Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 3/11 sah. 5—6
  • Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 3/11 sah. 5—6

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Mähriban dogan-uýalar!

Biz, gör, nähili gyzykly zamanada ýaşaýarys! Biz örän bagtly! Siziň bilen «eginme-egin» işleşip, iň wajyp işi, ýagny, Gökdäki Atamyz Ýehowa hakynda güwälik edýändigimize diýseň begenýäris (Sef. 3:9; Ýahýa 14:12).

Elbetde, biz Ýehowa şatlanyp gulluk etsek-de, kynçylyksyz ýaşamaýarys. Ýer titremeler, suw joşguny, ýel harasady we başgada tebigy betbagtçylyklar zerarly geçen gulluk ýylynda siziň käbiriňiz kynçylyk çekdiňiz (Mat. 24:7). Köpler keselden soň bolýan ysgynsyzlyk we gartaşan ýaş bilen her gün oňuşmaly bolýar. Biziň köpimiz gitdigiçe güýjeýän «burgular» bilen göreşmeli bolýarys (Mat. 24:8). Ermenistanda, Eritreýada, Günorta Koreýada we başgada döwletlerde ençeme doganlarymyz imany sebäpli türmede otyrlar (Mat. 24:9).

Şeýle kynçylyklara garamazdan, dogry garaýşda bolmaga bize näme kömek etdi? 2010-njy ýylyň: «Söýgi her zada çydaýandyr. Söýgi asla tükenmez» aýady bize wajyp zady ýatlatdy (1 Kor. 13:7, 8). Dogrudan-da, birek-birege we Ýehowa bolan söýgümiz kynçylyklara döz gelmäge güýç berýär.

Özüni mesihçi hasaplaýanlaryň köpüsi biziň wagyz işimiziň dünýä boýunça alynyp barylýandygyna we onuň guramaçylyklydygyna haýran galýar. Olar biziň ynanýan zatlarymyz we taglymatlarymyz bilen ylalaşmasalar-da, käbiri bize: «Siz biziň etmeli işimizi erine ýetirýärsiňiz!» diýýär. Ýehowanyň Güwäçilerine wagyz işini dyngysyz dowam etmäge näme kömek edýär? Ýene-de, munuň jogaby — söýgi. Gökdäki Atamyz ýaly, biz hem adamlaryň heläk bolmagyny islemeýäris (2 Pet. 3:9). Geçen gulluk ýylynda wagyzçylaryň sany 7 million 508 müň 50-ä, ýagny täze ýokary belgä ýetdi. Bu hasabat hemmeleriň toba gelmegini isleýändigimizi görkezdi. Şeýle ägirt uly goşundan ybarat bolan we söýgini bildirmäge ýardam edýän işe gatnaşyp, adamlara ruhy taýdan meýletin kömek edýän yhlasly wagyzçylar başga haýsy Guramada bar?

Işaýa pygamberiň: «Ahyrky günlerde Taňry öýüniň dagy daglaryň başynda berkarar ediler, depelerden beýik bolar we ähli milletler oňa tarap yndarylar» diýen sözleri henizem ýerine ýetýändigi bizi ruhlandyrýar (Iş. 2:2—4). Geçen gulluk ýylynda dürli milletlerden bolan 294 369 adam suwda çokundyrylyp, Taňry öýüne geldiler. Biz ol dogan-uýalary bütindünýä maşgalamyza mähirli garşyladyk. Geliň, duşmanymyz Şeýtan Iblisiň hüjümine garşy durmaga olara mundan beýläk-de, söýgi bilen kömek edeliň (1 Pet. 5:8, 9).

2010-njy ýylyň 30-njy martynda geçen Ýatlama agşamyna 18 million 706 müň 895 adam gatnaşdy. Bu san öňküsinden-de köp bolup, ýüregi Ýehowa sežde etmäge ýykgyn adamlaryň henizem bardygyny görkezýär. Ýehowa bu zalym dünýäni entek ýok etmändigine biz diýseň begenýäris! Häzir bolsa, söýgi bize sabyrly bolmaga kömek edýär (2 Sel. 3:5).

2010-njy ýylda bolan «Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda boluň!» atly welaýat kongresi, Gökdäki Atamyz Ýehowa bilen gatnaşygymyzy berkitdi. Mezmurçynyň: «Hudaýy Reb bolan halk nähili bagtly!» diýen sözleri, gör, nähili ýerlikli (Zeb. 144:15). Ýehowa biziň tarapymyzda bolsa, gelejekde näme bolaýanynda-da, gorkara zadyň bolmajakdygyna ynamly bolup bileris (Zeb. 23:4). Tizden Ýehowa Ogly arkaly «iblisiň işlerini ýogaldar» (1 Ýahýa 3:8). Biz şol güne, gör, nähili garaşýarys! Ýöne häzir, biziň işimiz köp (1 Kor. 15:58).

Sizi dogalarymyzda elmydama «birsyhly» ýatlaýandygymyza ynamly boluň (Rim. 1:10). «Ebedi ýaşaýyş üçin Rebbimiz Isa Mesihiň rehimine garaşyň, özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» (Ýahuda 21).

Biz sizi söýýäris!

Siziň doganlaryňyz,

Ýehowanyň Güwäçileriniň Ýolbaşçylyk maslahaty

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş