Ýygnagyň gözegçileri — «Garawul diňini» geçirýän dogan
1. «Garawul diňiniň» başga edebiýatlardan näme tapawudy bar?
1 «Ýehowanyň Patyşalygyny yglan edýän» «Garawul diňi» žurnaly «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» taýýarlaýan esasy ruhy iýmitidir (Mat. 24:45). «Garawul diňi» duşuşygyny geçirýän ýaşuly doganyň tälim bermek jogapkärçiligi bar. Ol öz ýaşaýşy bilen başgalara gowy görelde görkezýär (Rim. 12:7; Ýakup 3:1).
2. «Garawul diňini» geçirýän dogan näme etmeli?
2 «Garawul diňi» duşuşygyny geçirýän dogan ökdelik bilen tälim bermek üçin her hepdäniň duşuşygyna gowy taýýarlyk görmäge jan etmeli. Ol taýýarlyk görende doga edýär we makalany dykgatly öwrenýär. Şeýle-de ol diňleýjiler bilen ýürekden gyzyklanyp, öwrenilýän makala arkaly olaryň ýüregine täsir etmäge çalyşýar. Ol ünsüni makalanyň esasy pikirlerine gönükdirip, olaryň esasy tema bilen näme baglanyşygynyň bardygyny görmäge kömek edýär.
3. Duşuşygy geçirýän dogan ýene-de nämeleri göz öňünde tutmaly?
3 Duşuşygy geçirýän dogan taýýarlyk görende, aýatlary okap, olary nädip ulanyp boljakdygy barada pikirlenýär. Ol ünsüni, esasan, Hudaýyň Sözüne gönükdirip, diňleýjileri Mukaddes Ýazgylary ulanmaga höweslendirýär. Eger duşuşygyň dowamynda abzasyň wajyp pikiri aýdylmasa ýa-da esasy aýada üns berilmese, onda ol diňleýjilere goşmaça sorag berýär. Şeýdip, ol bize esasy pikire doly düşünmäge we öwrenen zatlarymyzy nädip ulanmalydygymyzy bilmäge kömek edýär.
4. Duşuşygy geçirýän dogan nädip jogap bermäge höweslendirýär?
4 «Garawul diňi» duşuşygyny geçirýän dogan öz tälim bermek ukybyny ösdürmäge jan edýär. Ol çendenaşa köp geplemeýär, gaýtam, diňleýjileri abzasyň pikirini öz sözi bilen we gysgaça aýtmaga höweslendirýär. Şeýle-de ol bize birinji jogabyň gysga we anyk bolmalydygyny wagtal-wagtal ýatladyp durýar. Goşmaça jogaplarda bolsa abzasdaky aýat, onuň pikiri tassyklaýşy ýa-da aýdylan zatlary durmuşyňda nädip ulanmalydygy barada aýtsa bolýar. Dogan hemmeleri özbaşdak ýa-da maşgala bolup taýýarlanmaga höweslendirip, olara duşuşyga yhlasly gatnaşmaga kömek edýär.
5. Sen «Garawul diňini» geçirýän doganlary näme üçin gymmat saýýarsyň?
5 Biz «öwretmekde zähmet çekýän», ýagny «Garawul diňi» duşuşygyny geçirýän doganlary «adamlar görnüşindäki sylaglar» hasaplaýarys. Sebäbi olar bize «Rebden tälim almaga» ýardam edýär (Iş. 54:13; Efes. 4:8, 11, TD; 1 Tim. 5:17).