Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr16 Dekabr sah. 1—2
  • Durmuş we wagyz. Okuw depderi üçin gollanma.

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Durmuş we wagyz. Okuw depderi üçin gollanma.
  • Durmuş we wagyz okuw depderindäki salgylar (2016)
  • Sözbaşylar
  • DEKABR 5—11
  • DEKABR 26—ÝANWAR 1
Durmuş we wagyz okuw depderindäki salgylar (2016)
mwbr16 Dekabr sah. 1—2

Durmuş we wagyz. Okuw depderi üçin gollanma.

DEKABR 5—11

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 1—5

ip-1 bap 4 sah. 38—42 abz. 6—11

Hudaýyň öýi beýgeldildi

6 Işaýadaky pygamberlik haçan ýerine ýetmeli? «Soňky günlerde». Mukaddes Ýazgylaryň Grek dilinde ýazylan bölüminde bu döwri tapawutlandyrýan aýratynlyklar aýdylan. Şol döwürde urşlaryň, ýertitiremeleriň, keselçiligiň, iýmit ýetmezçiliginiň we «kyn günleriň» boljakdygy aýdylýar (2 Tim. 3:1—5; Luka 21:10, 11). Bu pygamberlikleriň ýerine ýetmegi biziň «soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy aýdyň subut edýär. Diýmek, biz şeýle netijä gelip bilýäris, ýagny, Işaýanyň aýdan sözleriniň ýerne ýetişini biz görmeli.

Sežde dagy

7 Işaýa pygamberligi sanalgyja sözler bilen suratlandyrýar. Biziň göz öňümizde beýik dagyň iň depesinde ajaýyp bina Ýehowanyň ybadathanasy görünýär. Bu dag daş-töwerekdäki hemme daglardan we depelerden beýikdi. Ýöne onuň görnüşi sustuňy basmaýardy we gorkuzmaýardy. Gaýtam, bu daga seredeniňde, özüne çekýärdi. Hemme milletlerden bolan adamlar Ýehowanyň dagdaky öýüne barmak isleýärdiler we olar oňa tarap eňýärdiler. Şeýle suraty göz öňüne getirmek kyn däl, ýöne ol näme aňladýarka?

8 Işaýanyň döwürdeşlerine depeler we daglar köplenç seždäni ýatladýardy. Mysal üçin daglarda butlara sežde edýärdiler, ýalan hudaýlara ybadathana salýardylar. (Kan. tag. 12:2; Ýermeýa 3:6). Muňa garamazdan, Iýerusalimdäki Moryýa dagynyň depesini Ýehowanyň öýi ýagny ybadathanasy bezeýärdi. Wepaly ysraýyllylar ýylda üç sapar Iýerusalime gelýärdiler we Ýehowa sežde etmek üçin Moryýa dagyna çykýardylar (Kan. tag. 16:16). Şonuň üçin «Ýehowanyň dagdaky öýüne» çykýan halklar hakyky seždä gatnaşýan köp adamlaryň ýygyndysyny aňladýar.

9 Elbetde, şu günler Hudaýyň halky haýsyda bolsa, göni manydaky daga we ol ýerdäki daşdan ýasalan ybadathana ýygnanyşmaýarlar. Iýerusalimdäki Ýehowanyň ybadathanasy rim goşunlary tarapyndan b. e. 70-nji ýylynda weýran edildi. Mundan başga-da, resul Pawlus Iýerusalim ybadathanasynyň we oňa çenli bolan çadyryň geležegiň nusgasydygyny aýdyň görkezdi. Olar has wajyp zady, ýagny, ruhy gurluşy «ynsanyň däl-de, Rebbiň guran hakyky çadyryny» aňladýardy (Ýewreýler 8:2). Pawlusyň aýdan bu ruhy çadyry — bu Isa Mesihiň töleg gurbany esasynda, sežde-de Ýehowa ýakynlaşmak üçin mümkinçilik berýän gurluşdy (Ýewreýler 9:2—10, 23). Şunuň bilen ylalaşyklykda Işaýa 2:2-nji aýatdaky aýdylýan, «Ýehowanyň dagdaky öýi» biziň günlerimizde Ýehowa edilýän beýgeldilen arassa seždäni aňladýar. Kim hakyky seždä goşulsa, olar haýsyda bolsa ýer ýüzünde bir ýere ýygnanyşmaýar — olar sežde-de birleşýärler.

Arassa seždäniň beýgelmegi

10 Pygamber «Ýehowanyň dagdaky öýi» ýa-da arassa sežde «daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar» diýdi. Işaýanyň ýaşan döwründen öň, Dawut patyşa deňiz möçberinden 760 metr töweregi belentde ýerleşýän Iýerusalimdäki Sion dagyna äht sandygy geçiripdi. Sandyk Moryýa dagynda gurulan ybadathana geçirilýänçä şol ýerde saklanypdy. (2 Şamuwel 5:7; 6:14—19; 2 Ýyl ýazgylary 3:1; 5:1—10). Diýmek, Işaýanyň döwrüne çenli mukaddes sandyk göni manyda beýgeldildi we ýalan hudaýlara sežde edilýän töwerekdäki köp depelerden belentde ýerleşen ybadathanada goýulypdy.

11 Elbetde, ruhy manyda hemişe Ýehowa edilýän sežde, ýalan hudaýlara sežde edýänleriň dini adatlaryndan belentde. Biziň günlerimizde Ýehowa hakyky seždäni göge çenli göterdi — hapa seždeleriň hemme görnüşlerinden, «daglardan» we «depelerden» has ýokary beýgeltdi. Nädip? Esasan «ruhda we hakykatda» sežde etmek isleýän adamlary ýygnap (Ýahýa 4:23).

ip-1 bap 4 s. 45 abz. 20-21

Hudaýyň öýi beýgeldildi

20 Ýehowa öz halkynyň ýiten goýun ýaly azaşyp ýörmegine ýol bermeýär. Ol öz gullukçylaryna Mukaddes Ýazgylar we oňa esaslanan edebiýatlar arkaly «kanun» we «sözi» berip, Öz ýollaryny öwredýär. Şol bilimler arkaly Hudaýyň halky «Onuň ýodalaryndan (ýollaryndan) ýöräp» bilýärler. Olaryň ýürekleri minnetdarlykdan doly we Hudaýyň görkezmelerine laýyklykda olar biri-birine Ýehowanyň ýollary barada gürrüň berýärler. Olar uly kongreslerde, az topar bolup Patyşalyk Zalynda ýa hususy jaýlarda Hudaýyň öwütlerini diňlemek üçin we ýollaryny öwrenmek üçin ýygnanyşýarlar (Kanun taglymaty 31:12,13). Olar birinji asyrdaky mesihçileriň, biri-birlerini ruhlandyrmak, «söýgi, oňat işlere» höweslendirmek üçin, ýygnanyşy ýaly olaryň göreldesine eýerýärler (Ýewreýler 10:24,25).

21 Ýehowa Hudaýyň gullukçylary başgalary hem beýgeldilen seždä «çykmaga» çagyrýarlar. Munuň Isanyň göge alynmazyndan öň öz şägirtlerine gös-göni tabşyran tabşyrygy bilen meňzeş bolmagy gör nähili gowy! Isa: «Şonuň üçin gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdiriň. Olara meniň ähli tabşyran zatlarymy berjaý etmegi öwrediň» diýipdi (Matta 28:19,20). Hudaýyň goldamagy bilen Ýehowanyň Şaýatlary gulak asyjylyk bilen hemme ýer ýüzünde öwredýärler, şägirt taýýarlaýarlar we suwa çümdirýärler.

ip-1 bap 4 s. 46—47 abz. 24—25

Ýehowanyň öýi beýgeldildi

24 Bütin halk şeýle beýik maksatlara hiç haçan ýetip bilmez. Beýle zatlara olaryň güýji ýetmez. Işaýanyň sözleri ähli milletlerden bolan adamlaryň arassa sežde-de birleşmegi netijesinde ýerine ýetýär. Ýehowa olary «düzetdi» we indi biri-birleri bilen parahat ýaşamagy öwredýär. Hakykatdanam, bu bölünşikli, dawa-jenjelli dünýäde göçme manyda aýdanyňda olar «gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak» ýasadylar. Nädip?

