MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Wagyz etmek tejribäňizi artdyryň. Okuw geçýän adamy ýygnaga gelmäge höweslendiriň
BU NÄME ÜÇIN WAJYP? Ýygnak duşuşyklarynda Ýehowanyň şanyna aýdym aýdyp, ony şöhratlandyrýarys (Zb 149:1). Şeýle-de biz ol ýerde Hudaýyň islegine görä ýaşamagy öwrenýäris (Zb 143:10). Adatça, okuw geçýän adam ýygnak duşuşyklaryna gatnap başlansoň, ruhy taýdan tiz ösýär.
MUNY NÄDIP ETMELI?
Mümkin boldugyndan, okuw geçýän adamy ýygnaga basymrak çagyryň (Ylh 22:17).
Okuw geçýän adama indiki duşuşygyň nähili geçjekdigini we ol ýerde näme barada gürrüň ediljekdigini düşündiriň. Şeýle-de «Patyşalyk zalynda nämeler edilýär?» diýen wideony, «Ýehowanyň islegi» diýen broşýuranyň 5-nji we 7-nji sapaklaryny hem-de ýygnak duşuşygy üçin çakylygy ulanyp bilersiňiz.
Kömek ediň. Belki, okuw geçýän adamy ýygnaga ulagda alyp gitmäge ýa-da oňa salykatly geýinmek üçin egin-eşik saýlamaga kömek gerekdir. Duşuşykda onuň ýanynda oturyň we öz edebiýatlaryňyzy onuň bilen bile ulanyň. Başgalar bilen tanyşdyryň.