HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | LUKA 6, 7
Jomartlyk bilen beriň
Jomart adam wagtyny, güýjüni we zadyny başgalara kömek etmek hem-de ruhlandyrmak üçin höwes bilen berýär.
«Beriň» diýip terjime edilen grek işligi dowamly hereketi aňladýar.
Biz başgalara jomartlyk bilen bersek, olar hem «gujagymyza silkip-silkip doldurarlar, dykyp, oňa püre-pür edip guýarlar». Bu ýerde käbir söwdagärleriň däbi göz öňünde tutulýan bolmaly, olar müşderleriniň donunyň etegine dänäni dolduryp berýärdiler.