Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 79
  • Daniýel ýolbarsly çukurda

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Daniýel ýolbarsly çukurda
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Danyýar ýolbarsly çukura taşlanýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Daniýel kitabyndan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Danyýar pygamberiň göreldesine eýeriň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 79

79-NJY HEKAÝA

Daniýel ýolbarsly çukurda

WAH, Daniýel kyn ýagdaýa düşen ýaly-la! Ýöne ýolbarslar oňa degenok! Bilýäňmi näme üçin? Aslynda, Daniýeli ýolbarsly çukura kim zyňdyka? Gel, bileli.

Indi Babylda Dariý atly adam patyşalyk edýär. Ol Daniýeli gowy görýär, sebäbi ol akyldar hem gowy adamdy. Dariý öz patyşalygynda Daniýeli hökümdar belleýär. Patyşalykdaky beýleki adamlar bolsa, göriplikden ýaňa oňa ýamanlyk edip başlaýar.

Olar Dariýiň ýanyna gelip: «Eý patyşamyz, 30 günüň içinde senden başga hiç kime doga etmeli däl diýip, kanun çykaraly. Kim bu kanuny bozsa, ony ýolbarsly çukura zyňmaly» diýýärler. Dariý olaryň näme üçin beýle kanun çykarmak isleýändigini bilmeýärdi. Ýöne olaryň aýdany patyşa ýaraýar, şonuň üçin şeýle kanun çykarýar. Indi ol kanuny ýatyryp bilmeýärdi.

Daniýel kanun barada eşitse-de, öýüne baryp, öňküsi ýaly doga edýär. Erbet adamlar Daniýeliň Ýehowa doga etjegini bilýärdi. Olar muny bilip, begendiler, sebäbi şeýdip Daniýeli öldüreris öýdýärdiler.

Dariý patyşa bu adamlaryň maksadyny bilende, gaty gynandy. Ýöne Dariý bu kanuny indi ýatyryp bilmeýärdi, şonuň üçin Daniýeli ýolbarsly çukura zyňmaly boldy. Emma ol Daniýele ýüzlenip: «Seniň gulluk edýän Hudaýyň seni halas etjekdigine men ynanýaryn» diýýär.

Dariý gaýgydan ýaňa gije ýatyp bilmeýär. Ertir irden ol ýolbarsly çukura ylgap barýar. Suratda görşüň ýaly ol: «Diri Hudaýyň gullukçysy Daniýel! Seniň gulluk edýän Hudaýyň ýolbarslardan halas etdimi?» diýip gygyrýar.

Daniýel oňa: «Hudaý perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny ýapdy. Olar maňa degmedi» diýip jogap berýär.

Patyşa ýürekden begenýär. Ol Daniýeli çukurdan çykaryp, oňa derek ony öldürjek bolan erbet adamlary zyňmagy buýurýar. Bu adamlar entek çukuryň düýbüne ýetip-ýetmänkä, ýolbarslar olary iýdiler.

Şondan soň Dariý patyşa: «Men hemme adamlara Daniýeliň Hudaýyna hormat goýmagy buýurýaryn. Ol uly gudratlar görkezýär. Ol Daniýeli ýolbarslardan halas etdi» diýip, patyşalygynyň ähli ýaşaýjylaryna hat ýazýar.

Daniýel 6:1—28.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş