Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 5/11 sah. 2
  • Sen ýekşenbe günleri wagyz edip bilermiň?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen ýekşenbe günleri wagyz edip bilermiň?
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Mesihçiler Sabat gününi bellemelimi?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sen gullugyňy birkemsiz ýerine ýetirýärsiňmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Zähmet çekmegiň we dynç almagyň «öz wagty bar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • «Makedoniýa gel»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 5/11 sah. 2

Sen ýekşenbe günleri wagyz edip bilermiň?

1. Pawlus bilen onuň ýoldaşlarynyň Filipide wagyz edişinden näme öwrenip bileris?

1 Sabat günüdi. Filipidäki ýehudylaryň köpüsi dynç alýardy. Pawlus missioner syýahatyndady. Ol ýoldaşlary bilen şol şähere barypdy. Eger olar şol güni wagyz etmedik bolsalar, hiç kim olary ýazgarmazdy. Sebäbi olar dynç almaga mynasypdy. Emma olar ýehudylaryň doga etmek üçin şäheriň daşynda ýygnanandygyny bilip, amatly pursady elden bermän, wagyz etmek islediler. Lidiýa atly bir aýal olary diňläp, öý-içerisi bilen suwda çokundyrylanda, Pawlus we onuň ýoldaşlary, gör, nähili begenendir! (Res. iş. 16:13—15). Şu günler hem köp adamlar ýekşenbe güni dynç alýarlar. Biz ýekşenbe güni olara wagyz edip bilerismi?

2. Ýehowanyň halky ýekşenbe günleri wagyz etmek üçin nähili kynçylyklara döz geldi?

2 Ýekşenbe günleri wagyz etmek üçin edilen tagalla. 1927-nji ýylda Ýehowanyň halky bütin ýylyň dowamynda ýekşenbe günleri wagyz etmäge çagyryldy. Bu yzarlamalaryň möwç urmagyna sebäp boldy. Köp wagyzçylar ABŞ-da ýekşenbe güni wagyz edip, adamlary bimaza edendigi, Sabat güni baradaky kanuny bozandygy we ygtyýarnamasyz söwda-satyk işlerini edendigi üçin, olary tussag etdiler. Emma Ýehowanyň halky wagyz etmegini bes etmedi. 1930-njy ýyllarda ähli ýygnaklar köp adamlara hoş habary ýetirmek üçin «köpçülikleýin» wagyz işini gurnadylar. Häkimiýet käbir wagyzçylary tussag etse-de, wagyz işini ýatyryp bilmedi, çünki wagyzçylar örän köpdi. Sen wagyz işine özüni bagyş eden dogan-uýalara hormat goýýarmyň? Bu seni-de ýekşenbe günleri wagyz etmäge höweslendirýärmi?

3. Näme üçin ýekşenbe günleri wagyz etmek amatly?

3 Wagyz üçin amatly gün. Köp adamlar ýekşenbe günleri öýde dynç alýarlar. Şol gün käbir hudaýhon adamlar Hudaý barada gürrüň etmegi gowy görýärler. Eger ýekşenbe güni ýygnak duşuşygy bar bolsa, onda duşuşykdan öň ýa-da soň wagyz etsek gowy bolmazmy? Şonda ýanymyz bilen garbanara zat alyp bileris.

4. Ýekşenbe günleri wagyz etsek nähili şatlyk taparys?

4 Biz ýekşenbe günleri wagyz etsek-de, dynç almaga-da wagt tapyp bileris. Gaýtam, mukaddes gulluga gatnaşyp, dynç almakdan lezzet taparys (Sül. tym. 3:24). Hatda wagyzda Lidiýa ýaly hakykaty höwes bilen kabul etjek adama duşmagymyz hem mümkin.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş