Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • fg sap. 1 soraglar 1—3
  • Bu hoş habar näme barada?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Bu hoş habar näme barada?
  • Hudaýyň hoş habary
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?
    Hudaýyň hoş habary
  • Hak Hudaý kim?
    Hudaýyň hoş habary
Hudaýyň hoş habary
fg sap. 1 soraglar 1—3

1-NJI SAPAK

Bu hoş habar näme barada?

1. Hudaý adamlara näme habar berýär?

Allatagala adamlaryň ýer ýüzünde lezzet alyp ýaşamagyny isleýär. Ol Ýer şaryny we ondaky zatlary adamlary söýýändigi üçin ýaratdy. Tizden Allatagala dünýäniň ähli ýerinde ajaýyp şertler döreder. Ol adamzadyň ejir çekmegine sebäp bolýan ähli zady ýok eder. 1 Timoteos 6:19-y okaň.

Ýer ýüzündäki hökümdarlyklaryň hiç biri zorlugy, keselçiligi we ölümi aýryp bilmedi. Emma Hudaý bize gowy habar aýdýar. Ol tizden adamzat häkimiýetleriniň ýerine Öz häkimiýetini berkarar eder. Hudaýyň häkimiýetiniň raýatlary parahat we sagdyn durmuşda ýaşarlar. Ylham 11:15; 21:3, 4-nji aýatlary okaň.

2. Hoş habary eşitmek näme üçin wajyp?

Allatagala ýer ýüzünden erbet adamlary ýok eder, şondan soňra hiç bir adam ejir çekmez (2 Selanikliler 1:8). Bu haçan bolar? Şu günler bolýan wakalar Mukaddes Ýazgylarda öňünden pygamberlik edilipdi. Bu zatlar Hudaýyň tizden hereket edip başlajakdygyny görkezýär. 2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlary okaň.

3. Biz näme etmeli?

Biz Mukaddes Ýazgylardan Hudaý barada bilim almaly. Bu kitaby söýgüden doly atanyň çagalaryna ýazan haty bilen deňeşdirse bolar. Onda durmuşyňy häzirden nädip bagtly edip bolýandygy we gelejekde ebedi ýaşamak üçin näme etmelidigi düşündirilýär. Elbetde, Mukaddes Ýazgylary öwrenýändigiňizi käbir adamlar halamaz. Emma ajaýyp durmuşda ýaşamak mümkinçiligini elden gidirmäň. Süleýmanyň tymsallary 29:25; Ylham 14:6, 7-nji aýatlary okaň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş