«2011-nji ýylyň kalendary» maşgala seždesine höweslendirýär
«Ýehowanyň Güwäçileriniň 2011-nji ýylynyň kalendarynyň» temasy maşgala seždesine gönükdirildi. Kalendarda biziň günlerimizde we gadymy döwürde ýaşan maşgalalar suratlandyrylýar. Şeýle-de, onda Ýehowa gulluk edýän är-aýallaryň we durmuş gurmadyklaryň Mukaddes Ýazgylary okaýandygy görkezilýär.
Kalendarda görkezilen Hudaýyň gadymy döwürde ýaşan gullukçylary Ýehowanyň kanunyndan lezzet alýardy. Bu olara her dürli kynçylyklaryny çözmäge örän kömek edýärdi (Zeb. 1:2, 3). Biziň maşgalamyz kiçi bolsun uly bolsun, maşgala agzalarymyz Ýehowa gulluk edýän ýa-da etmeýän bolsun, kalendardaky görkezilen wakalaryň her birisi bize maşgala seždesiniň wajypdygyny ýatladýar. Maşgala seždesiniň geçiriljek gününi bellär ýaly kalendarda ýörite boş goýulan ýer bar. Siz eýýäm oňa bellik etdiňizmi?