Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bh sah. 3—7
  • Hudaýyň islegi şumydy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň islegi şumydy?
  • Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Sözbaşylar
  • MUKADDES ÝAZGYLARDA HUDAÝYŇ ÝER ÝÜZÜNDE ŞU ÖZGERIŞLERI ETJEKDIGI AÝDYLÝAR:
  • MUKADDES ÝAZGYLARY ÖWRENMEGIŇ PEÝDASY
Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
bh sah. 3—7

Hudaýyň islegi şumydy?

ISLENDIK gazeti okasaň, telewizora seretseň ýa-da radio diňleseň jenaýatçylyk, uruş we terrorçylyk barada köp aýdylýar. Öz kynçylyklaryň barada hem oýlanyp gör. Mümkin, sen keselden ýa-da dogan-garyndaşlaryň ölüminden ýaňa gaýgy-hasrat çekýänsiň. Senem Eýýup pygamber ýaly: «Men... gaýgydan doýdum» diýýänsiň (Eýýup 10:15).

Oýlanyp gör:

  • Biziň şeýle ýaşamagymyzy Hudaý isledimikä?

  • Kynçylyklarymyzy çözer ýaly, kömegi nireden gözlemeli?

  • Haçanam bolsa ýer ýüzünde parahatlyk bolarmyka?

Bu soraglara Mukaddes Ýazgylar jogap berýär.

MUKADDES ÝAZGYLARDA HUDAÝYŇ ÝER ÝÜZÜNDE ŞU ÖZGERIŞLERI ETJEKDIGI AÝDYLÝAR:

«Hudaý olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylham 21:4)

«Agsak adam keýik kimin böker» (Işaýa 35:6)

«Körleriň gözi... açylar» (Işaýa 35:5)

«Gabyrdakylaryň hemmesi... direler» (Ýahýa 5:28, 29)

«Ýaşaýjylaryň hiç biri: «Men ýaramok» diýmez» (Işaýa 33:24)

«Galla... ýurtda bol bolar» (Zebur 72:16)

Hudaýyň niýetine görä Ýer ýüzi üýtgär. Garrylar ýaş bolar, keseller sagalar we körleriň gözi açylar, ölüler direler, galla bol bolar.

MUKADDES ÝAZGYLARY ÖWRENMEGIŇ PEÝDASY

Ýokardaky aýdylanlara ýöne bir arzuwdyr öýtmäge howlukma. Çünki olar Hudaýyň wadasy, Mukaddes Ýazgylar onuň nädip ýerine ýetirjekdigini düşündirýär.

Mukaddes Ýazgylar öwredýär kitaby arkaly iki adam okuw geçýär

Galyberse-de, Mukaddes Ýazgylar häzirden durmuşyňy manyly edýär. Öz kynçylyklaryň we aladalaryň barada oýlan. Pul ýetmezçiligi, keselçilik, maşgala agzalalygy we dogan-garyndaşlaryň ölümi ýaly aladalar durmuşymyzy gaýgylandyrýar. Mukaddes Ýazgylar olaryň hötdesinden gelmäge kömek edip, teselli berýär hem-de şu wajyp soraglara jogap berýär:

  • Biz näme üçin horluk çekýäris?

  • Durmuşyň kynçylygyny nädip ýeňmeli?

  • Maşgalany nädip bagtly etmeli?

  • Adam ölende, oňa näme bolýar?

  • Haçanam bolsa ölen dogan-garyndaşlarymyz bilen duşuşarysmy?

  • Hudaýyň gelejekde ähli wadalaryny ýerine ýetirjekdigine näme üçin ynansa bolar?

Sen, şu kitaby okasaň, Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bilesiň gelýändigini görkezersiň. Bu kitap Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýänini bilmäge kömek eder. Üns beren bolsaň, her abzasa degişli soraglar bar. Millionlarça adamlar Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Ýazgylary sorag-jogap arkaly öwrenýär. Bu usul saňa-da ýarar diýip umyt edýäris. Okuwyň üstünlikli geçmegini arzuw edýäris! Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýändigini bilmek üçin edýän yhlasyňa, goý, Hudaý ak pata bersin!

MUKADDES ÝAZGYLARY GOWY ÖWREN

Mukaddes Ýazgylarda 66 kitap ýa-da hat bar. Ony öwrenmek aňsat bolar ýaly, baplara we aýatlara bölündi. Biziň şu edebiýatymyzda aýat getirilende, birinji san Mukaddes Ýazgylardaky kitabyň ýa-da hatyň babyny, iki nokatdan soňky san bolsa aýadyny aňladýar. Meselem, «2 Timoteos 3:16» diýlip görkezilse, Timoteosa ýazylan ikinji hatyň 3-nji babynyň 16-njy aýadyny aňladýar.

Eger-de getirilýän aýatlary açyp okasaň, onda Mukaddes Ýazgylary ulanmagy tiz öwrenersiň. Ony her gün okamaga jan et. Günde üç-bäş bap okasaň, Mukaddes Ýazgylary bir ýylda okap bilersiň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş