Wagyz mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2014-nji ýylyň 29-njy dekabryndan başlanýan hepdede Wagyz mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler.
Biz Kanun taglymaty 15:7, 11-nji aýatlardaky tabşyryga nädip eýerip bileris? (Noýa. 3, w14 15/6 sah. 25, abz. 8)
Kanun taglymaty 17:17-däki tabşyrygy bozandygy üçin Süleýman patyşa näme boldy we biz mundan nähili sapak edinýäris? (Noýa. 3, w12 15/4 sah. 32)
Kanun taglymaty 22:8-däki prinsipe haýsy ýagdaýlarda eýerip bileris? (Noýa. 10, fg sap. 11, sah. 22)
Kanun taglymaty 23:3-den biz näme öwrenýäris? (Noýa. 17, w13 15/8 sah. 4, abz. 5, 8)
Ysraýyllylar Hudaýa nädip gulak asmalydylar we bizi Ýehowa gulak asmaga näme höweslendirmeli? (Kan. tag. 28:47) (Noýa. 24, w10 15/9 sah. 8, abz. 4)
Kanun taglymaty 30:19, 20-nji aýatlarda ýaşamak üçin nähili üç sany talap bar? (Noýa. 24, w10 15/2 sah. 28, abz. 17)
«Ýuwaş ses» bilen oka diýlen tabşyryk Gelip çykyş kitabyndan tä Ylham kitabyna çenli ähli sözleri göni manyda pyşyrdap okamalydygyny aňladýarmy? (Ýeş. 1:8) (Dek. 8, w13 15/4 sah. 7, 8, abz. 4)
Dogan-garyndaşlarymyzyň hakykaty kabul etmegini islesek näme ederis? (Ýeş. 2:13) (Dek. 8, w12 15/3 sah. 13, 14, abz. 19, 20)
Akan näme üçin günä etdi we biz mundan nähili sapak edinip bileris? (Ýeş. 7:20, 21) (Dek. 15, w10 15/4 sah. 20, 21, abz. 2, 5)
Ýeşuwa we ysraýyl ýaşulularynyň eden ýalňyşyndan nähili sapak edinip bileris? (Ýeş. 9:3—6, 14, 15) (Dek. 29, w11 15/11 sah. 8, abz. 14)