25 Mysal üçin, olar dünýedäki uruşlarda hiç kimiň tarapyny tutmaýarlar. Isanyň ölüminiň öň ýanynda hem, ony tutmaga ýaragly adamlar gelipdiler. Haçanda Petrus, Halypasyny gorajak bolup, bu gelen adamlaryň birini gylyç bilen uranynda, Isa: «Gylyjyňy gynyna sal, çünki gylyç göteren gylyçdan hem öler» diýipdi (Matta 26:52). Häzire çenli Isanyň yzyna eýerýänler, gylyçlaryny azallara öwrýärler, olar öz ýakynlaryny öldürmek üçin ellerine ýarag almaýarlar we hiç hili harby hereketleri goldamaýarlar. Olar «Ähli adamlar bilen parahat ýaşamaga... jan edýärler» (Ýewreýler 12:14).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it-2 Ýaraşmak

Ýaraşmak üçin, wajyp ädimler. Ejir çeken tarap — Hudaý, Onuň kanunyny bozdular we häzirem bozýarlar. Diýmek, Hudaý adamlar bilen däl-de, adamlar Hudaý bilen ýaraşmaly (Zebur 51:1—4). Adam Hudaý bilen deň hukukly bolup bilmeýär, mundan başgada, Hudaýyň dogrylygy üýtgetmäge, düzetmäge we gowulandyrmaga degişli däl (Işaýa 55:6—11; Malaky 3:6; Ýakup 1:17 deňeşdir). Şonuň üçin Onuň ýaraşmak üçin goýan düzgünini hem ara alyp maslahatlaşmaga we ýeňilleşdirmäge degişli däl (Eýýup 40:1,2,6—8; Işaýa 40:13,14 deňeşdir). Işaýa 1:18-nji aýat käbir terjimelerde şeýle diýilýär: «Reb şeýle diýýär: geliň indi, iki tarapyňam işini derňäliň» (WP, SP, SmP, SoP). Terjimäniň has dogrusy we düşnükli görnüşi şeýle bolmaly: «Geliň, indi düşünişeliň — muny Ýehowa diýýär». Hawa, Hudaý bilen adamlaryň arasyndaky ylalaşyk bozuldy, muňa Hudaý däl-de, adam günäkär (Ezekiýel 18:25, 29—32).

DEKABR 26—ÝANWAR 1

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 17—23

ip-1 238 abz. 16-17

Biwepalykdan sapak edinmek

Betnebis köşk emeldary

16 Indi pygamber tutuş biwepa halka däl-de, diňe ýekeje biwepa adama üns beýär. Işaýa şeýle ýazýar: «Gudratygüýçli-Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Git-de, patyşanyň emeldary, köşk häkimi Şebnanyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diý: „Bu ýerde näme işiň bar? Özüňe gabyr gazar ýaly kimiň bar? Özüňe belentde gabyr gazýarsyň, gaýada özüňe dynç ýer edinýärsiň» (Işaýa 22:15, 16).

17 Şebnan — bu megerem Ýezekiýa patyşanyň köşgüniň “köşk emeldary“, ýagny “köşk häkimidir“. Döwletde patyşadan soň ikinji adam bolansoň, onuň täsiri güýçlüdi. Ondan köp zatlara garaşylýardy (1 Korinfliler 4:2). Şebnan, ilki bilen, döwlet işleri bilen meşgul bolmalydy, emma ol oňa derek özüne şöhrat gözleýär. Ol özüne belentdäki gaýada patyşanyňky ýaly kaşaň gabyr gazýar. Bu zatlara syn edip, Ýehowa Işaýany ylhamlandyryp, şol biwepa köşk emeldaryna şeýle duýduryş berýär: «Eý, güýçli kişi, Reb seni güýç bilen togalar. Ol seni ykjam tutup, aýlap-aýlap, top kimin bir giň ýurda taşlar. Sen ol ýerde ölersiň. Ajaýyp söweş arabalaryň ol ýerde galar. Öz jenabyňyň öýüni biabraý eden sensiň. Seni ornuňdan kowaryn, wezipäňden boşadylarsyň» (Işaýa 22:17—19). Özüniň betnebisligi sebäpli, Şebnan hatda Iýerusalimdäki adaty gabyrda hem jaýlanmaz. Oňa derek ol “giň“ ýagny uzak ýurtda öler ýaly „top kimin“ zyňylar. Bu duýduryş Hudaýyň halkynyň içinde ýolbaşçy borç ynanylan adamlaryň hemmesine degişli. Jogapkärli borjuny hyýanatly ulanýanlar ony ýitirer we hatda kowulmagy hem mümkin.

ip-1 238—239 abz. 17—18

Biwepalykdan sapak edinmek

17 Şebnan — bu megerem Ýezekiýa patyşanyň köşgüniň “köşk emeldary“, ýagny “köşk häkimidir“. Döwletde patyşadan soň ikinji adam bolansoň, onuň täsiri güýçlüdi. Ondan köp zatlara garaşylýardy (1 Korinfliler 4:2). Şebnan, ilki bilen, döwlet işleri bilen meşgul bolmalydy, emma ol oňa derek özüne şöhrat gözleýär. Ol özüne belentdäki gaýada patyşanyňky ýaly kaşaň gabyr gazýar. Bu zatlara syn edip, Ýehowa Işaýany ylhamlandyryp, şol biwepa köşk emeldaryna şeýle duýduryş berýär: «Eý, güýçli kişi, Reb seni güýç bilen togalar. Ol seni ykjam tutup, aýlap-aýlap, top kimin bir giň ýurda taşlar. Sen ol ýerde ölersiň. Ajaýyp söweş arabalaryň ol ýerde galar. Öz jenabyňyň öýüni biabraý eden sensiň. Seni ornuňdan kowaryn, wezipäňden boşadylarsyň» (Işaýa 22:17—19). Özüniň betnebisligi sebäpli, Şebnan hatda Iýerusalimdäki adaty gabyrda hem jaýlanmaz. Oňa derek ol “giň„ ýagny uzak ýurtda öler ýaly „top kimin„ zyňylar. Bu duýduryş Hudaýyň halkynyň içinde ýolbaşçy borç ynanylan adamlaryň hemmesine degişli. Jogapkärli borjuny hyýanatly ulanýanlar ony ýitirer we hatda kowulmagy hem mümkin.

18 Emma Şebnan öz ornuny nädip ýitirer? Ýehowa Işaýa arkaly şeýle jogap berýär: «Şol gün Men gulum Hilkiýa ogly Elýakymy çagyraryn. Seniň donuňy oňa geýdirip, guşagyňy onuň biline guşaryn. Häkimiýetiňi oňa bererin; ol Iýerusalimiň ilatyna we Ýahuda halkyna ata bolar. Dawudyň öýüniň açaryny onuň gerşinden asaryn. Onuň açanyny hiç kim ýapyp bilmez, ýapanyny hiç kim açyp bilmez» (Işaýa 22:20—22). Şebnanyň ýerine Elýakym geçer. Oňa köşk emeldarynyň geýmini geýdirerler we Dawudyň öýüniň açaryny bererler. Mukaddes Ýazgylarda «açar» diýen söz häkimligi, ýolbaşçylyk etmegi we güýji aňladýar (Matta 16:19-y deňeşdiriň). Gadymy wagtlarda açar ynanylýan patyşanyň maslahatçysyna käwagt köşge gözegçilik etmek we hatda patyşa üçin hyzmatkär saýlamak hem tabşyrylýardy. (Ylham 3:7, 8-nji aýatlary deňeşdiriň). Diýmek, köşk emeldarynyň wajyp wezipesi bardy we her bir köşk emeldaryndan köp zatlar talap edilýärdi (Luka 12:48). Mümkin, Şebnan ukyply köşk emeldarydyr, ýöne ol wepaly däl. Şonuň üçin hem Ýehowa onuň ýerine başga birini goýar.

ip-1 240—241 abz. 19, 20

Biwepalykdan sapak edinmek

19 Ahyry Ýehowa häkimligiň Şebnandan Elýakyma nädip geçjekdigini göçme manyda beýan edýär. Ol şeýle diýýär: «Ony [Elýakymy] ýere gazyk kimin gaýym kakaryn, ol öz nesillerine hormat tagty bolar. Çadyryň gazyga baglanyşy ýaly, onuň urugynyň çagalarynyň, agtyklarynyň abraýy-da oňa baglydyr». Hökmürowan Reb: «Şol gün ýere gaýym kakylan gazyk [Şebnan], ýerinden sogrular; ol çapylyp ýykylar; oňa baglanan çadyr-da ýok bolar» diýýär. Muny Reb aýdandyr» (Işaýa 22:23-25).

20 Bu aýatlarda aýdylýan birinji gazyk, ýagny birinji çüý - Elýakym. Ol öz atasy Hilkiýa üçin «hormat tagty» bolar. Şebnandan tapawutlylykda ol öz atasynyň öýüne we onuň abraýyna ysnat getirmez. Tutuş çadyr Elýakyma baglanar, ýagny ol patyşanyň başga gullukçylary üçin direg bolar. (2 Timoteos 2:20, 21). Ikinji gazyk, ýagny çüý bolsa - Şebnan. Ol ygtybarly bolup görünse-de, ýok bolar. Oňa bil baglamagyny dowam edýänleriň ählisi ýykylar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş