞEÝTANA SEŽDE EDÝÄN ADAMLAR

Şeýtana sežde edilýän dinde iň wajyp baýramçylyk — doglan gün hasaplanylýar. Näme üçin? Sebäbi bu dine görä, eger adam özüni hudaý hasaplasa, onda başgalara-da hudaý ýaly garaýar. Şol sebäpli olar kimdir biriniň doglan gününi bellemek bilen hudaýyň doglan gününi belleýäris diýýärler. Elbetde, köp adamlar özüni beýle tekepbir saýmaýarlar. Muňa garamazdan, «Doglan günleriň gelip çykyşy» kitabynda şeýle diýilýär: «Eger başga baýramçylyklar ýüregiňi galkyndyrýan bolsa, onda doglan günüňi bellemek bilen diňe öz göwnüňi awlaýaň» (The Lore of Birthdays).

Şeýle-de Şeýtana sežde edýän adamlar Walpurgiý gijesi we Hellouin baýramçylygyny belleýärler. Walpurgiý gijesi hakynda «Dünýä halklary barada rowaýatlar» ensiklopediýasynda şeýle diýilýär: «30-njy aprelden 1-nji maýa geçilýän gije... jadygöý aýallaryň her ýyl ýygnanyşýan wagtydy».

11 Hudaýyň gadymy gullukçylary butparazlaryň doglan gün baýramyny diňe bir jadygöýlük bilen bagly bolany üçin däl-de, prinsipe esaslanyp bellemeýärdiler. Näme üçin şeýle diýse bolar? Şol döwürde ýaşan kiçigöwünli erkekdir aýallar öz doglan günlerini bellemegi wajyp hasaplamaýardylar (Mika 6:8; Luka 9:48)b. Gaýtam, olar Ýehowany şöhratlandyryp, onuň beren gymmatly ýaşaýyş sowgadyna minnetdarlyk bildirýärdiler (Zebur 8:3, 4; 36:9; Ylham 4:11)c.

12. Ölen gün haýsy manyda doglan günden gowy bolup biler?

12 Hudaý aradan çykan wepaly gullukçylaryny ýatda saklaýar we gelejekde olary direlder (Eýýup 14:14, 15). Wagyz kitaby 7:1-de: «Ýagşy at gowy ýagdan, adamyň ölen güni doglan gününden gowudyr» diýilýär. «Ýagşy at» — biziň wepaly gullugymyz bilen Hudaýyň öňünde gazanan gowy abraýymyzdyr. Mesihçileriň belleýän ýeke-täk baýramçylygy Isanyň doglan güni däl-de, ölen güni, çünki diňe şu ajaýyp «at» arkaly halas bolup bileris (Luka 22:17—20; Ýewreýler 1:3, 4).

HUDAÝ ORAZA TUTMAGY TALAP EDÝÄRMI?

13. a) Käbir adamlar oraza tutmaga nähili garaýarlar? b) Geçmişde Hudaýyň gullukçylary näme üçin agyz bekleýärdiler?

13 Käbir adamlar Hudaýa sežde etmek üçin ýylyň belli bir günleri oraza tutmaly diýip pikir edýärler. Hudaýyň hakyky gullukçylary dini sebäbe görä, agyz beklemelimi? Musa berlen Töwrat kitabynda Hudaý öňki gullukçylaryna diňe Günäden saplanma güni agyz beklemegi tabşyrypdy (Lewiler 23:27). Şeýle-de öz islegi boýunça oraza tutýan adam Hudaýyň öňünde ýürekden toba edýändigini we gynanýandygyny görkezýärdi. Mundan başga-da uly howp abananda, gyssagly ýagdaýda Hudaýyň görkezmesi gerek bolanda, synaga düşende, Hudaýyň niýetleri barada öwrenende ýa-da oýlananda agyz bekleýärdiler (Müsürden çykyş 34:28; 1 Şamuwel 7:6; Ýowel 2:12; Ýunus 3:5). Wagtyň geçmegi bilen Musanyň kanuny ýatyryldy, şonuň üçin Günäden saplanma güni agyz beklemek talap edilmeýär. Diýmek, Mukaddes Ýazgylarda agzalýan oraza ýatyryldy.

14. Hudaýyň gullukçylary agyz beklemäge nähili garamaly?

14 Isa Mesih şägirtlerine agyz beklemegi tabşyrmandy, ýöne agyz beklemäň hem diýmändi (Resullaryň işleri 13:2, 3; 14:23). Eger olar öz islegi boýunça oraza tutmagy ýüregine düwen bolsalar, onda «ýüzüni süllertmeli» däldiler (Matta 6:16). Göz üçin agyz bekleýänler adamlary haýran galdyrmagy we berekellasyny almagy mümkindi, ýöne Hudaýyň razylygyny gazanmaýardylar (Matta 6:17, 18). Diýmek, Hudaý gullukçylaryndan ýylyň belli bir günleri oraza tutmagy talap etmeýärd. Käbir ýagdaýlarda agyz beklemegi her kim özi çözýär. Emma ol adamyň agyz beklemegi ýalan din bilen bagly bolmaly däle.

TÄZE ÝYL BAÝRAMYŇ DÖREÝŞI

15. Mesihçiler Täze ýyl baýramyny näme üçin bellemeýärler?

15 Täze ýyl baýramy butparazlykdan gelip çykdy. Ýylyň başy her halkda dürli wagtda başlaýar we Täze ýyly her ýurt özüçe belleýärf. Bir sözlükde şeýle diýilýär: «Köp ýurtlarda köne ýylyň täze ýyla geçmegini tans etmek, içhä-içlik we keýpi-sapa bilen garşylaýarlar». Başga medeniýetlerde-de şeýle zatlary görse bolýar, ýagny adamlar «bir ýyl tamamlanyp, indiki ýylyň başlanmagyna lezzet almak üçin sebäp hökmünde garaýarlar» (Standard Dictionary of Folklore, Mythology, and Legend). Emma Rimliler 13:13-de şeýle maslahat berilýär: «Keýpi-sapaly oturyşyklardan, serhoşlykdan, ahlaksyz we haýasyz işlerden, dawa-jenjelden, göriplikden gaça durup, gündizdäki ýaly edepli gezeliň» (1 Petrus 4:3, 4; Galatýalylar 5:19—21).

TOÝUŇYZ ARASSA BOLSUN

16, 17. a) Durmuş gurmakçy bolýan mesihçiler toýa degişli ýerli däpleri näme üçin Mukaddes Ýazgylar esasynda barlamaly? b) Mesihçiler tüwi ýa-da kemput seçmek ýaly däpler babatda nämäni ýatda saklamaly?

16 Tizden Beýik Wawilonda «ne öýlenýän ýigidiň, ne-de gelniň sesi eşidiler» (Ylham 18:23). Näme üçin? Sebäbi ol jadygöýlük däpleri bilen nikany toý gününden başlap hapalaýar, şonuň üçinem basym ýok ediler (Markus 10:6—9).

17 Her ýurduň öz däpleri bar. Olaryň käbiri zyýansyz görünmegi mümkin, ýöne aslynda, Wawilonyň däplerinden gelip çykýar we hamala ýaş çatynjalara hem-de myhmanlara bagt getirýär (Işaýa 65:11). Şeýle däpleriň biri tüwi ýa-da kemput seçmek. Bu däbe görä, şeýle zatlar zalym ruhlary razy edip, ýigit bilen gyza zyýan ýetirmeýär diýen dini düşünjeden gelip çykýar. Şeýle-de adamlar gadym wagtdan bäri tüwiniň hasyllylyk, bagt we uzak ömür bilen syrly baglanyşygynyň bardygyna ynanypdyrlar. Elbetde, Hudaýyň söýgüsinde galmak isleýänleriň ählisi şeýle hapa däplerden gaça durarlar (2 Korinfliler 6:14—18-nji aýatlary okaň).

18. Toý tutmakçy bolýan mesihçiler we myhmanlar Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsiplerine eýermeli?

18 Şeýle-de Ýehowanyň gullukçylary toýuň abraýyny gaçyrýan ýa-da kimdir biriniň ynsabyna erbet täsir edýän dünýewi däplerden hem gaça durýarlar. Meselem, olar awuly sözlerden ýa-da ahlaksyzlyga kakdyrýan gürrüňlerden hem-de ýaş çatynjalary we myhmanlary utandyrjak oýunlardan ýa-da sözlerden gaça durýarlar (Süleýmanyň tymsallary 26:18, 19; Luka 6:31; 10:27). Mundan başga-da, olar toýy uludan tutmaýarlar, sebäbi bu sadalygy däl-de, «ýaşaýyş tekepbirligini» görkezýär (1 Ýahýa 2:16). Eger toý tutmakçy bolsaň, Ýehowa seniň bu dabaraly güni gynanç bilen däl-de, şatlyk bilen ýatlamagyňy isleýändigini hiç haçan unutmag.

TOSTYŇ DINI MANYSY BARMY?

19, 20. Tostyň gelip çykyşy barada bir kitapda näme diýilýär we mesihçiler näme üçin tost aýtmaýarlar?

19 Adatça, toýlarda we oturylyşyklarda tost aýdýarlar. 1995-nji ýylda çykan dürli halklaryň medeniýetinde ulanylýan spirtli içgiler baradaky kitapda şeýle diýilýär: «Tostlar... megerem, geçmişde berilýän içgi sadakalaryň nyşany bolmaly, olar mukaddes sowgatlardan... ybarat bolup, isleg-arzuw, ýagny dileg üçin taňrylara berilýän gurbandyr. Bu dilegiň manysy: «Uzak ömür!» ýa-da «Seniň saglygyňa!» diýmekdir» (International Handbook on Alcohol and Culture).

20 Elbetde, köp adamlar tost aýtmagy din ýa-da düşnüksiz yrymlar bilen baglydyr öýtmeýärler. Muňa garamazdan, şeraply bulgury ýokary götermek däbi «göge», ýagny adatdan daşary güýje ýüzlenip, ak pata dilemegi aňladýar diýse bolýar. Bu bolsa Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna garşy gelýär (Ýahýa 14:6; 16:23)h.

ÝEHOWANY «SÖÝÝÄNLER ÝAMANLYGY ÝIGRENIŇ»

21. Dine degişli bolmasa-da, mesihçiler nähili meşhur baýramçylyklary bellemeýärler we näme üçin?

21 Beýik Wawilonyň gös-göni ýa-da gytaklaýyn täsiri astynda dünýäniň gitdigiçe pese düşýän ahlak kadalaryny görkezip, käbir ýurtlarda her ýyl gomoseksuallaryň we lesbiýanlaryň ýaşaýşyny şöhratlandyrýan edepsiz tansly baýramçylyklar gurnalýar. Şeýle dabaralara barmak ýa-da olara tomaşa etmek Ýehowany söýýän adamlar üçin ýerlikli bolarmy? Olar, hakykatdan-da, ýamanlygy ýigrenýändigini görkezerlermi? (Zebur 1:1, 2; 97:10). «Gözümi biderek zatlary görmekden sow» diýip, doga eden mezmurçydan görelde alsak gowy bolardy (Zebur 119:37).

22. Mesihçi baýramçylyga gatnaşmak meselesinde haçan öz ynsabyna görä karara gelip biler?

22 Mesihçi özüniň alyp barşy bilen dünýewi baýramçylyk günleri oňa gatnaşmaýandygyny başgalara görkezmäge çalşar. Pawlus şeýle ýazdy: «Iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de, baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň» (1 Korinfliler 10:31; «Paýhasly karara gelmek» diýen çarçuwa seret). Emma däpler ýa-da baýramçylyklar dine, syýasy ýa watanperwerlik däp-dessury bilen bagly bolmasa we Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelmese, onda her bir mesihçi oňa gatnaşjagyny ýa-da gatnaşmajagyny özi çözmeli. Ýöne şonda-da başgalary büdretmez ýaly, olaryň duýgularyny göz öňünde tutmaly.

HUDAÝY SÖZDE WE IŞ ÝÜZÜNDE ŞÖHRATLANDYR

23, 24. Ýehowanyň dogry kadalary babatda nädip gowy wagyz edip bileris?

23 Köp adamlar baýramçylyk günlerini garyndaşlary we dost-ýarlary bilen ýygnanyşmak üçin gowy mümkinçilik hasaplaýarlar. Eger kimdir biri Mukaddes Ýazgylara esaslanan garaýşymyza juda berk we erkinlikden mahrum edýär diýip nädogry düşünse, onda biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň maşgala agzalary we dost-ýarlary bilen ýygnanyşmagy gymmat saýýandygyny mylakatly düşündirip bileris (Süleýmanyň tymsallary 11:25; Wagyz kitaby 3:12, 13; 2 Korinfliler 9:7). Biz ýylyň dowamynda gadyrly dogan-garyndaşlarymyz we dost-ýarlarymyz bilen ýygnanyşmakdan lezzet alýarys. Emma Hudaýy we onuň dogry kadalaryny gowy görýändigimiz üçin, şeýle şatlykly günleriň Ýehowany gynandyrýan däpler bilen hapalanmagyny islemeýäris. («Hakyky sežde köp şatlyk berýär» diýen çarçuwa seret.)

HAKYKY SEŽDE KÖP ŞATLYK BERÝÄR

Ýehowa bagtly, ýagny «bagtly Hudaý», ol gullukçylarynyň hem bagtly bolmagyny isleýär (1 Timoteos 1:11). Bu aşakdaky aýatlardan görünýär:

  • «Ýüregiň şatlygy... üznüksiz baýramdyr» (Süleýmanyň tymsallary 15:15).

  • «Adam üçin şatlanmakdan we durmuşda ýagşylyk etmekden başga oňat zadyň ýokdugyna göz ýetirdim; şonuň üçin adam iýmeli, içmeli we agyr zähmetiniň süýji miwelerinden datmaly. Bu Hudaýyň sowgady» (Wagyz kitaby 3:12, 13).

  • «Jomart adam jomart bolmagy maslahat berýär, özi-de jomartlygyna galýar» (Işaýa 32:8).

  • «Eý ýadap halys bolan we agyr ýükli adamlar, meniň ýanyma geliň, men size dynçlyk bereýin. Sebäbi meniň boýuntyrygym ýumşak, ýüküm ýeňildir» (Matta 11:28, 30).

  • «Siz hakykat barada bilim alarsyňyz, hakykat hem sizi azat eder» (Ýahýa 8:32).

  • «Goý, her kes höwessiz ýa-da mejburlyk bilen däl-de, ýüreginde niýetlän zadyny bersin. Sebäbi Hudaý şatlyk bilen berýän adamy söýýändir» (2 Korinfliler 9:7).

  • «Ruhuň miwesi şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk... mähirlilik, ýagşylyk» (Galatýalylar 5:22).

  • «Ýagtylygyň miwesi her dürli ýagşylykdan, dogrulykdan we hakykatdan ybaratdyr» (Efesliler 5:9).

24 Ýehowanyň käbir gullukçylary «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?»i kitabynyň 16-njy babynda berilýän pikirleri akýürekli adamlara gürrüň berip, gowy netijeler gazandylar. Emma unutma, biziň maksadymyz jedel etmek däl-de, adamlaryň ýüregine täsir etmekdir. Şonuň üçin adamlar bilen sylaşykly we ýumşak gürleş hem-de «sözüň duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun» (Koloslylar 4:6).

25, 26. Ata-eneler çagalaryna imanyny berkitmäge we Ýehowa bolan söýgüsini ösdürmäge nädip kömek edip biler?

25 Biz, Ýehowanyň Şaýatlary, gowy tälim aldyk. Biz nämä ynanýandygymyzy we käbir zatlary näme üçin edýändigimizi ýa-da etmeýändigimizi bilýäris (Ýewreýler 5:14). Şol sebäpli ata-eneler, çagalaryňyza Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri barada oýlanmagy öwrediň. Şeýdip, siz çagalaryňyzyň imanyny berkidýärsiňiz, ynanýan zatlary barada soralanda, Mukaddes Ýazgylaryň esasynda jogap bermäge kömek edýärsiňiz we Ýehowanyň olary söýýändigine ynandyrýarsyňyz (Işaýa 48:17, 18; 1 Petrus 3:15).

26 Hudaýa «ruhda we hakykatda» sežde edýänleriň ählisi diňe bir Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän baýramçylyklardan gaça durman, eýsem, durmuşyň ähli pudaklarynda dogruçyl bolmaga çalyşýarlar. Şu günler adamlaryň köpüsi dogruçyl ýaşap bolmaýar diýýärler. Emma Hudaýyň prinsipleri boýunça ýaşasak, bu bize hemişe peýda getirjegini indiki bapdan serederis.

a «Men baýramçylyga gatnaşmalymy?» diýen çarçuwa seret. Käbir baýramçylyklaryň sanawy Ýehowanyň Şaýatlarynyň çap eden «Garawul diňiniň indeksinde» (rusça) berilýär.

b «Baýramçylyklar we Şeýtana sežde edýän adamlar» diýen çarçuwa seret.

c Kanun ähtine görä, çaga dogran aýal Hudaýa günä gurbanlygyny bermelidi (Lewiler 12:1—8). Bu talap adamlara günäni çagalaryna geçirýändigini ýatladýardy hem-de ysraýyllylara çaganyň dogulmagyna dogry garamaga we butparazlaryň doglan gün bilen bagly däplerini kabul etmezlige kömek edýärdi (Zebur 51:5).

d Mesihçiler adamlaryň garaýşyna hormat goýýarlar. Olar oraza tutulýan günlerde iýip-içmek bilen adamlary büdretmeli däl. Şeýle-de olar adamlaryň oraza tutýan döwri köpçülik ýerlerinde iýip-içmekden saklanyp bilerler (Matta 18:6; 1 Korinfliler 9:19—23).

e Agyz beklemegi ýüregine düwen adam, bu barada köpräk bilmek üçin «Garawul diňiniň» (rusça) 1996-njy ýylyň 15-nji noýabrynda çykan sanynyň 5—7-nji sahypalaryna seredip biler.

f Köp ýurtlarda Roždestwo diýen baýram Täze ýyl baýramy bilen bile bellenilýär. Roždestwonyň gelip çykyşy barada köpräk bilmek üçin «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 156—159-njy sahapalaryna seret. Ýehowanyň Şaýatlary çap etdi.

g 2006-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňiniň» (rusça) 18—31-nji sahypalaryndaky toý we oturylyşyk barada üç makala seret. Ýehowanyň Şaýatlary neşir etdi.

h 2007-nji ýylyň 15-nji fewralynda çykan «Garawul diňiniň» (rusça) 30, 31-nji sahypalaryna seret. Ýehowanyň Şaýatlary neşir etdi.

i Ýehowanyň Şaýatlary neşir etdi.

PAÝHASLY KARARA GELMEK

Käte Ýehowa bolan söýgimiz we Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine düşünişimiz barlanmagy mümkin. Meselem, mesihçiniň iman etmeýän ýanýoldaşy ony garyndaşlary bilen gurbanlygy ýa-da başga bir baýramçylygy bellemäge çagyrmagy mümkin. Käbir mesihçiler muny päk ynsap bilen kabul eder, käbirleri bolsa kabul etmez. Emma mesihçi şeýle teklibi kabul etse-de, özüniň alyp barşy bilen baýramçylygy bellemeýändigini we ýöne garyndaşlary bilen oturylyşykdan lezzet almaga gelendigini aýdyň görkezmeli.

