Çepde: 1931-nji ýylda kitap paýlaýan uýa Koreýada wagyz edýär. Sagda: Şu günler Koreýada lallaryň dilinde wagyz edýärler
2-NJI BÖLÜM
Patyşalyk barada wagyz etmek — Hoş habaryň bütin dünýäde ýaýradylmagy
SIZ işden dynç günüňiz irden wagza gitmekçi bolýarsyňyz. Emma özüňizi biraz ýadaw duýup, şu gün dynç alsam gowy bolardy diýip pikir edýärsiňiz. Soňra bu barada Ýehowa doga edýärsiňiz we wagza gitmegi ýüregiňize düwýärsiňiz. Siz Ýehowa wepaly bir gartaşan uýa bilen wagza çykýarsyňyz. Onuň çydamlylygy we mähribanlygy size güýçli täsir edýär. Öýden-öýe wagyz edeniňizde, bütin dünýädäki dogan-uýalaryň adamlara şol bir habary aýdýandygy, birmeňzeş edebiýatlary ulanýandygy we ähliňize bir tälim berilýändigi barada oýlanýarsyňyz. Öýüňize gaýdyp gelýärkäňiz, özüňizi gujur-gaýratly duýýarsyňyz. Şonda siz öýde galmandygyňyza diýseň begenýärsiňiz!
Şu günler Hudaýyň Patyşalygynyň işi, esasan, wagyz gullugyna gönükdirlendir. Isa soňky günlerde wagyz işiniň güýçli depginde alnyp baryljakdygyny öňünden aýtdy (Mat. 24:14). Onuň pygamberligi nädip ýerine ýetýär? Biz şu bölümde wagyz gullugynda wajyp orun eýeleýän we bütin dünýädäki adamlara Hudaýyň Patyşalygynyň, hakykatdanam, höküm sürýändigine göz ýetirmäge kömek edýän hoş habarçylar hem-de olaryň ulanýan usullary we esbaplary barada gürrüň ederis.