Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/8 sah. 23—27
  • Siz nähili adam bolmalydygyňyz hakda oýlanyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz nähili adam bolmalydygyňyz hakda oýlanyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ŞEÝTAN ADAMLARY NÄDIP ALDAÝAR?
  • «TEN HÖWESLERI»
  • «GÖZ HÖWESI»
  • «ÝAŞAÝYŞ TEKEPBIRLIGI»
  • ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYMYZY NÄDIP GORAP BILERIS?
  • Seniň üçin iň wajyp şahsyýet kim?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Hüşgär boluň, Şeýtan sizi ýuwutmak isleýär!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Duşmanyňyzy gowy tanaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Biz synaga garşy durmaly
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/8 sah. 23—27

Siz nähili adam bolmalydygyňyz hakda oýlanyň

«Siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek?.. Mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelisiňiz». 2 PET. 3:11

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Hudaýyň göwnünden turmak üçin nähili adam bolmaly?

  • Şeýtan adamlary nädip aldaýar?

  • Siz Ýehowa bilen dostlugyňyzy goramak üçin näme edersiňiz?

1, 2. Biz Hudaýyň göwnünden turmak üçin nähili adam bolmaly?

KÖP adamlar başgalaryň olar barada näme pikir edýändigi bilen gyzyklanýarlar. Emma Ýehowanyň gullukçylary Hudaýyň olar barada näme pikir edýändigi hakda oýlanýarlar. Çünki Ol älemde iň beýik Şahsyýet we «ýaşaýşyň gözbaşy» (Zeb. 36:9).

2 Petrus resul Ýehowanyň göwnünden turmak üçin «mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelidigini» aýtdy (2 Petrus 3:11-i okaň). Biz Hudaýyň göwnünden turmak üçin, «mukaddes ýaşamaly», ýagny pikir, ruhy we ahlak taýdan arassa bolmaly. Şeýle-de biz «takwalykda gezmeli», ýagny Hudaýa hormat goýup, wepaly galmaly. Onuň göwnünden turmak üçin, biz diňe bir özümizi alyp barşymyza däl, eýsem, içki dünýämize-de üns bermeli. Ýehowa «kalby synaýar», şol sebäpli Ol biziň mukaddeslikde ýaşaýandygymyzy ýa-da ýaşamaýandygymyzy, takwalykda gezýändigimizi ýa-da gezmeýändigimizi bilýär (1 Ýyl. 29:17).

3. Hudaý bilen dostlugymyzy goramak üçin özümize haýsy soraglary bermeli?

3 Şeýtan Iblis Hudaýyň göwnünden turmagymyzy islemeýär. Ol biziň Ýehowa bilen dostlugymyzy bozmak üçin elinde baryny edýär. Şeýtan bizi Hudaýdan daşlaşdyrmak üçin mekirlik bilen aldaýar (Ýahýa 8:44; 2 Kor. 11:13—15). Şol sebäpli biz özümize şeýle soraglary bersek paýhasly bolar: «Şeýtan adamlary nädip aldaýar? Men Ýehowa bilen dostlugymy goramak üçin näme etmeli?»

ŞEÝTAN ADAMLARY NÄDIP ALDAÝAR?

4. Şeýtan Hudaý bilen dostlugymyzy bozmak üçin nämäni nyşana alýar we näme üçin?

4 Ýakup şägirt şeýle ýazdy: «Her kes öz höwesleri tarapyndan çekilip, aldanan mahaly synalýandyr. Onsoň höwes bogaz bolup, günäni dogurýandyr; günä hem ýetişenden soň ölümi dogurýandyr» (Ýakup 1:14, 15). Şeýtan Hudaý bilen dostlugymyzy bozmak üçin ýüregimizi nyşana alýar, çünki ýürek höwesleriň gözbaşydyr.

5, 6. a) Şeýtan bizi haýsy zatlar arkaly nyşana alýar? b) Şeýtan biziň ýüregimizi zaýalamak üçin nähili duzaklary ulanýar we bu babatda onuň nähili tejribesi bar?

5 Şeýtan biziň ýüregimizi nädip nyşana alýar? Mukaddes Ýazgylarda: «Bütin dünýä... iblisiň goly astynda» diýilýär (1 Ýahýa 5:19). Şeýtan bu «dünýädäki zatlary» ýarag hökmünde ulanýar (1 Ýahýa 2:15, 16-njy aýatlary okaň). Iblis müňlerçe ýyldan bäri daş-töweregimizdäki zatlary ussatlyk bilen ulanýar. Hawa, biz Şeýtanyň dünýäsinde ýaşaýarys, şol sebäpli özümizi onuň mekir duzaklaryndan goramaly (Ýahýa 17:15).

6 Şeýtan ýüregimizi zaýalamak üçin dürli usullary ulanýar. Ýahýa rusul olaryň üçüsini agzap geçdi: 1) «ten höwesleri», 2) «göz höwesi» we 3) «ýaşaýyş tekepbirligi». Şeýtan şu usullary bilen Isany çölde synapdy. Ol bu duzaklary ençeme ýyldan bäri ulanyp gelýär. Şu günler bolsa ol her bir adamyň häsiýetlerini göz öňüne tutup, duzaklaryny has-da ökdelik bilen gurýar. Geliň, häzir Iblisiň How enäni nädip ussatlyk bilen aldandygyna, emma şol duzaklar arkaly Hudaýyň Ogluny aldap bilmändigine seredeliň. Soňra özümizi goramak üçin näme etmelidigi barada gürrüň ederis.

«TEN HÖWESLERI»

7. Şeýtan «ten höwesleri» arkaly How enäni nädip aldady?

7 Ynsanyň ýaşamagy üçin iýmit gerek. Ýaradyjymyz ýer ýüzüni bol ir-iýmiş berer ýaly edip ýaratdy. Şeýtan ünsümizi Hudaýyň isleginden sowmak üçin, biziň iýmäge bolan adaty zerurlygymyzy ulanýar. Geliň, bu babatda How ene bilen bolan waka seredeliň (Gelip çykyş 3:1—6-njy aýatlary okaň)a. Şeýtan How enäniň «ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň» miwesinden iýen güni ölmän, gaýtam, Hudaý ýaly boljakdygyny aýtdy (Gel. çyk. 2:9). Iblis How enäni ýaşamak üçin Hudaýa gulak asmagyň hökman däldigine ynandyrdy. Gör, ol nähili kezzaplyk bilen aldaýar! How ene miwäni iýmek baradaky pikiri aňyndan aýryp bilerdi, ýöne ol hakda oýlanmagyny dowam etse, höwesini artdyrardy. Ol bularyň haýsysyny saýlarka? How ene Erem bagynyň içindäki miweleriň ählisinden iýip bilýärdi. Emma ol şonda-da Şeýtanyň gepine gidip, bagyň ortasyndaky agajyň miwesi hakda köp oýlanýar we soňra «ondan alyp iýýär». Şeýdip, Şeýtan How enäniň ýüreginde Ýaradyjynyň gadagan eden zadyna höwes döredýär.

8. Şeýtan Isany «ten höwesi» arkaly nädip synajak boldy we bu oňa näme üçin başartmady?

8 Şeýtan bu usuly arkaly Isany-da synaýar. Isa çölde kyrk gije-gündizläp iýmändigi üçin ajykýar. Şonda Şeýtan onuň iýmäge bolan adaty islegini oýarýar. Ol Isa şeýle diýýär: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, şu daşa çörek bol diýip buýur» (Luka 4:1—3). Isa Hudaýyň beren güýjüni iýmit üçin ulanyp-da bilerdi, ulanman-da. Ol nähili karara geler? Isa güýjüni öz islegini kanagatlandyrmak üçin ulanmaly däldigini bilýärdi. Şol sebäpli ol ajyksa-da, adaty zerurlygyny Ýehowa bilen dostlugyndan ileri tutmaýar. Isa Şeýtana şeýle jogap berdi: «„Adam diňe çörek bilen däl, eýsem, Hudaýyň her sözi bilen hem ýaşaýandyr“ diýip ýazylgydyr» (Luka 4:4).

«GÖZ HÖWESI»

9. «Göz höwesi» diýen jümle nämäni aňladýar we Şeýtan How enede bu höwesi nädip döretdi?

9 Ýahýa synaga salýan zatlary agzanda «göz höwesini» hem belläp geçdi. Bu jümle haýsydyr bir zada ýöne seretseň-de, oňa bolan höwesiň artýandygyny görkezýär. Şeýtan How enä: «Siziň gözüňiz açylar» diýip, şeýle islegi döretdi. How ene gadagan edilen miwä seretdigiçe, ol şonça-da özüne çekiji bolup başlaýar. Şonda How ene bu agajyň «göze ýakymlydygyny» görýär.

10. Şeýtan Isany «göz höwesi» arkaly nädip synady we Isa oňa nädip jogap berdi?

10 Şeýtan bu usulyny Isa garşy nädip ulandy? Ol: «Dünýäniň bütin patyşalyklaryny (Isa) görkezip, şeýle diýdi: „Men Saňa şularyň hemmesiniň ygtyýaryny hem şöhratyny bereýin“» (Luka 4:5, 6). Isa hakykatdan-da bir wagtyň özünde patyşalyklaryň ählisini gören däldir. Ýöne Şeýtan bu patyşalyklaryň şöhratyny görnüş arkaly görkezip, Isanyň ünsüni çekerin we höwes dörederin öýden bolmaly. Şonda Şeýtan utanman: «Sen maňa sežde etseň, bularyň bary Seniňki bolar» diýdi (Luka 4:7). Isa Şeýtanyň halaýan adamy bolmak islemedi. Ol şol bada Şeýtana: «Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi (Luka 4:8).

«ÝAŞAÝYŞ TEKEPBIRLIGI»

11. How ene Şeýtanyň duzagyna nädip düşdi?

11 Ýahýa dünýädäki zatlary sananda «ýaşaýyş tekepbirligini-de» agzady. Adam ata bilen How ene başgalaryň öňünde öwnüp bilmeýärdi, çünki olar kämil wagty ýer ýüzünde başga hiç bir ynsan ýokdy. Emma olar şonda-da tekepbirlik bildirdiler. Şeýtan How enäni Ýehowanyň ondan nämedir bir gowy zady gizleýändigine ynandyrdy. Iblisiň aýtmagyna görä, ol «ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýen» güni «Hudaý kimin bolar hem-de ýagşy-ýamany saýgarar» (Gel. çyk. 2:17; 3:5). Şeýdip, Şeýtan How enä Ýehowadan garaşsyz bolmagy teklip etdi. How enäniň aldanmagyna onuň tekepbirligi sebäp boldy. Ol ölmerin öýdüp, gadagan edilen miweden iýdi. Nähili akylsyz hereket!

12. Şeýtan Isany ýene nädip synady we Isa oňa nädip jogap berdi?

12 Isa How eneden tapawutlylykda kiçigöwünliligiň ajaýyp göreldesini görkezdi. Şeýtan Isany başga usul bilen synamaga çalyşdy. Emma Isa Hudaýy synamak barada pikir hem etmedi. Sebäbi Isa özüni ybadathananyň küňresinden aşak zyňan bolsa, bu barypýatan tekepbirlik bolardy. Isa Şeýtana gönümel we aýdyň jogap berip: «„Öz Hudaýyň Rebbi synama“ diýlendir» diýdi (Luka 4:9—12-nji aýatlary okaň).

ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYMYZY NÄDIP GORAP BILERIS?

13, 14. Şu günler Şeýtanyň käbir duzaklary nädip ulanyşyny düşündiriň.

13 Şeýtan How ene bilen Isa garşy guran duzaklaryny şu günler hem ulanýar. Iblis dünýädäki zatlar arkaly «ten höweslerini» döredip, ahlaksyzlyga we çendenaşa iýip-içmeklige iterýär. Ol, esasan-da, Interneti seresaplyk bilen ulanmaýan adamyň ünsüni pornografiýa çekip, «göz höwesini» oýarýar. Ulumsylyk we «ýaşaýyş tekepbirligi» adamlary baýlygyň, wezipäniň hem-de şöhratparazlygyň duzagyna düşürýär.

14 «Dünýädäki zatlary» çeňňegiň ujuna dakylýan et, çörek we şuňa meňzeş zatlar bilen deňäp bolýar. Olar ýakymly bolup görünse-de, hersiniň aňyrsynda göze görünmeýän duzak bar. Şeýtan adamlaryň gündelik zerurlyklaryny Hudaýyň kanunyna garşy geler ýaly edip kanagatlandyrmaga höwes döredýär. Emma şeýle mekir duzaklar biziň höweslerimize täsir etmek we ýüregimizi zaýalamak üçin niýetlenendir. Bu duzaklar zerurlyklarymyzy kanagatlandyrmagy we üpjün ýaşaýşy Hudaýyň islegini berjaý etmekden ýokary tutmalydygyna ynandyrjak bolýar. Şeýle duzaklar bize-de täsir edermi?

15. Şeýtanyň duzaklaryny inkär etmek üçin Isanyň göreldesine nädip eýerip bileris?

15 How ene Şeýtanyň duzaklaryna düşdi, emma Isa olary inkär etdi. Ol her gezek Mukaddes Ýazgylara esaslanyp, «ýazylgydyr» ýa-da «diýlendir» diýip jogap bererdi. Eger biz-de Hudaýyň Sözüni çuňňur özleşdirsek, ony gowy bileris. Şonda synaglara uçranymyzda gerekli aýatlar ýadymyza düşer we pikirimizi goramaga kömek eder (Zeb. 1:1, 2). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda gürrüň berilýän Hudaýa wepaly galan adamlar bilen bolan wakalary ýada salsak, olaryň göreldesine eýermäge ýardam berer (Rim. 15:4). Eger biz Ýehowa ýürekden hormat goýsak we Onuň söýýän zatlaryny gowy görüp, halamaýan zatlaryny ýigrensek, bu-da bize gorag bolar (Zeb. 97:10).

16, 17. «Pikirlenmek» ukybymyz içki dünýämize nädip täsir edip bilýär?

16 Pawlus resul dünýäniň däl-de, Hudaýyň isleýän adamy bolmagymyz üçin «pikirlenmek» ukybymyzy ulanmagy maslahat berýär (Rim. 12:1, 2). Ol näme hakda pikirlenýändigimize doly ünsli bolmalydygymyzy ündäp, şeýle diýdi: «Biz ters çekişmeleri, Hudaýyň biliminiň garşysyna aýaga galan her bir belentligi ýykyp, her pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir edýändiris» (2 Kor. 10:5). Adamyň pikiri onuň içki dünýäsine güýçli täsir edýär. Şol sebäpli biz hemişe abatlaýan zatlar hakda «oýlanmaly» (Flp. 4:8).

17 Eger biz nädogry pikirimizi we höweslerimizi «iýmitlendirip» dursak, mukaddesligi saklap bilmeris. Biz Ýehowany «sap ýürekden» söýmeli (1 Tim. 1:5). Emma ynsan ýüregi mekirdir. Hatda «dünýädäki zatlaryň» nädip täsir edendigine düşünmän galmagymyz mümkin (Ýer. 17:9). Şol sebäpli biz özümizi Mukaddes Ýazgylar arkaly çynlakaý barlamaly dälmi näme? Çünki Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Imandadygyňyzy özüňiz barlap görüň. Özüňizi synaň» (2 Kor. 13:5).

18, 19. Biz näme üçin Ýehowanyň halaýan adamy bolmagy ýüregimize düwmeli?

18 «Dünýädäki zatlara» garşy durmak üçin, Ýahýa resulyň ylhamlanyp aýdan sözlerini hem unutmaly däl. Ol şeýle diýdi: «Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» (1 Ýahýa 2:17). Şeýtanyň dünýäsi hemişelik höküm sürjek ýaly bolup görünse-de, onuň soňy hökman geler! Onuň dünýäsiniň hödürleýän zatlarynyň hiç biri-de hemişelik däldir. Eger muny unutmasak, biz Iblisiň duzaklaryna düşmeris.

19 Petrus resul biz «Hudaýyň gününiň gelmegine garaşanymyzda», Onuň göwnünden turýan adam bolmalydygymyzy maslahat berdi. Şol gün «Gök ot alyp dargar, elementler ýanyp erär» (2 Pet. 3:11, 12). Ýehowa Şeýtanyň dünýäsini tizden doly ýok eder. Emma şol güne çenli Şeýtan «dünýädäki zatlar» arkaly How enäni we Isany synaýşy ýaly, bizi-de synar. Biz How ene ýaly öz islegimizi kanagatlandyrjak bolmaly däl. Ýogsam, biziň taňrymyz Şeýtan Iblis bolar. Biz Şeýtanyň duzaklaryny inkär eden Isadan görelde almaly. Synaglar özüne çekiji bolsa-da, biz olary inkär etmeli. Geliň, Ýehowanyň halaýan adamy bolmagy berk ýüregimize düweliň!

a Gelip çykyş 3:1 Ýylan Reb Hudaýyň ýaradan haýwanlarynyň hemmesinden mekirdi. Ýylan aýaldan: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady. 2 Aýal ýylana şeýle jogap berdi: «Bagdaky agaçlaryň miwelerinden iýmäge biziň ygtyýarymyz bar. 3 Ýöne Hudaý: „Siz bagyň ortasyndaky agajyň miwesinden iýmelem dälsiňiz, oňa degmelem dälsiňiz, ýogsam ölersiňiz“ diýdi». 4 Ýylan aýala şeýle diýdi: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz. 5 Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşy-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär». 6 Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Adamsyna-da berdi, ol hem iýdi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş