11-NJI BÖLÜM
Biz kongresleri näme üçin geçirýäris?
Meksika
Germaniýa
Botswana
Nikaragua
Italiýa
Bu adamlar näme üçin şatlanýarlar? Sebäbi olar kongrese geldiler. Geçmişde ýaşan Hudaýyň gullukçylary ýylda üç sapar ýygnanyşmalydylar. Şu günler biz hem köpçülik bolup duşuşýarys we şeýle duşuşyklara sabyrsyzlyk bilen garaşýarys (Kanun taglymaty 16:16). Biz her ýyl üç sany kongres geçirýäris: iki sany bir günlük etrap kongresleri we üç günlük welaýat kongresi. Bu duşuşyklar bize nähili peýda getirýär?
Bütindünýä doganlygymyzy berkidýär. Gadymy ysraýyllylar «ýygnaklarda» Ýehowany şatlyk bilen şöhratlandyrypdyrlar. Şu günler biz hem Ýehowa şatlyk bilen sežde etmek üçin kongreslere barýarys (Zebur 26:12; 111:1). Şeýle duşuşyklar bize başga ýygnaklardan we ýurtlardan gelen dogan-uýalar bilen tanyşmaga hem-de gürrüňdeş bolmaga mümkinçilik döredýär. Biz arakesme wagty kongres geçirilýän ýerden uzaga gitmän, dogan-uýalar bilen günortanlyk naharyny iýýäris we olar bilen gürrüňdeş bolup, dostlaşýarys (Resullaryň işleri 2:42). Biz kongreslerde bütindünýä doganlygymyzy berkidýän söýgini görýäris (1 Petrus 2:17).
Ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Ysraýyl halky Mukaddes Ýazgylardan peýda alar ýaly, olara Hudaýyň kanunynyň «sözleri düşündirilýärdi» (Nehemýa 8:8, 12). Biz hem kongreslerde Mukaddes Ýazgylaryň esasynda berilýän görkezmeleri gymmat saýýarys. Olarda gürrüň edilýän temalar Mukaddes Ýazgylara esaslanýar. Biz kongreslerde çykyş edilýän gyzykly nutuklar we sahnalar arkaly Hudaýyň islegini berjaý etmegi öwrenýäris. Şeýle-de biz imandaşlarymyzyň kynçylyklara nädip hötde gelendiklerini eşidip, örän ruhlanýarys. Sebit kongreslerinde Mukaddes Ýazgylardaky wakalar sahnalaşdyrylyp görkezilýär. Onda çykyş edýänler şol döwre laýyk egin-eşikler geýip, sahnany janlandyrýarlar. Şeýle sahnalar bize peýdaly zatlary öwredýär. Her kongresde özüni Hudaýa bagyş etmek isleýänler suwda çokundyrylýarlar.
Näme üçin kongresler köp şatlyk getirýär?
Kongreslere barmagyň nähili peýdasy bar?