Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yc sap. 10 sah. 22—23
  • Isa hemişe gulak asýardy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa hemişe gulak asýardy
  • Çagalaryňyza öwrediň
  • Meňzeş maglumat
  • Ol «ähli aýdylan zatlary ýüreginde saklady»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • «Bu meniň oglumdyr»
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Isanyň çagalygy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Durmuşa çykmadyk Merýem göwreli bolýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Çagalaryňyza öwrediň
yc sap. 10 sah. 22—23
Ýusup bilen Merýem kiçijik Isany ybadathanada tapýarlar

10-NJY SAPAK

Isa hemişe gulak asýardy

Sen ene-ataňa hemişe gulak asýarmyň? ~ Käwagt gulak asmak kyn. Sen Isanyň Ýehowa we ene-atasyna gulak asandygyny bilýärmiň? ~ Sen Isadan görelde alsaň, ene-ataňa hatda kyn bolsa-da, gulak asyp bilersiň. Gel, bu barada köpräk bileli.

Isa ýere gelmänkä, Atasy Ýehowa bilen gökde ýaşaýardy. Emma Isanyň ýerde-de ene-atasy bardy. Onuň kakasynyň ady Ýusup, ejesiniň ady bolsa Merýemdi. Sen olaryň nädip Isanyň ene-atasy bolandyklaryny bilýärmiň? ~

Isa ýer ýüzünde doglup, ýaşap biler ýaly Ýehowa onuň gökdäki ýaşaýşyny Merýemiň göwresine geçirýär. Bu gudratdy! Başga çagalaryň ejesiniň göwresinde ulalyşy ýaly, Isa hem Merýemiň göwresinde ulalýar. Takmynan 9 aý geçensoň, Isa dogulýar. Şeýdip Merýem we äri Ýusup Isanyň ýerdäki ene-atasy bolýar.

Isa 12 ýaşyndaka Atasy Ýehowany söýýändigini görkezip başlaýar. Muny Isanyň ene-atasy bilen Iýerusalime Pasha baýramçylygyna gideninden bilse bolýar. Ýusup bilen Merýem öýlerine gaýdyp gelýärkäler, Isany ýitirýärler. Sen onuň şol wagt nirede bolandygyny bilýärmiň? ~

Isa ybadathana näme üçin bardy?

Ýusup bilen Merýem yzyna Iýerusalime gelip, Isany gözläp başlaýarlar. Olar Isany hiç ýerden tapmandygy üçin örän alada edýärler. Emma 3 gün geçensoň, olar ony ybadathanadan tapýarlar! Isanyň ybadathana näme üçin barandygyny bilýärmiň? ~ Sebäbi ol şol ýerde Atasy Ýehowa barada öwrenip bilýärdi. Ol Ýehowany söýýärdi we onuň gowy görýän zatlaryny öwrenmek isleýärdi. Isa hatda ulalandan soňam, Ýehowa hemişe gulak asýardy. Isa kyn bolsa-da, hatda horluk çekmeli bolsa-da Atasyna gulak asýardy. Isa Ýusup bilen Merýemede gulak asýardymy? ~ Mukaddes Ýazgylarda Isanyň olara gulak asandygy aýdylýar.

Sen Isadan näme öwrenip bilersiň? ~ Sen hatda kyn bolsa-da, ene-ataňa gulak asmaly. Sen olara gulak asarsyňmy? ~

ŞU AÝATLARY OKAŇ

  • Luka 1:30—35; 2:45—52

  • Efesliler 6:1

  • Ýewreýler 5:8

SORAGLAR:

  • Ýusup bilen Merýem nädip Isanyň ýerdäki ene-atasy boldy?

  • Isanyň ene-atasy ony Iýerusalimde ýitirenlerinde nireden tapdylar?

  • Sen Isadan näme öwrenip bilersiň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş