57-NJI HEKAÝA
Hudaý Dawudy saýlaýar
BU ÝERDE näme bolanyny görýäňmi? Oglanjyk guzyny aýydan halas edýär. Aýy guzyny äkidip, iýjek bolýar. Emma oglanjyk aýynyň yzyndan ýetip, onuň penjesinden guzyny halas edýär. Aýy dikelende, oglanjyk ony bir uranda öldürýär! Başga bir gezek ol goýny ýolbarsdan halas etdi. Nähili batyr oglan, şeýle dälmi? Onuň kimdigini bilýäňmi?
Bu ýetginjek oglanyň ady Dawut. Ol Beýtullaham şäherinde ýaşaýar. Onuň atasy Rut bilen Boazyň ogly Obed. Olaryň kimdigi ýadyňdamy? Dawudyň kakasynyň ady Ýesse. Dawut kakasynyň goýunlaryny bakýar. Ýehowa Sauly patyşa belländen on ýyl geçen soň, Dawut dogulýar.
Bir gün Ýehowa Samuele: «Üýtgeşik ýagy alyp, Beýtullahamdaky Ýessäniň öýüne bar. Men onuň bir ogluny patyşa edip saýladym» diýýär. Samuel Ýessäniň uly ogly Eliaby görende: «Ýehowa şuny saýlandyr» diýýär. Emma Ýehowa: «Onuň boýuna we syratyna seretme. Men ony patyşa edip saýlamadym» diýýär.
Şonda Ýesse Aminadab atly ogluny çagyryp, Samueliň ýanyna getirýär. Emma Samuel: «Ýehowa muny-da saýlamady» diýýär. Soňra Ýesse Şamah atly ogluny getirýär. Samuel: «Ýok, Ýehowa muny-da saýlamady» diýýär. Ýesse Samueliň ýanyna yzly-yzyna ýedi ogluny getirýär. Ýöne Ýehowa olaryň birini-de saýlamaýar. Samuel: «Bu seniň ogullaryň barysymy?» diýip soraýar.
Ýesse: «Ýene-de bir oglum bar, iň kiçisi. Ýöne ol häzir ýok, goýun bakýar» diýýär. Samueliň ýanyna Dawut atly ýakymly ýigidi getirýärler. Ýehowa: «Ynha, ol. Onuň başyna ýag guý» diýip görkezýär. Samuel şeýle hem edýär. Ýöne Dawut Ysraýylyň patyşasy bolýança, aradan birnäçe wagt geçmelidi.