17-nji aýdym
Şaýatlar, öňe!
1. Hudaýyň halky dünýäniň soňunda,
Batyr hem dogumly wagyz edýär günde.
Şeýtan topulsa-da gazaply,
Hudaý bilen barýarlar öňe batly.
(GAÝTALAMAK)
Batyr ýürek Şaýatlar, siz öňe ýöräň!
Hudaýyň işdeşi siz, şatlanyň örän!
Ähli ýerde aýdyň tizden bolar Jennet,
Ýeriň ýüzüne ýagar bereket.
2. Ýahyň esgeri aňsadyna bakmaz,
Hiç hili bu dünýä bilen dostluk açmaz.
Biz mydam Hudaýa wepaly,
Dünýäden tegmiltsiz, tämiz galmaly.
(GAÝTALAMAK)
Batyr ýürek Şaýatlar, siz öňe ýöräň!
Hudaýyň işdeşi siz, şatlanyň örän!
Ähli ýerde aýdyň tizden bolar Jennet,
Ýeriň ýüzüne ýagar bereket.
3. Hoş habary diňlemeýär köp adam,
Hudaýyň adyna töhmet atýar mydam.
Geliň, biz hiç zada garaman,
Mukaddes adyny edeliň aýan.
(GAÝTALAMAK)
Batyr ýürek Şaýatlar, siz öňe ýöräň!
Hudaýyň işdeşi siz, şatlanyň örän!
Ähli ýerde aýdyň tizden bolar Jennet,
Ýeriň ýüzüne ýagar bereket.
(Şeýle-de Flp. 1:7; 2 Tim. 2:3, 4; Ýak 1:27 serediň.)