Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • «Ol ejizlere kuwwat berýändir»
    Hudaýa gullugymyz — 2007 | maý
    • «Ol ejizlere kuwwat berýändir»

      1 Biziň hemmämiz wagtal-wagtal ýadaýarys. Bu diňe bir iş edenden ýa-da işleýändigimizden däl-de, «kyn pursatlarda» ýaşaýandygymyz sebäpli bolýar (2 Tim. 3:1). Ýehowanyň Güwäçileri hökmünde gullukda gowşamaz ýaly, gerekli ruhy güýji nireden alyp bileris? Munuň üçin biz «uly güýji» bar bolan Ýehowa bil baglamaly (Iş. 40:26). Ol ähli zerurlyklarymyzy bilýär we bize ýürekden kömek etmek isleýär (1 Pet. 5:7).

      2 Ýehowanyň kömegi. Ýehowa bize mukaddes ruhuny berip berkidýär. Ol bu üstün çykyp bolmaýan güýji arkaly älemi ýaratdy. Eger biz ýadan bolsak, Hudaýyň ruhy «täzeden kuwwat tapmaga» kömek edýär (Iş. 40:31). Şol sebäpli özüňize şeýle sorag beriň: «Haçan men soňky sapar doga edenimde, mesihçi borçlarymy ýerine ýetirer ýaly, mukaddes ruhy aýratyn diledim?» (Luka 11:11—13).

      3 Hudaýyň ylhamlanan Sözüni her gün okap, okan zatlarymyz barada oýlanyp, Ýazgylara esaslanan edebiýatlary yzygiderli öwrenip, ruhy taýdan iýmitlensek, «akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde berýän, ýapragy solmaýan agaç ýaly bolarys» (Zeb. 1:2, 3).

      4 Şeýle-de Ýehowa bize imandaşlarymyz arkaly «teselli berýär» (Kol. 4:10, 11). Olaryň ýygnaklarda berýän jogaplary, öwüt-nesihatlary we abatlaýjy gürrüňleri bizi berkidýär (Res. iş. 15:32). Ylaýta-da, mesihçi ýaşulular ruhy taýdan kömek edip ruhlandyrýar (Iş. 32:1, 2).

      5 Wagyz gullugynda. Ýadap, ruhdan düşen bolsaňyz, wagyz etmegi bes etmäň! Beýleki işlerden tapawutlylykda, yzygiderli wagyz etsek, janymyz dynçlyk tapar (Mat. 11:28—30). Hoş habary wagyz etsek, Hudaýyň Patyşalygyna, ebedi ýaşaýşa we onuň berjek ajaýyp bereketlerine gönükmäge kömek eder.

      6 Bu zalym dünýä ýok bolýança etmeli işler kän. «Hudaýyň berýän güýç-kuwwatyna» bil baglap, berk galmaga bizde hemme esas bar (1 Pet. 4:11). Biz «ejizlere kuwwat berýän» Ýehowa Hudaýyň kömegi bilen işimizi tamamlap bileris (Iş. 40:29).

  • Siz Hudaýyň sözüni goraýarmysyňyz?
    Hudaýa gullugymyz — 2007 | maý
    • Siz Hudaýyň sözüni goraýarmysyňyz?

      1 Adamlar köplenç Mukaddes Ýazgylaryň abraýyny gaçyrsalar-da, mesihçiler Hudaýyň Sözüni yhlasly gorap çykyş edýärler. Biz «Ýazgylaryň hemmesiniň Hudaýyň ylhamydygyna» ynanýarys we Isa Mesihiň Ýehowa doga edip: «Seniň sözüň hakykatdyr» diýen sözleri bilen razylaşýarys (2 Tim. 3:16; Ýahýa 17:17). Hudaýyň Sözüni nädip üstünlikli gorap bileris?

      2 Ýazgylardaky aýatlary ýatlaň. Isa Hudaýyň Sözüni yhlasly öwrenýärdi. Şonuň üçin ol gullukda Mukaddes Ýazgylara esaslanyp öwredip bilýärdi (Luka 4:16—21; 24:44—46). Biz gerekli aýatlary nädip ýatlap bileris? Munuň üçin Mukaddes Ýazgylary her gün okamaly we ruhlandyryjy ýa-da gullukda ulanyp bolýan aýatlaryň üstünde oýlanmaly. Ýygnak duşuşyklaryna taýýarlananymyzda, Mukaddes Ýazgylardan getirilen aýatlaryň hemmesini açyp okamaly, mümkin boldugyndan, şol aýatlar boýunça jogap bermäge taýyn bolmaly. Ýygnakda nutkçy aýatlary okanda, Mukaddes Ýazgylardan yzarlamaly. Mukaddes Ýazgylardaky aýatlary öwrensek, «hakykat sözüni dogry ulanyp» bileris (2 Tim. 2:15).

      3 Mukaddes Ýazgylardan okap beriň. Biz wagyz gullugynda Mukaddes Ýazgylardan okamaly. Meselem, mümkinçilik bolsa öý eýesine Ýazgylardan okap, okan aýadymyz barada gürrüňdeş bolmaly. Eger ol sorag berse ýa-da bir zat bilen ylalaşmasa, Mukaddes Ýazgylardan okap jogap bersek gowy bolardy. Öý eýesi işli bolsa-da, Mukaddes Ýazgylardan bir pikire ünsüni çekip bileris, meselem, şeýle diýse bolar: «Gitmänkäm, size bir aýat okap berjekdim». Mümkin bolsa Ýazgylardan okanyňda, öý eýesi yzarlap biler ýaly edip oka.

      4 Bir gezek öý eýesine Ýazgylardan Üç ýüzli Hudaýyň ýokdugyny görkezenlerinde, ol şeýle diýdi: «Men bütin ömrüme buthana gatnaýardym, emma Mukaddes Ýazgylarda bu barada näme aýdylýanyny diňe häzir bildim!» Ol höwes bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge razylaşdy. Isa goýunlarym meniň sesimi eşider diýdi (Ýahýa 10:16, 27). Akýürekli adamlar hakykaty biler ýaly, olara Mukaddes Ýazgylardan okap bermeli. Şonuň üçin, geliň, Hudaýyň Sözüni goralyň!

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş