-
Resmi web-sahypamyzy wagyzda ulanyňHudaýa gullugymyz — 2012 | dekabr
-
-
Resmi web-sahypamyzy wagyzda ulanyň
Adamlary web-sahypamyz bilen tanyşdyryň. Käbir adamlar biziň bilen gürleşmäge ýa-da edebiýat almaga çekinse-de, öýünde www.jw.org web-sahypa girip, Ýehowanyň Güwäçileri barada köpräk bilmek islemegi mümkin. Şonuň üçin her bir mümkinçilikden peýdalanyp, adamlara web-sahypamyz hakda gürrüň beriň.
Sowallaryň jogaby. Käte wagyzda öý eýesi, gyzyklanýan adam ýa-da tanyş-bilşimiz Ýehowanyň Güwäçileri ýa-da ynançlarymyz hakda sorag berýär. Şeýle ýagdaýda el telefony ýa-da kompýuteri ulanyp, oňa dessine jogap berip bilersiň. Aýatlary Mukaddes Ýazgylaryň özünden okap berseň, köplenç has gowy bolýar. Eger Internet ýanyňda ýok bolsa, onda oňa www.jw.org web-sahypanyň kömegi bilen soragyna nädip jogap tapyp biljekdigini düşündir. «Bibleýskiýe uçeniýa/Otwety na bibleýskiýe woprosy ýa-da O nas/Çasto zadawaýemyýe woprosy» (Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary/Mukaddes Ýazgylar boýunça soraglaryň jogaby ýa-da Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary/Köp berilýän soraglar).
Makala ýa-da edebiýat iber. Elektron poçta boýunça ýazýan hatyň bilen PDF ýa-da EPUB faýly hem goşup iber. Ýa-da CD-diske edebiýatyň audioýazgysyny ýazyp ber. Suwda çokundyrylmadyk birine tutuş elektron kitaby, broşýurany ýa-da žurnaly her gezek bereniňde, wagyz hasabatyňa bir kitap, broşýura ýa-da žurnal ýaýradandygyň hakynda ýazyp bilersiň. «Publikasii» (Edebiýatlar) bölümini açyp görüň.
Ýehowanyň Güwäçileri barada soňky täzelikleri görkeziň. Bu Mukaddes Ýazgylary öwrenýän we ikilenç ideg edilýän adamlara bütin dünýäde wagyz işiniň gidişini we mesihçileriň agzybirligini görmäge kömek eder (Zeb. 133:1). «Nowosti» (täzelikler) bölümini açyp görüň.
-
-
Resmi web-sahypamyzy ulanyp, başga dilde gürleýän adama kömek ediňHudaýa gullugymyz — 2012 | dekabr
-
-
Resmi web-sahypamyzy ulanyp, başga dilde gürleýän adama kömek ediň
Web-sahypamyzy görkeziň. Web-sahypany ene dilinde okamak üçin «Ýazyk saýta» (sahypanyň dili) diýen düwmejik boýunça gerekli dili saýlamagy öwrediň (Käbir dillerde web-sahypanyň ähli bölümleri açylmaýar).
Ene dilinde web-sahypany görkeziň. Oňa bir edebiýatyň, meselem, «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabyň ýa-da «Siziň hakykaty bilesiňiz gelýärmi?» kitapçanyň sahypasyny görkeziň. Soňra «Çitat» (okamak) diýen düwmejigi basyp, gerekli dili saýlaň.
Makalany diňlediň. Gyzyklanýan adamyň ene dilinde ýazylan makalanyň audioýazgysyny tapyp, oňa diňlediň. «Publikasii/Knigi i broşýury ýa-da Publikasii/Žurnaly» (Edebiýatlar/Kitaplar we broşýuralar ýa-da Edebiýatlar/Žurnallar) diýen bölümleri açyp görüň.
Lal adamlara wagyz ediň. Eger sen lal adamy tapsaň, Mukaddes Ýazgylardan, kitapdan, broşýuradan bir babyň ýa-da kitapçanyň lal dilindäki wideoýazgysyny görkez. «Publikasii/Žestowyý ýazyk» (Edebiýatlar/Lallar dili) diýen bölümi açyp görüň.
-