Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 9/15 sah. 2
  • «Olaryň imanyndan görelde alyň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Olaryň imanyndan görelde alyň»
  • Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Meňzeş maglumat
  • Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Mukaddes Kitap güýjümize güýç goşýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Göz öňüne getirmek ukybyňyzy paýhasly ulanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • 2-nji bölümi gaýtalamak
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2015
km 9/15 sah. 2

«Olaryň imanyndan görelde alyň»

1. 19-njy oktýabrdan başlanýan hepdede Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygynda näme geçip başlarys?

1 2015-nji ýylyň 19-njy oktýabryndan başlanýan hepdede Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygynda «Olaryň imanyndan görelde alyň» atly kitaby geçip başlarys. Kitapda Hudaýa iman eden 14 sany erkekdir aýallaryň mysallaryna serediler. Kitap şeýle görnüşde ýazylan welin, biz Hudaýyň gullukçylaryny we olaryň nähili kynçylyklara duş gelendigini derrew göz öňüne getirip bileris. Şeýle-de bu kitap bize olaryň mysallaryndan köp zatlary öwrenmäge kömek eder (Ýew. 6:12).

2. «Olaryň imanyndan görelde alyň» atly kitabynyň käbir aýratynlyklaryny düşündiriň.

2 Aýratynlygy: Kitapdaky wagt çyzgysy we kartalar Hudaýyň gullukçylarynyň haýsy döwürde we nirede ýaşandyklaryny bilmäge kömek eder. Her bapdaky «Oýlanmak üçin sowallar» diýen goşmaça soraglar Hudaýyň gullukçylary barada oýlanmaga we olaryň göreldesine eýermäge kömek eder. Şeýle-de Hudaýyň gullukçylary bilen bolan wakalary göz öňüne getirip biler ýaly, kitapda çuňňur oýlanyp, janlandyryp çekilen reňkli suratlar bar.

3. Şu kitaby öwrenenimizde, peýdaly bolar ýaly näme edip bileris?

3 Peýdaly bolar ýaly näme etmeli? Kitabyň başyndaky Ýolbaşçylyk maslahatynyň hatynda şeýle maslahat berilýär: «Okaýan zatlaryňy göz öňüne getir we özüňi edil şol ýerde ýaly duý. Hudaýyň gadymy wepaly gullukçylarynyň duýgusyna düşünjek bol we olaryň görýän zadyny görjek bolup jan et. Senem olaryň ýagdaýyna düşen bolsaň, näme etjekdigiň barada oýlan». Elbetde, göz öňüne getirmek ukyby çuňňur oýlanmagy aňlatmasa-da, biz ýazylan wakalary göz öňüne getirip, Hudaýyň gullukçylarynyň başdan geçiren duýgularyna düşünýäris. Munuň üçin wagt sarp etmeli we oýlanmaly (Neh. 8:8). Babyň ortasyndan öwrenilip başlanýan günleri duşuşygy alyp barýan dogan babyň başyny 30—60 sekuntda gaýtalar. «Oýlanmak üçin sowallar» berilmeýän duşuşykda jemleýji birki sorag berse bolar.

4. Biz «Olaryň imanyndan görelde alyň» atly kitaby näme üçin öwrenmeli?

4 Biz her gün imanymyzy gowşadýan ýa-da düýbünden ýok edýän dürli synaglara duş gelýäris. Şu kitap Ýehowanyň sowgady hökmünde imanymyzy berkitmäge kömek eder (Ýakup 1:17). Geliň, Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygyna yzygiderli baryp, kitaby geçenimizde, mümkin boldugyndan, soraglara köpräk jogap berip, doly peýdalanalyň!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş