HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 KORINFLILER 4—6
Biz «ruhdan düşmeýäris»
Göz öňüne getiriň, iki maşgala köne we amatsyz şertli jaýda ýaşaýar. Bir maşgala lapykeç bolýar. Beýlekisi bolsa bagtly ýaşaýar. Näme üçin? Sebäbi bu maşgala tizden owadan täze jaýa göçýär.
«Bütin ýaradylyş şu wagta çenli iňňildäp, görgi görýär». Ýöne Hudaýyň gullukçylaryna umyt kömek edýär (Rm 8:22). Häzirki kynçylyklarymyz sebäpli hatda ençeme ýyl bäri ejir çeksek-de, täze dünýädäki ebedi ýaşaýyş bilen deňeşdireniňde, olaryň «wagtlaýyn we ýeňildigine» düşünýäris. Hudaýyň Patyşalygynyň berjek bereketlerine ünsümizi gönükdirsek, bagtly ýaşamaga we ruhdan düşmezlige kömek eder.