«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
DEKABR 3—9
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RESULLARYŇ IŞLERI 9—11
«Zalymlyk bilen yzarlaýan adam yhlasly wagyzçy bolýar»
bt sah. 60, abz. 1, 2
«Ýygnaklara parahatlyk aralaşdy»
ZALYM adamlar erbet niýetini amala aşyrmak üçin Damaska golaýlaşýar. Olar Isanyň şägirtlerini ýigrenýärdiler. Şonuň üçin olary öýlerinden süräp çykaryp, daňyp we masgara edip, Mejlisi üstüne küşgürder ýaly Iýerusalime äkiderler.
2 Olaryň baştutany bigünä adamlaryň ganyna galan Sawuldy. Ol biraz wagt mundan öň özi ýaly kanuny yhlasly berjaý edýän adamlaryň Isanyň wepaly şägirdi Stefanusy daşlanlarynda, seredip durýar (Res. iş. 7:57—8:1). Sawul Isanyň şägirtlerini diňe Iýerusalimde yzarlamak bilen kanagat etmän, olary başga ýerlerde-de güýçli yzarlamagyň küýüne düşýär. Ol «Ýol» diýip tanalýan erbet sektany düýbünden ýok etmek isleýär (Res. iş. 9:1, 2).
Ýehowa — Beýik Küýzegär
4 Ýehowa adamlaryň daş keşbine däl-de, ýüregine seredýär (1 Şamuwel 16:7b-ni okaň). Hudaý mesihçiler ýygnagyny döredende, bu sözleriň dogrudygy aýan boldy. Ol ynsan garaýşyna görä ähmiýetsiz hasaplanýan adamlary Özüne we Ogluna ýakynlaşdyrdy (Ýah. 6:44). Şeýle adamlaryň biri Sawuldy. Ol fariseýdi we Hudaýyň «halkyny yzarlaýan, barypýatan gödek adamdy» (1 Tim. 1:13). Emma «ýürekleri barlaýan» Hudaý Sawuly gerekmejek «toýun» hasaplamaýardy (Sül. tym. 17:3). Hudaý oňa gymmatly gap ýasap boljak toýun hökmünde garaýardy. Şol sebäpli ony «halklara, patyşalara we Ysraýyl ogullaryna» şaýatlyk etmegi üçin saýlady (Res. iş. 9:15). Hudaý hatda arakhorlara-da, ahlaksyzlyk we ogrulyk edýänlere-de «hormatlanýan» gap ýasap boljak adamlar hökmünde garaýar (Rim. 9:21; 1 Kor. 6:9—11). Şeýle adamlar Hudaýyň Sözünden dogry bilim alyp we imanyny iş ýüzünde görkezip, Ýehowanyň terbiýesini kabul etdiler.
bt sah. 64, abz. 15
«Ýygnaklara parahatlyk aralaşdy»
15 Sawul sinagogada Isa barada wagyz edip başlanda, adamlaryň geň galandygyny, nägile bolandygyny we gaharlanandygyny göz öňüne getirip bilersiňizmi? Olar: «Bu Iýerusalimdäki şu ady göterýänleri aýylganç yzarlan adam dälmi?» diýdiler (Res. iş. 9:21). Sawul «Isanyň Mesihdigini subut etmek üçin ynandyryjy delilleri getirip», Isa bolan garaýşynyň üýtgändigini düşündirdi (Res. iş. 9:22). Ýöne bu delliler ynandyrjy bolsa-da, däp-dessurlara berk eýerýän we ýüreginde tekepbirlik kök uran adamlar muňa ynanmadylar. Emma Sawul şonda-da ýan bermedi.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
bt sah. 60, 61, abz. 5, 6
«Ýygnaklara parahatlyk aralaşdy»
5 Isa Sawuly Damaska barýan ýolda saklanda: «Sen näme üçin şägirtlerimi yzarlaýarsyň?» diýmedi. Ol: «Sen näme üçin meni yzarlaýarsyň?» diýdi (Res. iş. 9:4). Dogrudan-da, Isa şägirtleriniň duş gelýän synaglaryna sowuk-sala garamaýar (Mat. 25:34—40, 45).
6 Mesihe iman edýändigiň üçin garşylyga duş gelýän bolsaň, Ýehowa bilen Isanyň ýagdaýyňa düşünýändigine ynanyp bilersiň (Mat. 10:22, 28—31). Belki, häzir synagyňy aýryp bolmaz. Ýadyňda bolsa, Isa Sawulyň Stefanysyň ölümini goldandygyny görüpdi; şeýle-de ol Sawulyň Iýerusalimdäki wepaly şägirtlerini öýünden süýräp çykarandygyny hem gördi (Res. iş. 8:3). Ýöne Isa muňa goşulmady. Hatda şeýle ýagdaýda-da, Ýehowa Mesih arkaly Stefanusa we beýleki şägirtlere wepaly galmaga güýç beripdi.
nwtsty Res 10:6-a degişli maglumat
Simun atly deri ussasy. Deri ussasy haýwanlaryň derisini sypyrmak üçin, hekli suw arkaly tüýlerini we galan-gaçan etini ýa-da ýagyny aýyrýardy. Soňra ol deriden gaýyş we şuňa meňzeş zatlary ýasamak üçin ony ýörite güýçli himiki suwuklyk bilen arassalaýardy. Haýwanyň derisini sypyranda erbet ys bolýandygy üçin köp suw gerek bolýardy. Şol sebäpli Simun deňziň golaýynda, Ýafanyň kenarýakasynda ýaşan bolmaly. Musa pygamberiň kanunyna görä, haýwanlaryň derisi bilen işleýän adam haram hasaplanýardy (Lw 5:2; 11:39). Şol sebäpli ýehudylaryň köpüsi deri ussalaryny äsgermeýärdi we olaryň öýünde galmaga-da ýaýdanýardy. Ýehudylaryň Talmud kitabynda deri ussalarynyň tezek çöpleýän adamlardan hem pes hasaplanylýandygy hakda aýdylýar. Ýöne Petrus hiç kimi ala tutmaýandygy üçin, Simunyň öýünde galýar. Şeýle häsiýet Petrusa başga ýumşy ýerine ýetirmäge, ýagny özge milletli adamyň öýüne barmaga kömek etdi. Käbir alymlar «deri ussasy» (byr·seusʹ) diýen grek sözüni Simunyň lakamy hasaplapdyr.
DEKABR 10—16
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RESULLARYŇ IŞLERI 12—14
«Barnabas bilen Pawlus uzak ýerlerde şägirt taýýarlaýar»
bt sah. 86, abz. 4
«Mukaddes ruhdan dolup şatlandylar»
4 Näme üçin Barnabas bilen Sawul «belli bir iş üçin» mukaddes ruh arkaly saýlandy? (Res. iş. 13:2). Mukaddes Ýazgylarda bu barada aýdylmaýar. Ýöne biz olaryň mukaddes ruhuň görkezmesi bilen saýlanandygyny bilýäris. Antiohiýadaky pygamberleriň we mugallymlaryň hem bu karara garşy çykandygy barada hiç ýerde aýdylmaýar. Gaýtam, olar muny iki elläp goldadylar. Imandaşlary göriplik etmän, «agyz bekläp, doga edenlerinden soň, Barnabas bilen Sawulyň üstüne ellerini goýup, ýola salanlarynda», olaryň özlerini nähili duýandygyny göz öňüne getiriň (Res. iş. 13:3). Biz hem ýygnakda jogäpkärli borçlary ýerine ýetirýän ýaşululary goldamaly. Eger dogana ýa-da uýa hormatly borçlar ynanylsa, oňa göriplik etmän, «edýän işleri üçin çuňňur hormat goýmaly» (1 Sel. 5:13).
bt sah. 95, abz. 5
«Ýehowanyň kömegi bilen batyrgaý wagyz etdiler»
5 Başda Pawlus bilen Barnabas grek medeniýeti we Galatiýadaky Rim welaýatynyň esasy şäherleriniň biri bolan Ikoniýa barýarlar. Bu şäherde abraýly ýehudylar we ýehudy dinini kabul eden ençeme adamlar ýaşaýardy. Pawlus bilen Barnabas hemişekisi ýaly sinagoga baryp wagyz edýärdiler (Res. iş. 13:5, 14). Olar «örän gowy wagyz edendikleri üçin, ençeme ýehudylar we grekler iman etdiler» (Res. iş. 14:1).
«Köp muşakgatlara» garamazdan, Hudaýa wepaly gulluk ediň
4 Pawlus bilen Barnabas Derbä baransoň, «Listra, Konýa we Antakiýa gaýdyp geldiler. Şägirtleriň janlaryna kuwwat berip, olara imanda berk durmagy ündäp: „Biz Hudaýyň Patyşalygyna köp muşakgatlar bilen girmelidiris“ diýdiler» (Res. iş. 14:21, 22). Göräýmäge, olaryň aýdýanlary geň ýalydy. Olaryň Hudaýyň Patyşalygyna «köp muşakgatlar» bilen girmelidiris diýen sözleri ruhlandyrman, gaýtam, ruhdan düşürýän ýalydy. Onda Pawlus bilen Barnabas köp muşakgatlaryň boljakdygyny aýdyp, şägirtlere nädip «kuwwat berip» bildilerkä?
5 Biz Pawlus resulyň aýdan sözlerine üns berip, munuň jogabyny bileris. Ol ýöne bir: «Biz köp muşakgatlara çydamalydyrys» diýmän, «Biz Hudaýyň Patyşalygyna köp muşakgatlar bilen girmelidiris» diýdi. Şeýlelikde, Pawlus resul Hudaýa wepaly galmagyň gowy netijeler berýändigini nygtap, şägirtleri berkitdi. Bu sylag ýöne bir boş arzuw däldi. Isa-da: «Soňuna çenli çydan halas bolar» diýipdi (Mat. 10:22).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Resullaryň işleri kitabyndan peýdaly pikirler
12:21—23; 14:14—18. Hirodes Hudaýy şöhratlandyrman, özüni şöhratlandyrýar. Emma märeke Pawlus bilen Barnabasy şöhratlandyryp, beýgeltjek bolanlarynda, olar şol bada garşy çykýarlar. Biz hem Ýehowa gulluk edenimizde nähili borjy ýerine ýetirsek-de, özümizi şöhratlandyrmaly däl.
nwtsty Res 13:9-a degişli maglumatlar
Sawul (oňa Pawlus hem diýilýär). Şondan soň Sawula Pawlus diýilýär. Milletli ýewreý bolsa-da, ol Rimiň raýatydy (Res 22:27, 28; Fp 3:5). Şonuň üçin onuň çagalykdan iki ady bardy, ýewreýçe Sawul, rimçe bolsa Pawlusdy. Şol wagtlar iki atly bolmak ýewreýler, esasanam, Ysraýylyň daş-töwereginde ýaşaýanlar üçin geň däldi (Res 12:12; 13:1). Pawlusyň rim we grek atly käbir garyndaşlary hem bardy (Rm 16:7, 21). Pawlus «başga halklara iberlen resul» bolandygy üçin, oňa ýehudy däl adamlara hoş habary wagyz etmek tabşyryldy (Rm 11:13). Pawlus resul rim adynyň tutulmagyny isläpdir, sebäbi ol bu at başga milletlere gowy täsir eder diýip pikir eden bolmaly (Res 9:15; Gl 2:7, 8). Käbirleriň aýtmagyna görä, ol Rim häkimi Sergus Pawlusyň hormatyna rim adyny saýlan bolmaly. Belki, onuň Pawlus ady Kiprden gaýdansoň hem tutulan bolmaly. Başgalaryň aýtmagyna görä bolsa, Pawlus ýewreý adyny tutmandyr, sebäbi onuň adynyň grekçe aýdylyşy hondanbärsi bolup ýöreýän adamy (ýa-da haýwany) aňladýan grek sözüne meňzeýär (Res 7:58-e degişli maglumata serediň).
Pawlus. Grek ýazgylarynda Pauʹlos, latynça Paulus adyň manysy «kiçijik» diýmegi aňladyp, 145 gezek Pawlus resula, 1 gezek bolsa welaýat häkimi Sergus Pawlusa digişli ulanylýar (Res 13:7).
bt sah. 78, 79, abz. 8, 9
«Imandaşlarymyz üçin doga edeliň»
8 Ýygnakdaky dogan-uýalar näme etmelidigini gowy bilýärdi. Resullaryň işleri 12:5-de: «Şeýlelikde, Petrus türmededi, ýygnak bolsa ol hakda Hudaýa gije-gündiz doga edýärdi» diýilýär. Olar gowy görýän dogany üçin Hudaýa gyzgyn doga edip, ýürekden ýalbarýardylar. Ýakup şägirdiň ölüminden soň, olar ruhdan düşmediler we dogalarynyň biderek däldigini bilýärdiler. Ýehowa üçin gullukçylarynyň dogasy gaty wajyp. Eger edilýän dogalar Ýehowanyň islegine laýyk gelse, ol hökman jogap berer (Ýew. 13:18, 19; Ýak. 5:16). Şu günler mesihçiler hem doga etmegiň wajypdygyna düşünmeli.
9 Sen köp kynçylyklara duş gelýän dogan-uýalary tanaýarsyňmy? Mümkin, olar ýaşaýan ýerinde wagyz işiniň gadagan edilendigi üçin yzarlanýandyr. Ýa-da olar tebigy betbagtçylyklaryň köp bolýan ýerinde ýaşaýandyr. Olar hakda gyzgyn doga etsek gowy bolar. Belki, sen başga kynçylyklary bolan dogan-uýalary bilýänsiň. Olar maşgalada düşünişmezlik, ruhdan düşmek ýa-da imany synalýan ýagdaýlar ýaly känbir göze görünmeýän kynçylyklar bilen göreşýändir. «Dogalary eşidýän» Ýehowa doga etmezden öň oýlansaň, kimiň adyny tutup, doga etjekdigiňi ýadyňa salarsyň (Zeb. 65:2). Sende-de şeýle kynçylyklar bolsa, dogan-uýalaryň edýän dogasyna mätäç bolarsyň.
DEKABR 17—23
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RESULLARYŇ IŞLERI 15, 16
«Hudaýyň Sözüne esaslanyp, biragyzdan karara gelýärler»
bt sah. 102, 103, abz. 8
«Olar bilen biraz çekişip, jedelleşdiler»
8 Luka şeýle diýýär: «Emma Pawlus we Barnabas olar bilen biraz çekişip, jedelleşdiler. Şonda doganlar Pawlus bilen Barnabasy we başga-da käbir doganlary şu mesele boýunça Iýerusalimdäki resullaryň hem-de ýaşulularyň ýanyna iberdiler» (Res. iş. 15:2). «Çekişip, jedelleşdiler» diýen jümle iki tarapyň hem güýçli duýgularynyň bolandygyny we özüne gaty ynamlydygyny görkezýär. Şol sebäpli Antiýohiýadaky doganlar dörän meseläni çözüp bilmediler. Ýygnakda agzybirlik hem parahatlyk bolar ýaly, olar paýhasly hereket etdiler. Doganlar Ýolbaşçylyk maslahatyna degişli bolan «Iýerusalimdäki resullardan hem-de ýaşululardan» şol meseläni çözüp bermegi haýyş etdiler. Antiýohiýadaky ýaşululardan biz näme öwrenip bileris?
Mesihçiler Hudaýyň Sözüne hormat goýýarlar
6 Bu meseläni çözmäge Amos 9:11, 12-nji aýatlardaky sözler kömek edýär. Resullaryň işleri 15:16, 17-nji aýatlarda hem bu sözler gaýtalanýar: «Onsoň yzyma dolanyp, Dawudyň ýykylan çadyryny gaýtadan bina ederin, onuň harabalaryny gaýtadan bina ederin. Galan adamlar, Meniň adym dakylan bütin milletler Rebbi agtarar ýaly, ony gaýtadan dikelderin. Bularyň baryny eden Reb şeýle diýýär».
7 Emma kimdir biri: «Bu aýatlarda özge milletlerden mesihçi bolanlar sünnetlenmeli däl diýilmeýär» diýmegi mümkin. Bu dogrudanam şeýle. Ýewreý mesihçiler muňa düşünýärdi. Olar ýewreý bolmadyk sünnetlenen başga milletli adamlary doganlary ýaly görýärdi (Müs. çyk. 12:48, 49). Meselem, bir terjimede Ester 8:17-de şeýle diýilýär: «Başga milletlerden köp adamlar sünnetlendiler we ýehudy boldular». Ysraýyl öýünden galan adamlar (ýewreýler we sünnetlenip, ýehudy dinine geçen adamlar) «bütin milletler» (sünnetlenmedik ýewreý bolmadyklar) bilen bile Hudaýyň adyny göterýän bir halk boldular. Şeýdip, Amosyň pygamberliginde şol mesele aýdyň düşündirilýär. Mesihçi bolmak isleýän özge milletli adamlara sünnetlenmek hökman däldi.
bt sah. 123, abz. 18
«Ýygnaklar berkeýärdi»
18 Pawlus resul bilen Timoteos birnäçe ýyllap bile eginme-egin işleşdiler. Olar ýygnaklara aýlanyp, ýolbaşçylyk maslahatynyň tabşyrýan her dürli ýumuşlaryny ýerine ýetirýärdiler. Mukaddes Ýazgylarda bu hakda şeýle diýilýär: «Olar şäherme-şäher aýlanyp, Iýerusalimdäki resullaryň we ýaşulularyň gelen kararyny yglan edýärdiler hem-de olary berjaý etmegi tabşyrýardylar» (Res. iş. 16:4). Ýygnaky dogan-uýalar hem Iýerusalimdäki ýaşulularyň hem-de resullaryň berýän görkezmesine gulak asýardylar. Netijede, «ýygnaklar imanda berkäp, şägirtleriň sany gün-günden artýardy» (Res. iş. 16:5).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Isanyň resullaryndan oýa bolmagy öwreneliň
8 Biz şu wakadan näme öwrenip bileris? Üns beren bolsaň, Pawlus Aziýa tarap ýola düşenden soň, Hudaýyň ruhy görkezme berip başlady. Şeýle-de Pawlus Bitiniýanyň golaýyna barandan soň, Isa oňa näme etmelidigini aýtdy. Ahyrynda bolsa, Pawlus Troasa barandan soň, Isa oňa Makedoniýa tarap ýol görkezdi. Ýygnagyň başy Isa bize-de şeýle görkezme berip biler (Kol. 1:18). Aýdaly, sen pioner bolmak ýa-da wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçmek barada pikir edýänsiň. Sen maksadyňa ýetmek üçin ilkinji ädimleri ädeniňden soň, Isa mukaddes ruh arkaly saňa ýol görkezer. Meselem, sürüji diňe hereketdäki maşyny saga ýa çepe sürüp biler. Şonuň ýaly bizem hereketde bolsak, ýagny ruhy maksadymyza ýetmek üçin tagalla etsek, Isa bize görkezme berer.
nwtsty Res 16:37-ä degişli maglumat
Biz Rim raýatlary. Pawlus bilen Silas hem rimiň raýaty bolan bolmaly. Rim kanuna görä, raýata hemişe ýerlikli jeza berilmelidi we hiç haçan köpçüligiň öňünde jezalandyrylmaga rugsat berilmeýärdi. Rim raýatlary imperiýanyň ähli ýerinde berlen hak-hukuklardan we ýeňilliklerden peýdalanyp bilýärdi. Ol Rimiň kanunyna boýun bolýardy, ýöne onuň başga welaýatlarynyň kanunyna eýermän hem bilýärdi. Rim raýatyna garşy iş gozgalanda, ol ýerli kanuna görä sud edilmegine razylaşyp hem biler, ýöne işiniň Rim kazyýetinde seredilmegini talap hem edip biler. Eger oňa ölüm jezasy berilse, onuň imperatora arz etmäge haky bardy. Pawlus resul hem tutuş Rim imperiýasynyň çäklerinde wagyz etdi. Ol üç ýagdaýda Rim raýatlyk hukuklaryndan peýdalandy. Birinji ýagdaýda ol Filippide urlup-ýenjilendigi üçin, şol ýerdäki kazylara ýüz tutýar (Beýleki iki ýagdaý barada Res 22:25; 25:11-nji aýatlara degişli maglumatlara serediň).
DEKABR 24—30
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RESULLARYŇ IŞLERI 17, 18
«Wagyz edeniňizde we öwredeniňizde Pawlus resulyň göreldesine eýeriň»
nwtsty Res 17:2, 3-nji aýatlara degişli maglumatlar
Pikir alşardy. Pawlus diňe bir hoş habary gürrüň bermek bilen çäklenmedi. Ol Ýazgylar, ýagny Ýewreý ýazgylary esasynda adamlar bilen pikir alyşýardy, düşündirýärdi we şol arkaly subut edýärdi. Ol Ýazgylary diňe bir okaman, olaryň manysyny düşündirip, dogrudygyny subut edýärdi we wagyz edýän adamlarynyň ýagdaýyny göz öňünde tutýardy. Grek işligi di·a·leʹgo·mai «pikir alyşmak, gürrüňdeş bolmak we söhbetdeşlik etmek» diýmegi aňladýar. Bu grek sözi adamlar bilen pikir alyşmagy aňladyp, şu aýatlarda hem duş gelýär: Res 17:17; 18:4, 19; 19:8, 9; 20:7, 9.
Ýazgylar arkaly... subut edýärdi. «Subut etmek» diýen grek sözi göni manyda «bir-biriniň golaýynda goýmagy» aňladýar. Bu bolsa Pawlus resulyň Ýewreý ýazgylaryndaky Mesih baradaky pygamberlikleri Isanyň durmuşyndaky wakalar bilen ünsli deňeşdirip, şol pygamberlikleriň Isada ýerine ýetişini subut edendigini görkezýär.
nwtsty Res 17:17-ä degişli maglumat
Bazar. Akropolisiň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Afiny bazarynyň (grekçe a·go·raʹ) tutýan meýdany 5 gektardy. Bazarda diňe bir söwda-satyk etmeýärdiler. Bu ýer ýurduň ykdysady, syýasy we medeni işleri bilen meşgullanylýan esasy merkez hasaplanýardy. Afinylylar hem şol ýerde ýygnanyşyp, paýhasly gürrüňleri etmegi gowy görýärdiler.
nwtsty Res 17:22, 23-nji aýatlara degişli maglumat
Näbelli Hudaýyň sypasy. A·gnoʹstoi the·oi the·oiʹ diýen grek sözi Afinydaky bir sypanyň ýüzünde duş gelýär. Afiny şäheriniň ýaşaýjylary taňrylardan gorkýandyklary üçin, köp buthanalary hem-de sypalary gurýardylar. Meselem, olar Şöhrat, Pesgöwünlilik, Güýç, Ynam hem-de Rehimdar ýaly oýlap tapan taňrylary üçin sypa gurupdyrlar. Olar haýsydyr bir hudaýy unudyp, onuň gaharyny getireris öýdüp, gorkudan ýaňa «Näbelli Hudaýa» diýip bir sypany bagyş eden bolmaly. Şol sypa olaryň tanamadyk Hudaýynyň bardygyna ynanandyklaryny görkezýär. Pawlus resul hem olara heniz tanamaýan hak Hudaýy hakda aýdar ýaly, şol sypa arkaly ökdelik bilen wagyz edip başlaýar.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Resullaryň işleri kitabyndan peýdaly pikirler
18:18. Pawlus nämäni wada berdi? Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, Pawlus nezir wadasyny berdi (San. 6:1—21). Emma Mukaddes Ýazgylarda Pawlusyň näme wada berendigi aýdylmaýar. Şeýle-de Ýazgylarda Pawlus iman edeninden öň ýa soň wada berendigi ýa-da wadasynyň haçan başlap, haçan gutarandygy barada aýdylmaýar. Her näme bolaýanda-da, şeýle wada günä hasaplanylmaýar.
nwtsty Res 18:21-e degişli maglumat
Eger Ýehowa islese. Bu jümle näme etseň-de ýa-da bir zat etmegi niýet etseň-de, Hudaýyň islegini göz öňünde tutmalydygyny görkezýär. Pawlus resul bu prinsipi hemişe göz öňünde tutýardy (1Kr 4:19; 16:7; Ýew 6:3). Ýakup şägirt hem şeýle ruhlandyryjy sözleri ýazdy: «Ýehowa ýol berse, janymyz sag bolsa, ony ýa-da muny ederis» (Ýak 4:15). Bu ýöne bir boş sözler bolmaly däl; eger biri ak ýürekden «Ýehowa islese» diýse, ol Ýehowanyň islegine görä hereket etmeli. Şol sebäpli bu jümle köplenç diňe sözüňde däl-de, eýsem ýüregiňde hem eýermegi aňladýar (Res 21:14-e degişli maglumata; 1Kr 4:19; Ýak 4:15 we sgd sah. 6 serediň).
DEKABR 31—ÝANWAR 6
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RESULLARYŇ IŞLERI 19, 20
«Özüňize we tutuş sürä ünsli boluň»
«Hudaýyň sürüsine gözegçilik ediň»
5 Petrusyň aýtmagyna görä, ýaşulular Hudaýyň sürüsine gözegçilik edýärler. Olara sürüniň Ýehowanyňkydygyna we Isa Mesihiňkidigine düşünmek wajypdy. Ýaşulular Hudaýyň goýunlaryna gözegçilik edişi hakda hasabat tabşyrmalydylar. Aýdaly, ýakyn dostuň senden çagalaryna seredip bermegi haýyş edýär. Eýsem, sen olara gowy seredip, wagtly-wagtynda çaý-çöregini bermezmiň? Çagalaryň biri kesellese, ony bejermek üçin eliňden geleni etmezmiň? Ýygnak ýaşululary hem Hudaýyň Oglunyň «gany bilen edinen ýygnagyny bakýarlar» (Res. iş. 20:28). Olar her goýnuň Isa Mesihiň gymmatly gany bilen satyn alnandygyny unutmaly däl. Ýaşulular şeýle jogapkärçiligiň berlendigine düşünip, sürüni bakýar, goraýar we aladasyny edýär.
Ýygnak ýaşululary «biziň şatlygymyza» goşant goşýar
15 Ýygnak ýaşulularynyň işi aňsat däl. Käte ýaşulular Hudaýyň sürüsi hakda alada etmek ýa-da imandaşlaryny ruhy taýdan goldamak üçin gijelerine ýatman doga edýärler (2 Kor. 11:27, 28). Muňa garamazdan, Pawlus ýaly ýaşulular öz borçlaryny höwes bilen ýerine ýetirýärler. Pawlus korinflilere şeýle ýazdy: «Men siziň janyňyz ugrunda barymy höwes bilen harçlap, bütinleý harçlanaryn» (2 Kor. 12:15). Pawlusyň doganlara bolan söýgüsi olar üçin özüni bagyş etmäge höweslendirdi (2 Korinfliler 2:4-i okaň; Flp. 2:17; 1 Sel. 2:8). Şol sebäpli doganlaryň Pawlusy örän söýýändigi geň galdyrmaýar! (Res. iş. 20:31—38).
bt sah. 172, abz. 20
«Ähli adamlaryň ganyndan azatdyryn»
20 Pawlus resul birnäçe wagtdan soň Hudaýyň sürüsine agalyk eden adamlardan tapawutlylykda düýbünden başgaça ýaşaýardy. Ol ýygnakdaky dogan-uýalara ýük bolmaz ýaly, zähmet çekýärdi. Ol öz peýdasyny gözlemän, dogan-uýalara kömek etmek üçin jan edýärdi. Pawlus resul Efesdäki ýaşululary janaýaman gulluk etmäge höweslendirýärdi. Ol bu hakda şeýle diýdi: «Ejizlere kömek etmelidigiňiz babatda size görelde görkezdim. Hawa, siz Halypamyz Isanyň: „Bermek almakdan has bagtly edýändir“ diýen sözlerini unutmaly dälsiňiz» (Res. iş. 20:35).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
bt sah. 161, abz. 11
Garşylyklara garamazdan, «Ýehowanyň sözi ýaýrap, barha güýçlenýärdi»
11 Pawlus Tiranusyň mekdebinde her gün irden sagat 11-e golaý başlap, öýlän 4-e çenli nutuk bilen çykyş eden bolmaly (Res. iş. 19:9). Şol sagatlar ümsümlik we howanyň gyzýan wagty bolan bolmaly. Adamlar hem iýip-içip, dynç almak üçin işini goýýardylar. Eger Pawlus iki ýyllap şeýle kyn gün tertibine eýeren bolsa, onda 3 000-den gowrak sagat adamlara öwreden bolmaly. Şol sebäpli Ýehowanyň sözi ýaýrap, barha güýçlenýärdi. Pawlus resul zähmetsöýerdi we adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutýardy. Ol şol ýerde ýaşaýan adamlaryň ýagdaýyna görä, gün tertibini üýtgetmäge taýyndy. Bu nähili netije berdi? «Kiçi Aziýada ýaşaýanlaryň ählisi, ýehudylaram, greklerem Hudaýyň sözüni eşitdiler» (Res. iş. 19:10). Dogrudan-da, ol birkemsiz şaýatlyk etdi!
bt sah. 162, 163, abz. 15
Garşylyklara garamazdan, «Ýehowanyň sözi ýaýrap, barha güýçlenýärdi»
15 Skiwa atly ruhanynyň ogullary masgara edilende, köp adamlar Hudaýdan gorkup, oňa iman etdiler we spiritizm bilen meşgullanmagyny goýdular. Efes şäheri jadygöýlükden doludy. Dogalamak we doga-tumarlary dakynmak, hatda doganyň ýazylan görnüşi hem giňden ýaýrandy. Şonda köp efesliler şu wagtky pulda 10 000 dollara barabar jadygöýlük bilen bagly kitaplary hemmeleriň öňünde ýakdylar. Luka bu hakda şeýle ýazýar: «Şeýlelikde, Ýehowanyň sözi gitdigiçe ýaýrap, barha güýçlenýärdi» (Res. iş. 19:17—20). Dogrudan-da, bu hakykatyň ýalanyň hem-de jynlaryň üstünden gazanan ajaýyp ýeňşi! Efesdäki Hudaýa wepaly adamlar bize gowy görelde galdyrdylar. Bizem spiritizime batan dünýäde ýaşaýarys. Bizde-de spiritizm bilen bagly bir zat bolsa, efesdäki adamlar ýaly derrew ony ýok etmeli. Geliň, nähili gymmatly zadymyzdan geçmeli bolsak-da, şeýle nejis işlerden daşda duralyň.