Mesihçi bu barada ýanýoldaşy bilen öňünden gepleşse we baýramçylygy dogan-garyndaşlarynyň belläp, onuň bellemedik halatynda, oňaýsyz ýagdaýyň ýüze çykjakdygyny sypaýy düşündirse paýhasly bolardy. Şonda iman etmeýän ýanýoldaşy garyndaşlaryny görmek üçin, belki, başga gün saýlar (1 Petrus 3:15).

Eger mesihçi aýalyň iman etmeýän äri şonda-da ony äkitjek bolsa näme? Belki, mesihçi uýa äri maşgalabaşy we ekleýji hökmünde maşgalasynyň aladasyny edýändir diýen netijä geler, ýagny äri aýalynyň aladasyny edip, ony baýramçylyk güni dogan-garyndaşynyňka naharlanmak üçin äkitmekçidir (Koloslylar 3:18). Mümkin, mesihçi aýal ol ýerde hatda gowy güwälik berip hem biler. Nahar hem diňe bir dünýewi baýramçylykda iýilýäni üçin hapa hasaplanmaýar (1 Korinfliler 8:8). Mesihçi aýal muny adaty iýmit hökmünde kabul edip, baýramçylyk bilen bagly gutlaga, aýdym-saza, tosta we başga zatlara goşulman biler.

Emma şeýle oturylyşyga gatnaşmagyň, başga adamlara nähili täsir etjegini hem göz öňünde tutmaly. Mesihçi aýal, onuň baýramçylyk güni dogan-garyndaşlarynyňkyda bolandygyny eşidenleriň büdremegi-de ähtimaldygyny unutmaly däldir (1 Korinfliler 8:9; 10:23, 24).

Şeýle-de eger mesihçi aýalyň garyndaşlary ony Hudaýyň prinsiplerini bozmaga iterse, oňaýsyz ýagdaýa düşmezlik islegi güýçli bolup bilmezmi? Oňaýsyz ýagdaýdan gaça durmak islegi güýçli bolup biler. Şol sebäpli şu zatlaryň ählisini, şol sanda öz mesihi ynsabyňy göz öňünde tutup, öňünden oýlanmaly (Resullaryň işleri 24:16).

Baýramçylykda berilýän baýragy almalymy?

Täze ýyl baýramçylygyň öň ýany mesihçä sowgat ýa-da baýrak berilmegi mümkin. Mesihçi ony almaly dälmi? Meselem, mesihçi baýragy alany bilen, başlygy ol hakda Täze ýyly ýa baýramçylygy belleýändir diýip durmaz. Mümkin, başlyk kärhananyň käbir girdejisini ähli işgärlerine paýlaýandyr. Belki-de, baýragy ýylyň dowamynda edilen işe minnetdarlyk hökmünde ýa-da gowy işlämege höweslendirmek üçin berýändir. Başlyk baýragy ähli işgärlerine mesihçi bolsun ýa musulman, Täze ýyly ýa başga baýramçylygy bellesin-bellemesin tapawudy ýok berip biler. Şol sebäpli baýrak nämä niýetlenen bolsa-da, Ýehowanyň Şaýady ony almaly däl diýip bolmaz.

Eger sowgat dini baýramçylyga niýetlenip berilse-de, bu ony alan adamyň dini garaýşy goldaýandygyny aňlatmaýar. Meselem, işdeşi ýa-da garyndaşy mesihçä şeýle diýip biler: «Men seniň bu baýramy bellemeýändigiňi bilýärin, ýöne şonda-da saňa sowgat beresim gelýär». Eger mesihçiniň ynsaby ezýet bermese, ol baýramçylygy agzaman sowgady alyp, minnetdarlyk bildirip biler (Resullaryň işleri 23:1). Mesihçi işdeşiniň göwnüne degmez ýaly, ýerlikli wagt tapyp, sypaýyçylyk bilen garaýşyny düşündirip biler.

Eger sowgat mesihçiniň imanynyň gowşakdygyny görkezmek üçin ýa-da peýda görmek niýeti bilen berilse näme? Şeýle ýagdaýda, elbetde, sowgady almasaň gowy bolar. Biz Ýehowa Hudaýa doly wepaly bolmak isleýäris (Matta 4:8—10).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş