-
Diliňde «merhemet kanuny» bolsunGarawul diňi — 2010 | 15 awgust
-
-
18, 19. Ýehowanyň gullukçylary bilen gatnaşanymyzda, näme üçin dilimizde merhemet kanuny bolmaly?
18 Ýehowanyň gullukçylary bilen gatnaşanymyzda, ähli ýagdaýlarda wepaly söýgimiz görünmeli. Kyn ýagdaýlarda-da dilimizde merhemet kanuny bolmaly. Ysraýyl ogullarynyň merhemeti «tiz aýrylýan çyg ýaly» bolanda, Ýehowa ýaramaýardy (Hoş. 6:4, 6). Ýöne biz hemişe merhemet etsek, Ýehowa halaýar. Merhemet edýänleri Ýehowanyň nähili ýalkaýandygyna seredeliň.
-
-
Näme üçin gijä galmaly däl?Garawul diňi — 2010 | 15 awgust
-
-
Näme üçin gijä galmaly däl?
GIJÄ galman, wagtynda barmak hemişe aňsat däl. Daş ýol, ýollaryň ýapylmagy we köp iş bilen meşgul bolmak bir ýere wagtynda barmaga päsgel berýär. Muňa garamazdan, gijä galmazlyk wajypdyr. Meselem, işine wagtynda gelýän adamy ynamdar we yhlasly hasaplaýarlar. Gijä galýan adam bolsa, başgalaryň işine, önümiň hiline we hyzmat edilişe erbet täsir edýär. Mekdebe wagtynda barmaýan okuwçy käbir sapaklaryny goýberip, okuw programmasyndan gijä galýar. Lukmana ýa-da diş doktora giç barsaň, bejerişiň hiline täsir edýär.
Käbir ýerlerde gijä galmazlyk wajyp hasaplanmaýar. Şeýle adamlaryň arasynda gijä galmagy derrew endik edinip bolýar. Eger gijä galmagy endik etsek, ähli zady wagtynda etmegi öwrenmeli. Munuň wajyplygyna düşünsek, gijä galmarys. Näme üçin gijä galmaly däl? Gijä galmaz ýaly bize näme kömek eder? Wagtynda barmak näme üçin peýdaly?
Ýehowa hiç haçan gijä galmaýar
Biz esasanam Hudaýyň göreldesine eýermek isleýändigimiz üçin gijä galmajak bolýarys (Efes. 5:1). Ýehowa bu babatda ajaýyp görelde görkezdi. Ol hiç haçan gijä galmaýar. Ol niýetini bellän wagtynda amala aşyrýar. Meselem, Ýehowa erbet adamlary tupan bilen ýok etjek bolanda, Nuha: «Özüňe
-