45-NJI SAPAK
Aýdyň mysallar arkaly öwretmek
AÝDYŇ MYSALLAR — tälim bermegiň iň gowy usuly. Olar diňleýjiniň ünsüni özüne çekip, dykgatly bolmaga has gowy kömek edýär. Şeýle-de oýlanmaga we aýdylan zatlary ýatda saklamaga ýardam berýär. Olar adamyň duýgusyna, ynsabyna we ýüregine täsir edýär. Käte aýdyň mysallary öňden galan ters pikiri ýeňmek üçin ulansa bolýar. Siz tälim bereniňizde bu usuly ulanýarmysyňyz?
Meňzetmeler — aýdyň mysallar bolup, olary bary-ýogy birnäçe sözler bilen aýdyp bolýar; olar aýdylan zady adamyň pikirinde aýdyň suratlandyrýar. Meňzetmeler dogry saýlanylsa, olaryň manysyny doly düşündirmek gerek bolmaýar. Emma mugallym aýdylanlaryň wajyplygyny nygtamak üçin gysgaça düşündiriş berip biler. Mukaddes Ýazgylarda meňzetmeler köp ulanylýar. Siz olardan öwrenip bilersiňiz.
Deňeşdirmeden we metaforadan başlaň. Deňeşdirme — meňzetmäniň ýönekeý görnüşi. Eger siz aýdyň mysallary ulanmagy öwrenýän bolsaňyz, onda deňeşdirmelerden başlasaňyz peýdaly bolar. Olar, köplenç, «kimin» we «ýaly» sözler bilen aýdylýar. Biri-birinden biraz tapawutlanýan iki zat deňeşdirilende, olaryň arasyndaky umumy meňzeşlik nygtalýar. Mukaddes Ýazgylarda ösümlikler, haýwanlar, asman jisimleri we adamlaryň durmuşy bilen baglanyşykly zatlar arkaly meňzetmeler getirilýär. Zebur 1:3-de Hudaýyň Sözüni yzygiderli okaýan adam «akar suwlar ýakasynda ekilen... agaç ýaly bolar» diýilýär, ol miwesini wagtynda berýär we ýapragy solmaýar. Erbet adama «arslan kimindir» diýilýär, ol oljasyny tutmak üçin gizlenip ýatýar (Zeb. 10:9). Ýehowa Ybraýym pygambere: «Nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin» diýip wada beripdi (Gel. çyk. 22:15—17). Ýehowa ysraýyl halky bilen ýakyn gatnaşygyny şeýle beýan etdi: «Guşak ynsanyň biline nähili ýapyşýan bolsa, Men hem tutuş ysraýyl we ýahuda halklaryny Özüme şeýle ýapyşdyraryn» (Ýer. 13:11).
Metafora — biri-birinden düýbünden tapawutlanýan iki zadyň arasyndaky meňzeşligi görkezýär. Şeýle ýagdaýda bir zat barada gürrüň edilende ikinji zat göz öňünde tutulýar we biriniň häsiýeti beýlekisinde görkezilýär. Isa şägirtlerine: «Siz dünýäniň yşygysyňyz» diýdi (Mat. 5:14). Ýakup şägirt erk edilmedik diliň ýetirip biljek zyýany barada şeýle ýazdy: «Dil otdur» (Ýakup 3:6). Dawut Ýehowa şeýle nagma aýtdy: «Meniň gaýam, berkitmäm Sensiň» (Zeb. 31:3). Gowy saýlanan metaforalary, köplenç, biraz düşündirmeli bolsa, käte olary düşündirmek gerek bolmaýar. Deňeşdirme gysga bolsa, onuň täsiri güýçli bolýar. Pikirler ýönekeý sözler bilen däl-de, metafora arkaly aýdylsa, diňleýjileriň ýadynda gowy galýar.
Giperbola — bir zady çakdanaşa ulaldyp görkezmek. Emma ony ulananyňda seresap bolmaly, ýogsam oňa nädogry düşünerler. Isa ýatdan çykmajak pikiri şekillendirmek üçin meňzetme usulyny ulandy. Ol şeýle sorag berdi: «Näme üçin sen doganyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň?» (Mat. 7:3). Giperbolany ýa-da başga bir meňzetmäni ulanmazdan öň, siz deňeşdirmäni we metaforany ökdelik bilen ulanmagy öwreniň.
Aýdyň mysallary ulanyň. Meňzetme usulyny ulanmagyň ýerine, siz toslanan ýa-da hakyky bolan wakalary ulanyp hem bilersiňiz. Olar, köplenç, çylşyrymly bolýar we esasy zatdan ünsüňi sowýar, şol sebäpli olary başarnykly ulanmak gerek. Şeýle mysallary diňe wajyp pikirleri tassyklamak üçin ulanmaly we diňleýjiler diňe bir wakany däl-de, eýsem, şol arkaly berilýän maslahaty-da ýadynda saklar ýaly gürrüň bermeli.
Aýdyň mysallaryň ählisini durmuşdan almak hökman bolmasa-da, olar adamlaryň hakyky garaýşyny we ýagdaýlaryny görkezmeli. Isa tälim berende, toba eden günäkär adama nähili garaýyşda bolmalydygyny görkezmek üçin, ýiten goýnuny tapan adamyň nähili şatlanandygyny gürrüň berdi (Luka 15:1—7). Musanyň kanunyndaky goňşyňy söýmeli diýen tabşyrygyň manysyna doly düşünmedik kanunça Isa ýaralanan adama ruhanynyň we lewiniň kömek etmän, samariýalynyň kömek edendigini gürrüň berdi (Luka 10:30—37). Eger siz adamlaryň garaýşyna we hereketlerine syn etmegi öwrenseňiz, tälim bermegiň şu usulyny ökdelik bilen ulanyp bilersiňiz.
Natan pygamber günä eden Dawut patyşanyň ýagdaýyna degişli bir toslama wakany gürrüň berdi. Bu waka örän täsirlidi, sebäbi onuň gürrüň berlişi Dawuda özüni aklamaga mümkinçilik bermeýärdi. Natan bir baý adamyň köp goýunlarynyň bolandygyny we bir garyp adamyň bolsa söýgi bilen aladasyny edýän ýekeje guzusynyň bardygyny gürrüň berýär. Dawut öň çopan bolupdy, şol sebäpli ol garyp adamyň duýgusyna gowy düşünýärdi. Ol baý adamyň garybyň eý görýän guzusyny elinden alandygyna örän gaharlanýar. Şonda Natan Dawuda: «Şol adam — sen!» diýip, göni aýdýar. Bu sözler Dawudyň ýüregine güýçli täsir edýär we ol ýürekden toba edýär (2 Şam. 12:1—14). Wagtyň geçmegi bilen, siz-de duýgy bilen baglanyşykly mysallary özüne çekiji edip gürrüň bermegi öwrenersiňiz.
Tälim bermek üçin gowy mysallary Mukaddes Ýazgylardan alsa bolýar. Isa-da käbir mysallary Mukaddes Ýazgylardan alypdy. Bir sapar ol: «Lutuň aýalyny ýada salyň!» diýip, ýönekeý bir mysal getirdi (Luka 17:32). Özüniň gelmegi bilen bagly alamaty jikme-jik düşündirende, ol «Nuhuň günlerine» salgylandy (Mat. 24:37—39). Pawlus resul Ýewreýler kitabynyň 11-nji babynda Hudaýa wepaly 16 sany erkekdir aýallaryň adyny agzap, olary mysal getirýär. Siz-de Mukaddes Ýazgylary gowy öwrenip, ondaky dürli wakalardan we adamlaryň durmuşyndan ajaýyp mysallary alyp bilersiňiz (Rim. 15:4; 1 Kor. 10:11).
Käte berlen maslahatyň wajyplygyny nygtamak üçin häzirki bolýan wakalardan mysal getirse bolýar. Emma munuň üçin wakanyň hakykatdanam bolandygyny anyklamaly we kimdir birini oňaýsyz ýagdaýa salmakdan ägä bolmaly. Şeýle-de diňleýjileriň ünsüni tema bilen baglanyşykly bolmadyk jedelli meselä çekmejek bolmaly. Mysaly belli bir maksada görä ulanmagy-da unutmaň. Gerekmejek jikme-jiklikleri gürrüň bermekden gaça duruň, sebäbi bu sizi maksadyňyzdan daşlaşdyrar.
Mysallar düşnükli bolarmy? Her bir aýdyň mysal belli bir maksat üçin ulanylýar. Eger mysaly tema bilen baglanyşdyryp bilmeseňiz, goýan maksadyňyza ýetip bilersiňizmi?
Isa şägirtlerine siz «dünýäniň yşygysyňyz» diýenden soňra, çyranyň ulanylyşyny gysgaça ýatladyp, olaryň nähili borjy ýerine ýetirmelidigini görkezdi (Mat. 5:15, 16). Ol ýiten goýun tymsalyny gürrüň berende, toba eden günäkär üçin gökde uly şatlygyň bolýandygyny aýtdy (Luka 15:7). Rehimdarlyk bildiren samariýaly adam baradaky tymsaly gürrüň berip, Isa gürrüňdeşine oýlanyşykly bir sorag berensoň, göni maslahat berdi (Luka 10:36, 37). Emma Isa topragyň dürli görnüşleri we ekin meýdanyndaky haşal ot hakyndaky tymsallaryň manysyny märekä düşündirmedi; ol muny diňe kiçigöwünlilik bilen onuň ýanyna gelip soranlara düşündirdi (Mat. 13:1—30, 36—43). Ölmezinden üç gün öň, Isa zalym bagbanlar baradaky tymsaly gürrüň berdi. Isa bu tymsalyň manysyny düşündirmedi, onuň geregi-de ýokdy. Sebäbi «baş ruhanylardyr fariseýler... özleri hakda gürrüň edýänini aňdylar» (Mat. 21:33—45). Diýmek, aýdyň mysaly düşündirmelimi ýa-da düşündirmeli däl, ýa-da näçeräk düşündirmelidigi getirilen mysala, diňleýjileriň garaýşyna we goýlan maksada bagly bolýar.
Aýdyň mysallary ökdelik bilen ulanmagy öwrenmek üçin wagt gerek, ýöne bu edilen tagalla degýär. Gowy saýlanan aýdyň mysallar diňe bir aňyňa däl, eýsem, ýürege-de täsir edýär. Olar aýdylan zatlaryň täsirini güýçlendirýär, emma muny hemişe diňe delilleri getirmek bilen edip bolmaýar.