«Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyndan okuw geçmäge kömek ediň
1. Näme üçin käbir adamlar «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny okamak islemeýär?
1 Ýehowa sežde etmek isleýän her bir adam Mukaddes Ýazgylaryň taglymatyny öwrenmeli. Emma hristian dinine uýmaýan adamlar Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigine ynanmaýarlar. «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny okamak islemeýän adamlara nähili esbaplar arkaly kömek edip bolýar? Geliň, 20 ýurtda gulluk edýän wagyzçylaryň ýazan hatlarynyň esasynda aşakda getirilen maslahatlara seredeliň.
2. Adam «Hudaýa ynanmaýaryn» diýse, nämäni biljek bolmaly we näme üçin?
2 Hudaýa ynanmaýan adamlara kömek ediň. Eger-de kimdir biri «Men Hudaýa ynanmaýan» diýse, onuň sebäbini bilseňiz gowy bolar. Belki, ol ewolýusiýa taglymatyna ynanýandyr. Ýa-da dünýäde bolýan adalatsyzlyk we hudaýhon adamlaryň ikiýüzliligi sebäpli Hudaýa ynanmagyny bes edendir. Ýa-da ol Hudaýa ynanmak gadagan edilen ýurtdan gelendir. Belki, ol Hudaýyň bardygyny doly inkär edýän däldir, ýöne oňa ynanmagyň gerekdigine-de düşünmeýändir. Şeýle ýagdaýda wagyzçylaryň köpüsi adamyň pikirini bilmek üçin: «Siz hemişe şeýle pikir edýärdiňizmi?» diýip sorag berýärler we sözüni bölmän diňleýärler. Biz adamyň Hudaýa näme sebäpden ynanmaýandygyny bilsek, nähili jogap bermelidigini we haýsy edebiýaty hödürlemelidigini bileris (Sül. tym. 18:13).
3. Adama hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris?
3 Adam bilen gepleşeniňizde, ol özüne hüjüm edilýän ýaly duýmasyn. ABŞ-dan gelen maslahatlaryň birinde şeýle diýilýär: «Adamyň garaýşyna hormat goýmaly, çünki ol nämä ynanmalydygyny özi çözýär. Jedel etmegiň deregine, adamyň oýlanyp, özi netijä geler ýaly, sorag berseňiz gowy bolar». Bir aýlanýan gözegçi dogan adamyň pikirini bilenden soň, şeýle sözler bilen gürrüňe başlaýar: «Şu mümkinçilik barada oýlanyp görüpmidiňiz?»
4. Buddistlere nädip kömek edip bileris?
4 Buddistleriň köpüsi hak Hudaýy tanamaýarlar. Şol sebäpli siz olara jw.org saýtymyzdan olaryň ene dilindäki «Hakyky parahatlyk we bagt. Olara nädip ýetmeli?» atly broşýuranyň elektron ýa-da çap edilen görnüşini okamaga berip bilersiňiz. Soňra siz «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny görkezip, şeýle diýip bilersiňiz: «Siz Hudaýa ynanmaýan bolsaňyz hem Mukaddes Ýazgylary öwrenseňiz peýdaly bolar, sebäbi onda köp gerekli maslahatlar berilýär». ABŞ-da hytaý territoriýasynda gulluk edýän bir pioner şeýle diýýär: «Biziň territoriýamyzda ýaşaýan adamlaryň köpüsi okamagy gowy görýärler. Biz ikilenç idege baranymyzda, köplenç olar alan edebiýatyny okap bolýarlar. Emma olar Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmelidigine düşünmeýärler. Şol sebäpli men olara wagyz edenimde, söhbetdeşlik etmek üçin niýetlenen «Hoş habar» atly broşýurany hödür edýärin. ABŞ-da hytaý territoriýasynda aýlanýan gözegçi bolup gulluk edýän dogan «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» atly kitaby wagyzda hem hödür edip bolýandygyny aýdýar. Emma sapagy Hudaý baradaky hakykaty gürrüň berýän 1-nji bapdan däl-de, Mukaddes Ýazgylar barada maglumat berýän 2-nji bapdan başlasaň, gowy bolýandygyny aýdýar.
5. Sabyrly bolmak näme üçin wajyp?
5 Adamyň Allatagala ynanmagy üçin wagt gerek, şol sebäpli sabyrly bolmak wajypdyr. Adam bilen birnäçe gürrüňdeşlik geçirenden soňra, derrew Ýaradyja ynanar öýtmeli däl. Emma ol wagtyň geçmegi bilen, belki, Hudaýyň bardygyna ynanar ýa-da adamlaryň Hudaýa näme üçin ynanýandygyny aýdar.
6. Näme üçin käbir adamlar Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanmaýar?
6 Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanmaýan ýa-da oňa ynanmaýanlara kömek ediň. Adamlar Hudaýyň bardygyna ynansalar-da, köplenç Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanmaýarlar, çünki ony Hudaýyň Sözi hasaplamaýarlar. Belki, olar hristian dinine uýmaýan ýurtda ýaşaýandyklary üçin Mukaddes Ýazgylar hristianlaryňkydyr öýdýändirler. Ýa-da olar hristian dinine uýýan ýurtda ýaşasalar-da, özleriniň kän bir hudaýhon bolmandyklary üçin Mukaddes Ýazgylaryň peýdalydygyna düşünmeýändirler. Biz şeýle adamlary Mukaddes Ýazgylar bilen nädip gyzyklandyryp bileris? Olar bilen «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby arkaly nädip okuw geçip bileris?
7. Adamlary nädip Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklandyryp bolýar?
7 Gresiýanyň filialyndan şeýle hat geldi: «Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanmaýan adama kömek etmek üçin, Mukaddes Ýazgylary açyp, onda näme diýilýänini görkezseň gowy bolýar. Wagyzçylaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylardaky aýatlary öz sözi bilen aýtmagyň deregine, ony okap bereniňde adamlaryň ýüregine täsir edýändigine üns berdiler (Ýew. 4:12). Adamlaryň köpüsi Hudaýyň adynyň Mukaddes Ýazgylardan görüp, okuw geçmäge razylaşýarlar». Hindistandaky filialdan şeýle hat geldi: «Induslaryň köpüsi ýaşaýyş we ölüm baradaky hakykat bilen gyzyklanýarlar. Sebäbi Mukaddes Ýazgylar täze dünýäde adamlaryň gatlaklara bölünmejekdigini wada berýär». Wagyzçylar ýaşaýan ýerindäki kynçylyklar barada agzap, ony Hudaýyň Patyşalygynyň çözjekdigini Mukaddes Ýazgylardan görkezýärler.
8. Mukaddes Ýazgylar hristianlaryňky diýýän adamlara nädip kömek edip bolar?
8 Eger kimdir biri Mukaddes Ýazgylaryň hristian dinine degişli bolandygy üçin ters pikirde bolsa, onda hristian dinine uýýanlaryň ony ýoýýandyklaryny düşündir. Hindistandaky filialdan gelen hatda şeýle diýilýär: «Käwagt biz adamlara hristian buthanalarynyň Mukaddes Ýazgylara eýermeýändigini düşündirmeli bolýarys». Dogan-uýalar induslara hristianlaryň Hudaýyň Sözüni ýoýýandyklaryny we ony ýok etjek bolandyklaryny düşündirenlerinde geň galýarlar. Braziliýaly bir pioner dogan adamlara şeýle diýýär: «Siz Mukaddes Ýazgylar barada köpräk bilmek isleýärmisiňiz? Köp adamlar Hudaýyň Sözüni hiç hili dini we öňden galan ters pikiri ara goşman öwrendiler. Siz Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýändigini bilip haýran galarsyňyz».
9. Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanmasalar näme üçin ruhdan düşmeli däl?
9 Ýehowa ähli adamlaryň ýüreklerini görýär (1 Şam. 16:7; Sül. tym. 21:2). Ol akýürekli adamlary hakyky seždä çekýär (Ýahýa 6:44). Belki-de, adamlaryň köpüsi öň Hudaý we Mukaddes Ýazgylar barada bilim alan däldirler. Biz olara wagyz edip, olaryň «gutulmagyna, hakykat bilimine ýetmegine» mümkinçilik döredýäris (1 Tim. 2:4). Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylaryň taglymaty bilen gyzyklanmasalar-da, siz ruhdan düşmäň! Olaryň ene dilindäki esbaplary ulanyp, gyzyklandyrmaga çanşyň. Şeýle-de siz şol esbaplaryň esasynda gürründeşlik edip, «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitap boýunça sapak geçip bilersiňiz.