97-nji aýdym
Ýörüň, hoş habary aýdalyň!
1. Ýörüň, aýdalyň hoş habary,
Goý, eşitsin ýer şary.
Görsünler biziň söýgimizi,
Pespäl adamlaň bary.
Ýehowanyň wekili bolmak,
Biziň üçin uly hormat.
Ýörüň, Onuň adyny aýdyp,
Bolalyň hakyky Şaýat.
(GAÝTALAMAK)
Öňe, ýörüň aýdalyň mert bolup
ýagşy habary,
Öňe gidip, bolalyň Hudaýa
mydam wepaly.
2. Öňe dikeliň nazarmyzy,
Aljak sylagmyz öňde.
Unutmalyň Halypamyzy,
Ol galdyrdy görelde.
Tizden ýer ýüzi täzelener,
Eşitsin muny hemmeler.
Wagyz etmäge çekinmäliň,
Ýehowa bize güýç berer!
(GAÝTALAMAK)
Öňe, ýörüň aýdalyň mert bolup
ýagşy habary,
Öňe gidip, bolalyň Hudaýa
mydam wepaly.
3. Uly märeke, kiçi süri,
Hemmesi bile barýar.
Ýaşu-garry, erkekdir aýal,
Ýolundan sowulmaýar.
Uly hormatdyr wagyz işi,
Bolmalyň muňa biperwaý.
Hem tämizläliň ýüregmizi,
Goý, şatlansyn Beýik Hudaý.
(GAÝTALAMAK)
Öňe, ýörüň aýdalyň mert bolup
ýagşy habary,
Öňe gidip, bolalyň Hudaýa
mydam wepaly.
(Şeýle-de Zeb. 23:4; Res. iş. 4:29, 31; 1 Pet. 2:21 serediň.)