Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w05 15/11 sah. 27—31
  • «Ýehowanyň ýollary gönüdir»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ýehowanyň ýollary gönüdir»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa hilesiz sežde etmegi talap edýär
  • Hudaý halkyny wepaly söýýär
  • Hemişe Ýehowa umyt bagla
  • Ýehowanyň ýollary elmydama gönüdir
  • Günä eden adamlar Ýehowa dolanyp biler
  • Ýehowanyň göni ýollaryndan ýöre
  • Hoşea kitabyndan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Hoşeanyň pygamberligi Hudaý bilen ýöremäge kömek edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • Ýehowa bilen ýöre-de, ýagşylyk or
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • Hoşea pygamberden görelde alyň
    Hudaýa gullugymyz — 2013
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
w05 15/11 sah. 27—31

«Ýehowanyň ýollary gönüdir»

«Ýehowanyň ýollary gönüdir, ondan diňe dogry adamlar ýörär» (HOŞEA 14:9).

1, 2. Ýehowa ysraýyllylary nähili ýola saldy, ýöne olara näme boldy?

MUSA pygamberiň döwründe Ýehowa ysraýyllylary göni ýola saldy. Ýöne b. e. öň VIII asyryň başynda olaryň ýagdaýy juda erbetleşdi we Ýehowa olaryň edýän erbet günälerini gördi. Bu barada Hoşea kitabynyň 10—14-nji baplarynda aýdylýar.

2 Ysraýyllylaryň ýüregi ikiýüzli boldy. On taýpaly patyşalygyň adamlary «erbetlik ekip», ýamanlyk ordular (Hoşea 10:1, 13). Ýehowa: «Ysraýyl oglanka, men ony söýdüm we oglumy Müsürden çagyrdym» diýýär (Hoşea 11:1). Hudaý ysraýyllylary Müsürden azat edenem bolsa, olar oňa ýalan sözlediler we aldadylar (Hoşea 11:12). Şonuň üçin Ýehowa olara: «Merhemet edip, adalatly bol-da, indi Hudaýyňa dolan» diýip maslahat berýär (Hoşea 12:6).

3. Pitneçi Samariýa näme garaşýardy, ýöne ysraýyllylar Hudaýyň rehimdarlygyny nädip gazanyp biler?

3 Pitneçi Samariýa we onuň patyşasyna heläkçilik garaşýardy (Hoşea 13:11, 16). Emma Hoşea kitabynyň soňky baby: «Eý Ysraýyl, Ýehowa Hudaýyňa dolan» diýen haýyş sözler bilen başlanýar. Eger-de ysraýyllylar toba edip, günäsiniň ötülmegini dileseler, Hudaý rehim ederdi. Ýöne munuň üçin olar «Ýehowanyň ýollaryny gönüdigini» boýun alyp, ondan ýöremelidiler (Hoşea 14:1—6, 9).

4. Hoşeanyň pygamberligindäki haýsy prinsiplere serederis?

4 Hoşeanyň pygamberliginiň bu böleginde, Hudaý bilen ýöremäge kömek edýän ençeme prinsipler bar. Biz şulara serederis: 1) Ýehowa hilesiz sežde etmegi talap edýär, 2) Hudaý halkyny wepaly söýýär, 3)  hemişe Ýehowa umyt bagla, 4) Ýehowanyň ýollary elmydama gönüdir hem-de 5) günä eden adamlar Ýehowa dolanyp biler.

Ýehowa hilesiz sežde etmegi talap edýär

5. Ýehowa gullukçylaryndan näme talap edýär?

5 Ýehowa biziň arassa we hilesiz mukaddes gulluk etmegimizi talap edýär. Ysraýyl bolsa hasyl bermeýän «ownan üzüm agajyna» döndi. Onuň ýaşaýjylary ýalan taňrylara sežde etmek üçin «gurbanlyk edilýän ýerlerini» köpeltdi. Imandan dänenler adamlar ýalan seždesinde ulanmak üçin hatda sütünler, ýagny daşdan ýasalan ýadygärlikler dikeltdi. Ýehowa bu gurbanlyk edilýän ýerleri ýykdy, sütünlerini bolsa ýumurdy (Hoşea 10:1, 2).

6. Hudaý bilen ýöremek üçin haýsy häsiýetden dynmaly?

6 Ýehowanyň gullukçylary ikiýüzli bolmaly däl. Ysraýyllylara näme bolduka? «Olaryň ýüregi ikiýüzli boldy»! Olar öň Ýehowa bilen äht baglaşyp, onuň halky bolsa-da, Hudaý olary ikiýüzlülikde günäkärledi. Mundan biz näme öwrenip bileris? Biz özümizi Hudaýa bagyş eden bolsak, ikiýüzli bolmaly däl. Süleýmanyň tymsallary 3:32-de şeýle diýilýär: «Azgyn adam Rebbe ýigrenjidir; Rebbiň ýaranlygy bolsa gönüler bilendir». Hudaý bilen ýöremek üçin biziň söýgimiz «sap ýürekden, dogry ynsapdan, hilesiz imandan ugur almaly» (1 Timoteos 1:5).

Hudaý halkyny wepaly söýýär

7, 8. a) Nämeler etsek, Hudaý bizi wepaly söýer? b) Biz agyr günä etsek, näme etmeli?

7 Biz Ýehowa hilesiz we dogry sežde etsek, onuň merhemetini ýa-da wepaly söýgüsini gazanarys. Pitneçi ysraýyllylara şeýle diýildi: «Özüňiz üçin dogrulykda tohum ekip, merhemet oruň. Ýehowany agtarmaga wagt barka, ol gelip dogrulygy öwredýänçä, sürüm ýerleri özüňiz üçin bejeriň» (Hoşea 10:12).

8 Wah, ysraýyllylar toba gelip, Ýehowany agtarsadylar! Onda ol höwes bilen «dogrulygy öwrederdi». Eger biz agyr günä etsek, geliň, Ýehowany agtaryp, dogada günämiziň ötülmegini diläliň we ýygnagyň ýaşulularyndan ruhy kömegi soralyň (Ýakup 5:13—16). Geliň, Hudaýyň ruhunyň görkezýän ýoluny agtaralyň, çünki «öz günäli teninde ekin eken tenden çüýreme orar, Ruhda eken bolsa Ruhdan ebedi ýaşaýyş orar» (Galatýalylar 6:8). Biz «Ruhda eksek», Hudaý bizi mundan beýläk hem wepaly söýer.

9, 10. Hoşea 11:1—4-nji aýatlar näme üçin Ysraýyla degişli?

9 Ýehowanyň halkyny hemişe söýýändigine ynansa bolar. Bu Hoşea 11:1—4-nji aýatlardan görünýär: «Ysraýyl oglanka, men ony söýdüm we oglumy Müsürden çagyrdym. . . . Baalyň butlaryna gurbanlyk etdiler we nagyşly heýkellere gurbanyň tüssesini hödürlediler. Men Efraýyma [ysraýyllylara] ýöremegi öwretdim, olary gujagyma aldym, olar bolsa meniň şypa berendigime düşünmediler. Men olary ynsan ýüpleri, söýgi baglary bilen tutup ýöretdim. Men olaryň äňinden boýuntyrygy aýyrýanlar kimin boldum we her birine mylakatlyk bilen iýmit berdim».

10 Bu aýatlarda Ysraýyl çagajyk bilen deňeşdirilýär. Ýehowa ysraýyllylara söýgi bilen ýöremegi öwredýär we olary gujagyna alýar. «Söýgi baglary» bilen tutup ýöredýär. Gör, nähili ajaýyp deňeşdirme! Aýdaly, siz, ata-ene öz balaňyza ilkinji ädimleri ätmege kömek etmek üçin eliňizi uzadýansyňyz. Eger-de siz gadymy Ysraýylda ýaşan bolsadyňyz, onda şol wagtky ata-eneleriň däbine eýererdiňiz: çagajygyňyz deň agramlygyny ýitirip, ýykylmaz ýaly ýüp bilen tutardyňyz. Şonuň ýaly Ýehowanyň saňa bolan söýgüsi adalatly hem-de mähirli. Ol seni «söýgi baglary» bilen ýöredip guwanýar.

11. Hudaý nädip «boýuntyrygy aýyrýanlar kimin boldy»?

11 Ýehowa ysraýyllylaryň «äňinden boýuntyrygy aýyrýanlar kimin boldy we [ol] olaryň her birine mylakatlyk bilen iýmit berdi». Haýwanlar oňaýly iýmitlener ýaly, Hudaý olaryň boýuntyrygyny aýyrýançy boldy. Ysraýyl halky boýuntyrygyny döwse, ýagny Ýehowa tabyn bolmasa, olara duşmanlarynyň agyr boýuntyrygy dakylar (Kanunyň gaýtalanyşy 28:45, 48; Ýeremiýa 28:14). Geliň, baş duşmanymyz Şeýtanyň eline düşüp, onuň agyr boýuntyrygynyň agyrysyndan ejir çekmäliň. Gaýtam, geliň, söýgüden doly Hudaý bilen ýöremegi dowam edeliň.

Hemişe Ýehowa umyt bagla

12. Hoşea 12:6-da aýdylyşy ýaly, Hudaý bilen ýöremek üçin näme etmeli?

12 Hudaý bilen ýöremek üçin hemişe oňa umyt baglamaly. Ysraýyllylara şeýle diýildi: «Merhemet edip, adalatly bol-da, indi Hudaýyňa dolan we hemişe Hudaýyňa umyt bagla» (Hoşea 12:6). Ysraýylyň ýaşaýjylary toba gelip, Ýehowa dolanmak isleýän bolsalar, onda merhemetli bolardylar, adalatlyk ederdiler we hemişe Hudaýa umyt baglardylar. Hudaý bilen näçe wagt ýöreýändigimize garamazdan, biz merhemet edip, adalatly bolmaly we hemişe Hudaýa umyt baglamaly (Zebur 27:14).

13, 14. Pawlus resul Hoşea 13:14-i getirip, Ýehowa umyt baglamaga nähili sebäp görkezdi?

13 Hoşeanyň ysraýyllylar baradaky pygamberliginde Hudaýa umyt baglamak üçin aýratyn sebäpler görkezilýär. «Mazaryň [şeolyň] elinden olary satyn alaryn, ölümden halas ederin. Eý ölüm, hany seniň tikeniň? Eý mazar [şeol], hany seniň ýeňşiň?» (Hoşea 13:14). Ýehowa ysraýyllylary şol wagt ölümden halas etmekçi däldi, ýöne ahyrsoňy ölüm hemişelik ýok ediler we asla ýeňiş gazanmaz.

14 Pawlus resul mesh edilen mesihçilere hat ýazanda, Hoşeanyň kitabyndan şu aýatlary getirdi: «Çüýreýän çüýremezlik, bu ölümli ölmezlik donuny geýende, «ölüm ýeňişde ýuwduldy» diýen söz ýerine ýeter. «Eý ölüm, hany seniň tikeniň? Eý ölüler diýary, hany seniň ýeňşiň?» Ölümiň tikeni günädir; günäniň güýji bolsa kanundyr. Emma Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňşi yhsan eden Hudaýa şükür!» (1 Korintoslylar 15:54—57). Ýehowanyň Isany ölümden direltmegi, Hudaýyň ýadynda galan adamlaryň hem direljekdigine umyt berýär (Ýahýa 5:28, 29). Ýehowa umyt baglamak üçin nähili gowy sebäp! Ýöne direlişe bolan umytdan başga-da ýene bir zat Hudaý bilen ýöremäge bize kömek edýär.

Ýehowanyň ýollary elmydama gönüdir

15, 16. Samariýa barada näme pygamberlik edildi we ol nädip ýerine ýetdi?

15 «Ýehowanyň ýollarynyň gönüdigine» ynansak, Hudaý bilen elmydama ýöräp bileris. Samariýalylar Hudaýyň göni ýollaryndan ýöremediler. Netijede, olar günäsi üçin almytyny alyp, Hudaýa imanyny ýitirdiler. Bu barada pygamberlik edilipdi: «Samariýa Hudaýyna garşy pitne turzany üçin, günäsini göterer. Olar gylyçdan geçiriler. Çagalary çapylyp bölek-bölek ediler, göwreli aýallaryny-da silkerler» (Hoşea 13:16). Taryhy maglumatlara görä, Samariýany basyp alan aşurlylar şeýle elhenç wagşylyk edýärdiler.

16 Samariýa şäheri Ysraýylyň on taýpaly patyşalygynyň paýtagtydy. Bu patyşalygyň bütin territoriýasyna-da Samariýa diýilýärdi (3 Patyşalar 21:1). B. e. öň 742-nji ýylda Aşuryň patyşasy Salmanasar V Samariýa şäherini gabady. Ahyrsoňy, b. e. öň 740-njy ýylda Samariýa ýykyldy, ýokary wezipeli ýaşaýjylary bolsa Mesopotamiýa we Midiýa sürgün edildi. Samariýany basyp alan Salmanasar V-mi ýa-da onuň mirasdüşeri Sargon II-mi, anyk belli däl (4 Patyşalar 17:1—6, 22, 23; 18:9—12). Ýöne Sargonyň ýazgylarynda 27 290 ysraýyllynyň Ýefratyň ýokarky akymyna we Midiýa sürgün edilendigi hakda agzalýar.

17. Biz Hudaýyň kanunyny äsgermezlik etmän, gaýtam, näme etmeli?

17 Samariýalylar Ýehowanyň göni ýollaryndan ýöremän, eden günäleri sebäpli ejir çekdiler. Hudaýa özüni bagyş eden mesihçilerem Hudaýyň kadalaryny äsgermese, netijede, ejir çeker. Biz hiç haçan şeýle erbetlik etmäliň! Gowusy, geliň, her birimiz Petrus resulyň şeýle maslahatyna eýereliň: «Sizden hiç kim ganhor ýa ogry, jenaýatçy ýa şugul bolup görgi görmesin. Kim-de Mesihi bolup görgi görýän bolsa, utanmasyn; bu at bilen Hudaýy şöhratlandyrsyn» (1 Petrus 4:15, 16).

18. Biz Hudaýy nädip şöhratlandyryp bileris?

18 Biz öz islegimiz boýunça däl-de, Ýehowanyň göni ýollaryndan ýöresek, «Hudaýy şöhratlandyrarys». Kabylyň doganyny öldürmeginiň sebäbi, ol öz diýenini etdi we günäniň agalyk etjekdigi baradaky Hudaýyň duýduryşyna üns bermedi (Barlyk 4:1—8). Balam Moabyň patyşasyndan muzd alyp, Ysraýyla nähak gargajak boldy (Sanlar 24:10). Hudaý lewili Korahy we başga adamlary Musa we Haruna garşy topalaň turzany üçin ýok etdi (Sanlar 16:1—3, 31—33). Elbetde, biziň ganhor «Kabylyň ýoluny» tutasymyz gelenok, «Balamyň hatasyna» tabşyrylanymyzy islämizok ýa-da «Korahyň topalaňynda» heläk bolasymyz gelenok (Ýahuda 11). Eger biz günä edäýenem bolsak, onda Hoşeanyň pygamberligi bize göwünlik berýär.

Günä eden adamlar Ýehowa dolanyp biler

19, 20. Toba eden ysraýyllylar nähili gurban hödürleýärdi?

19 Eger biri agyr günä edip, büdrese, şonda-da Ýehowa dolanyp biler. Hoşea 14:1, 2-nji aýatlarda şeýle ýalbaryş bar: «Eý Ysraýyl, Hudaýyň Ýehowa dolan, çünki sen ýazyklaryň üçin büdrediň. Sözleriňizi alyp, Ýehowa dolanyň. Oňa ähliňiz: «Biziň ýazyklarymyzy geç we ýagşy zatlarymyzy kabul et, biz hem dodaklarymyzyň gölelerini getireli» diýiň.

20 Toba eden ysraýyllylar «dodaklarynyň gölelerini getirýärdi». Bu akýürekden edilýän öwgi gurbanlarydy. Pawlus mesihçilere maslahat berende, bu pygamberlige salgylanyp: «Hudaýa elmydam öwgi gurbanlaryny, Onuň adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürläliň» diýdi (Ýewreýler 13:15). Şu günler Hudaý bilen ýöräp, şeýle gurbanlary hödürlemek nähili hormat!

21, 22. Toba eden ysraýyllylar nädip dikelmelidi?

21 Özdiýenli endigini goýan ysraýllylar Hudaýa dolanyp, «dodaklarynyň gölelerini» getirýärdi. Şeýdip, olar Hudaýyň wada berşi ýaly, ruhy taýdan saplanyp bilýärdi. Hoşea 14:4—7-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Men [Ýehowa] olaryň wepasyzlygyna şypa bererin, men olary öz isleýşim ýaly söýerin, çünki meniň olara gaharym ýatdy. Men Ysraýyla çyg kimin bolaryn. Ol liliýa ýaly gülläp, liwan agajy ýaly kök goýberer. Ol baldak çykarar, mertebesi bolsa zeýtun agajynyň mertebesi ýaly bolar, hoşboý ysy hem Liwanyň hoşboý ysy ýaly bolar. Olar ýene onuň kölegesinde ýaşar. Olar galla ösdürip ýetişdirer we üzüm agajy ýaly şaha çykarar. Ony Liwanyň şerabyny ýatlaýyşlary ýaly ýatlarlar».

22 Toba eden ysraýyllylar ruhy taýdan şypa alyp, Hudaýyň söýgüsini gazanardylar. Ýehowa olara bol bereket berip, salkynlyk getirýän çyg bolardy. Ýehowa Ysraýyly dikeldende, halkynyň mertebesi «zeýtun agajynyň» mertebesi ýaly boldy we olar Hudaýyň ýolundan ýöräp başlardy. Biz hem Ýehowa Hudaý bilen ýöremegi ýüregimize düwen bolsak, onda biz näme etmeli?

Ýehowanyň göni ýollaryndan ýöre

23, 24. Hoşeanyň kitaby nähili ruhlandyryjy pygamberlik bilen tamamlanýar we onuň bize nähili peýdasy bar?

23 Eger biz Hudaý bilen ýöremegi dowam etsek, biz «gökden inen akyldarlygy» öwrenmeli we elmydama Hudaýyň göni ýoluna görä hereket etmeli (Ýakup 3:17, 18). Hoşea kitabynyň soňky aýatlarynda şeýle diýilýär: «Muňa düşünmäge kimiň akyly çatýar we muny biljek paýhasly kim? Çünki Ýehowanyň ýollary gönüdir we dogry adamlar ondan ýörär, kanuny bozýanlar bolsa büdrär» (Hoşea 14:9).

24 Bu dünýäniň akyldarlygyndan we kadalaryndan ugur almagyň deregine, geliň, Hudaýyň göni ýoly bilen ýöremegi ýüregimize düweliň (Kanunyň gaýtalanyşy 32:4). Hoşea pygamber Hudaýyň ýolundan takmynan 59 ýyldan gowrak ýöredi. Ol Hudaýyň habaryny dogry ýerine ýetirýärdi, sebäbi bu sözlere akylly we paýhasly adamlaryň düşünjekdigini bilýärdi. Biz barada näme diýse bolar? Ýehowa bize entek wagt berýärkä, wagyz edip, onuň merhemetini kabul etjek adamlary agtararys. Biz muny «sadyk hem akylly hyzmatkär» bilen bilelikde etmekden şatlyk tapýarys (Matta 24:45—47).

25. Hoşeanyň pygamberligi bize näme etmäge kömek eder?

25 Hoşeanyň pygamberligi täze dünýäde ebedi ýaşamaga umyt baglap, Hudaý bilen ýöremäge kömek eder (2 Petrus 3:13; Ýahuda 20, 21). Görsene, nähili ajaýyp umyt! Eger «Hudaýyň ýollarynyň gönüdigini» sözümizde we iş ýüzünde görkezsek, onda biziň her birimiz şol umyda gowşarys.

Sen nähili jogap berersiň?

• Biz Hudaýa arassa sežde etsek, ol bize nähili garar?

• Biz Hudaýa näme üçin hemişe umyt baglamaly?

• Hudaýyň ýollarynyň gönüdigine biz näme üçin ynanýarys?

• Hudaýyň göni ýollaryndan ýöremegi nädip dowam etmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş