Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sah. 4—sah. 8 abz. 1
  • Wagyz mekdebine hoş geldiňiz!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagyz mekdebine hoş geldiňiz!
  • Wagyz mekdebi
  • Sözbaşylar
  • Yhlasly okaň
Wagyz mekdebi
be sah. 4—sah. 8 abz. 1
5-nji sahypadaky surat

Wagyz mekdebine hoş geldiňiz!

ÝER ÝÜZÜNDE 200-den gowrak döwletde ýaşaýan millionlarça adamlar Wagyz mekdebinde okaýarlar. Olaryň käbiri ençeme ýyldan bäri, käbiri bolsa ýaňy-ýakynda okap başlady. Bu mekdep ýüz müňden gowrak ýygnaklarda her hepdede geçirilýär. Şol sebäpli sen nirede ýaşasaň-da, Wagyz mekdebine ýazylyp bilersiň. Her bir adam ýaşyna, milletine we bilimine garamazdan, bu mekdepde mugt bilim alyp biler.

1943-nji ýylda Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnagynda döredilen Wagyz mekdebiniň maksady şeýle düşündirilipdi: «Hudaýyň Sözüni eşidip, iman eden sadyk adamlary beýlekilere-de „öwretmäge ukyply“ etmeli we olaryň her birini ýüregindäki umydy hakda wagyz etmäge doly taýýarlamaly» («Wagyz üçin sapaklar», s. 4, iňl.). Mekdebiň maksady şu günlerem üýtgemedi.

Biz Hudaýyň beren dilini nädip has gowy ulanyp bileris? Mezmurçy şeýle diýýär: «Dem alýan ähli jemende Rebbe sena etsin» (Zeb. 150:6). Biz gökdäki Atamyzy şöhratlandyryp, ony begendirýäris hem-de onuň ýagşylygyna we söýgüsine ýürekden minnetdardygymyzy görkezýäris. Injilde-de mesihçilere «Hudaýa elmydam öwgi gurbanlaryny, Onuň adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürlemek» maslahat berilýär (Ýew. 13:15). Biz Wagyz mekdebi Ýehowany has-da gowy şöhratlandyrmagy öwreder diýen ynam bilen, sizi oňa gatnaşmaga çagyrýarys.

Wagyz mekdebinde labyzly okamaklyga, dilewarlyga we mugallymçylyk tärlerine köp üns berilse-de, bu duşuşygyň peýdasy has köpdür. Mekdebe ýazylanlar özbaşdak okamagy, diňlemegi, ýatda saklamagy, gözleg geçirmegi, derňemegi, ýygnanan maglumaty belli bir tertipde düzmegi, söhbetdeş bolmagy, soraglara jogap bermegi, hat ýazmagy we şuňa meňzeş zatlary öwrenýärler. Mekdepde Mukaddes Ýazgylar hem-de oňa esaslanan edebiýatlar öwrenilip, şoňa görä jogap berilýär we çykyş edilýär. Sen Hudaýyň Sözündäki gymmatly hakykaty bilip, Ýehowa ýaly pikirlenmegi öwrenersiň. Bu saňa durmuşyň ähli ýagdaýlarynda kömek eder. Hudaýyň Sözüniň peýdasy barada XX asyrda ýaşan uniwersitetiň bir mugallymy Uillýam Laýon Felps şeýle diýdi: «Mukaddes Ýazgylary gowy bilýän her bir adama, hakykatdan-da, bilimli diýse bolar... Meniň pikirimçe, Mukaddes Ýazgylaryň berýän bilimi uniwersitetiň biliminden has ýokary. Mukaddes Ýazgylaryň bilimi bolmasa, uniwersitet biliminiň peýdasy ýokdur».

Yhlasly okaň

4-nji sahypadaky tutuş sahypany tutýan surat

Elbetde, Wagyz mekdebinde berilýän bilimi doly özleşdirmek üçin köp tagalla etmeli. Pawlus resul ýoldaşy Timoteosa şeýle maslahat berdi: «Bu işlerde yhlasly bol. Ilerleýşiňi hemmeleriň görmegi üçin bular bilen meşgullan» (1 Tim. 4:15). Munuň üçin siz näme edip bilersiňiz?

Mümkin boldugyndan, Wagyz mekdebine her hepde gatnaşjak boluň. «Wagyz mekdebi» kitabyny paýhasly ulanyň. Kitabyň birinji sahypasyndaky ýörite bellenen ýere adyňyzy ýazyň. Mekdebe geleniňizde, kitaby getirmegi ýatdan çykarmaň. Bu kitap ýörite ulanmak üçin niýetlenendir. Siz wajyp pikirleriň aşagyny çyzyp bilersiňiz. Her sahypada gerekli bellikleri etmek üçin boş ýerler bar. Oňa mekdepde aýdylan peýdaly maslahatlary ýazyp bilersiňiz.

Mekdebe her hepde taýýarlananyňyzda, esasy okuw kitabynyň Mukaddes Ýazgylardygyny unutmaň. Ilki bilen, her hepdede Mukaddes Ýazgylardan okalmaly aýatlary okamaly. Şeýle-de başga ýumuşlara degişli temalary hem öňünden okamak peýdalydyr.

Mekdepde käte diňleýjileriň hem gatnaşmagyna mümkinçilik berilýär. Olara doly gatnaşjak boluň. Bu size eşiden zatlaryňyzy ýatda saklamaga we olary durmuşyňyzda ulanmaga kömek eder.

Mekdebe ýazylanlaryň ählisine çykyş etmäge we sahna taýýarlamaga mümkinçilik berilýär. Şeýle mümkinçiligi sypdyrmaň. Berlen sapagyň üstünde jan edip işläň. Tejribe toplamagyňyz üçin size maslahatlar berler. Olary ýürekden kabul ediň. Berlen görkezmäni kitabyňyza bellik ediň. Adam öz kemçiligini görüp bilmeýär, şol sebäpli Mukaddes Ýazgylar esasynda söýgi bilen berlen maslahatlar size ruhy taýdan ösmäge ýardam eder. Şeýle maslahatlar Mekdepde köp ýyldan bäri okaýanlara-da peýdaly bolar (Sül. tym. 1:5).

Siz ruhy taýdan çalt ösmek isleýärmisiňiz? Munuň üçin her bir ýumşa öňünden taýýarlanmaly. Kimdir biriniň ýerine çykyş etmeli bolanda, siz öz kömegiňizi teklip edip bilersiňiz. Bu size tejribe toplamaga kömek eder. Başgalar çykyş edende, olary ünsli diňläň. Sebäbi biz biri-birimizden öwrenýäris.

Şeýle-de bu okuw kitabyny ýagdaýyňyza görä özbaşdak öwrenseňiz, size mugallymçylyk ukyplaryňyzy ösdürmäge kömek eder. Kitabyň başyndaky 15 bölümi öwrenip, soňra 78-nji sahypadan başlanýan «Dilewarlyk we mugallymçylyk tärlerini ösdürmek üçin meýilnama» boýunça taýýarlanmagy dowam ediň. Ilki, sapagy öwrenip, soňra oňa degişli gönükmeleri ýerine ýetiriň. Öwrenen zatlaryňyzy wagyzda ulanyň. Şonda siz dilewarlyk tärlerini öwrenip, Hudaýyň Sözüniň ökde mugallymy bolarsyňyz.

Wagyz mekdebinde öwrenen zatlaryňyz size durmuşda iň wajyp işi berjaý etmäge kömek eder. Biz Hudaýy şöhratlandyrmaly, sebäbi biz Ol arkaly ýaşaýandyrys. Ýehowa Hudaý beýik şöhrata mynasypdyr (Ylh. 4:11). Wagyz mekdebiniň berýän bilimi bize Ýehowany şeýle şöhratlandyrmaga mümkinçilik döredýär, çünki biz aýdyň pikirlenmegi, paýhasly bolmagy we ajaýyp hakykaty ökdelik bilen wagyz etmegi öwrenýäris.

MEKDEBIŇ AÝRATYNLYKLARY

  • Mukaddes Ýazgylaryň esasynda her hepde okalýar, öwrenilýär we derňelýär.

  • Labyzly okamak, dilewarlyk we mugallymçylyk tärleri öwredilýär.

  • Diňleýjilere pikirini aýtmaga mümkinçilik berilýär.

  • Ýygnakda çykyş edilýär.

  • Her bir okuwça aýratyn kömek berilýär.

ŞU ZATLARA ÜNS BERILÝÄR

  • Diňlemek we ýatda saklamak.

  • Özbaşdak okamak.

  • Öwrenmek.

  • Gözleg geçirmek.

  • Derňemek we ýygnalan maglumaty belli bir tertipde düzmek.

  • Söhbetdeş bolmak.

  • Soraglara jogap bermek.

  • Pikiriňi ýazuw üsti bilen beýan etmek.

BIZ NÄMÄ ESASLANÝARYS?

Pikiriňi düşündirip bilmek we adamlar bilen söhbetdeş bolmak hakyky sungatdyr. Muny her bir adam başaryp bilmeýär. Bu sungaty öwrenmek üçin köp kitaplar ýazyldy. Emma adamlara dil beren Ýaradyjy dilewarlyk we mugallymçylyk tärlerini hemmelerden gowy bilýär. Hudaý ynsanyň beýnisini, dilini we başga-da ajaýyp zatlary ýaradanda, onuň ýalňyz Ogly Ussa kimin ýanyndady.

Perişdeleriň we adamlaryň ýaradylmagy bilen, Ogul Hudaýyň Sözi boldy, ýagny Hudaý olara Ogly arkaly görkezme berýärdi (Sül. tym. 8:30; Ýahýa 1:1—3). Soňra Hudaý ony Reb Isa Mesih hökmünde ýer ýüzüne iberdi. Ol barada Injilde: «Märeke Onuň taglymatyna haýran galdy» diýilýär. Bir gezek onuň sözlerini diňlän adamlar: «Hiç kim hiç haçan bu Adamyňky ýaly geplemändi» diýdiler (Mat. 7:28; Ýahýa 7:46). Injilde Isa pygambere 40 sapardan gowrak Mugallym diýilýär. Dogrudan-da, biz dilewarlyk we mugallymçylyk babatda Isadan köp zatlary öwrenip bileris.

Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň dürli adamlar arkaly islegini berjaý edendigi aýdylýar. Olaryň käbiri gysga, ýöne täsirli habary yglan etdiler. Käbiri märekäniň öňünde çykyş etmeseler-de, hak Hudaý we onuň niýetleri barada wepaly wagyz etdiler. Megerem, olaryň köpüsi dile çeper bolan däldir. Muňa garamazdan, Hudaý olaryň eden tagallasyny ýalkady. Biz Mukaddes Ýazgylary okap, olaryň Hudaýa gulluk edişinden köp zatlary öwrenip bileris (Zeb. 68:11).

Elbetde, Mukaddes Ýazgylar dilewarlyk sungaty boýunça okuw kitaby däl. Ýöne düşünjeli hem paýhasly okyjy ondan dilewarlyk we mugallymçylyk barada köp gymmatly zatlary öwrenip biler. «Wagyz mekdebi» kitaby hem şeýle maksat bilen taýýarlanyldy.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş