Çal saç şöhrat täjidir (yb10) Uganda
Ugandanyň ençeme hormatlanýan ýaşuly adamlary hoş habary kabul edip, Ýehowa gulluk edýärler. Mysal üçin, öň mugallym bolan Paulu Mukase 89 ýaşynda hakykaty eşidýär. Ol iki jahan urşuny görüp, kolonial hökümetini, gazaply diktaturany we syýasy agdaryşyklary başyndan geçirdi. Şonuň üçin ol Hudaýyň Patyşalygy hakynda bilesi gelýärdi. Paulu Mesihi Patyşa — Isanyň «perýat eden mätäji... garyby... sütem hem zorlukdan dyndarjakdygyny» bilende, örän begendi (Zeb. 72:12, 14).
Iki ýyl geçensoň, Paulu suwda çokundyrylmakçy bolanda, doganlar: «Bu ýaşulyny suwa doly çümdürip bolarmyka?» diýip, biynjalyk boldular. Emma aladalanmagyň geregi ýokdy. Ýaşlaryň biri suwa girmekden çekinip durka, 91 ýaşly Paulu çokundyryldy-da, ýylgyryp, suwdan çykdy. Wagyz etmäge mümkinçiligi çäkli bolsa-da, Paulu ömrüniň ahyryna çenli ony görmäge gelýänleriň ählisine Hudaýyň Patyşalygy hakynda wagyz edýärdi.
Lowinka Nakaýima atly uýanyň mysalyna hem seredeliň. Gartaşandygynyň üstesine onuň saglygy hem gowy däldi. Keseli sebäpli onuň aýaklary çişip, kömeksiz hiç bir ýere çykyp bilmeýär. Emma ýygnakda wagyzçylar Ýatlama agşamy döwründe kömekçi pioner bolmaga höweslendirilende, Lowinka hem oňa gatnaşmak isleýär. Ýygnakdakylar Mukaddes Ýazgylar okuwy geçmek üçin gyzyklanýanlary Lowinkanyň öýüne getirip, oňa kömekçi pioner bolmaga kömek etdiler. Şeýle-de missionerler oňa obalarda ýaşaýan adamlara hat ýazyp wagyz etmegi öwretdiler. Ol muny özüne amatly bolan wagty edip bilýärdi. Hepdäniň şenbe günleri mesihçi ýaşuly Lowinkany Kampalada adamlaryň köp bolýan ýerine alyp barýardy. Şol ýerde uýa pessejik diwarda oturup, geçip barýan adamlara uzakly gün wagyz edýärdi. Lowinka özüni bagtly duýup, aýyň ahyrynda şeýle diýdi: «Men kömekçi pioner bolmagy başarýandygyma indi göz ýetirdim. Bu maňa diýseň ýaraýar». Ýygnagyň agzalarynyň mähirli kömegi bilen Lowinka 1 aý däl-de, 11 aý kömekçi pioner boldy.