Ýehowa «hakymyzy alar»
Hudaý gije-gündiz Özüne ýüz tutup, perýat edýän saýlananlarynyň hakyny almazmy? (LUKA 18:7)
1. Seni kim ruhlandyrýar we näme üçin?
BÜTIN dünýäde Ýehowanyň Güwäçileri köp ýyldan bäri Ýehowa wepaly galan imandaşlary bilen gulluk edýändiklerine begenýärler. Siz, şeýle doganlardan kimi tanaýarsyňyz? Megerem, ençeme ýyl mundan öň suwda çokundyrylan, ýöne ýygnak duşuşyklaryna käwagt baryp bilmeýän gartaşan uýany ýa-da köp ýylyň dowamynda her hepdede yhlasly wagyz edýän ýaşuly dogany ýadyňa salansyňyz. Dogrusyny aýdanyňda, bu wepaly doganlaryň köpüsi şu wagta çenli Armageddon bolar öýtdüler. Olar bu erbet dünýä seretmezden, Ýehowanyň wadasyna bolan imanyny gowşatman, «soňuna çenli çydamaga» gaýduwsyzlygyny berkidýärler (Matta 24:13). Ýehowanyň şeýle wepaly gullukçylarynyň güýçli imany ýygnakdaky doganlary ruhlandyrýar (Zebur 147:11).
2. Bizi näme gynandyrýar?
2 Biz käwagtlar imany gowşan doganlara hem duşýandyrys. Doganlaryň käbiri köp ýylyň dowamynda yhlasly wagyz etdiler, emma wagtyň geçmegi bilen olaryň Ýehowa bolan imany gowşap, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagyny goýdular. Imandaşlarymyzyň Ýehowany taşlap gidendigi bizi gynandyrýar. Biz ak ýürekden «ýiten goýunyň» her birini sürä goşmaga kömek edesimiz gelýär (Zebur 119:176; Rimliler 15:1). Emma kimdir biriniň wepaly galýandygyny, kimdir biriniň bolsa imanynyň gowşandygyny görüp, şeýle soraglar ýüze çykýar. Käbir Güwäçileriň imany gowşanlygyna seretmezden, dogan-uýalaryň köpüsi Ýehowanyň wadasyna bolan imanyny nädip saklaýarlar? «Ýehowanyň beýik gününiň» ýakynlaşyp gelýändigine bolan imanymyzy nädip berkidip bileris? (Sefanýa 1:14). Geliň, Lukanyň hoş habaryndaky bir mysala seredeliň.
«Ynsan Ogly gelende» ýaşaýan adamlar üçin duýduryş
3. Dul hatyn bilen kazy baradaky mysal kimlere peýdaly we näme üçin?
3 Luka kitabynyň 18-nji babynda, Isanyň dul hatyn bilen kazy baradaky mysaly bar. Şuňa meňzeş höçjetlik baradaky mysala biz geçen makalada seredipdik (Luka 11:5—13). Mukaddes Ýazgylardaky dul hatyn bilen kazy baradaky mysal «Ynsan Ogly gelip», Hudaýyň patyşalygy höküm sürüp başlan wagtynda ýaşaýan adamlara degişlidigini, şol mysalyň yz ýanyndaky aýat has açyk görkezýär. Bu döwür 1914-nji ýylda başlandy (Luka 18:8)a.
4. Isa Luka kitabynyň 18-nji bapdaky mysalyny aýtmazyndan öň näme diýdi?
4 Isa dul hatyn bilen kazy barada mysalyny aýtmazyndan öň, özüniň patyşa boljak wagtynyň subutnamasynyň aýdyňlygyny «Gögüň bir ujundan çakyp, ol ujuny-da... ýagtyldýan» ýyldyryma meňzedýär (Luka 17:24; 21:10, 29—33). Emma «soňky günlerde» ýaşaýan adamlaryň köpüsi bu aýdyň subutnama üns bermeýär (Daniýel 12:4). Näme üçin? Sebäbi, Nuhuň we Lutuň günlerinde-de adamlar Ýehowanyň duýdurşyna üns bermediler. Olar ýok bolana deňeç «iýýär, içýär, alýar, satýar, ekýär we dikýärdiler» (Luka 17:26—29). Olar gündelik işleri bilen başagaý bolup, Hudaýyň duýduryşyna gulak asmandyklary üçin ýok edildiler (Matta 24:39). Şu günlerem adamlar gündelik işleri bilen başagaý bolup, bu erbet dünýäniň soňunyň ýakynlaşyp gelýändiginiň subutnamalaryny görmeýärler (Luka 17:30).
5. a) Isa kimlere duýduryş berdi we näme üçin? b) Käbir mesihçileriň imany näme sebäpden gowşady?
5 Isany şägirtlerinden kimdir biriniň Şeýtanyň dünýäsiniň täsirine düşüp, goýup giden zatlaryny «yzyna» almak üçin öwrüljekdigi biynjalyklandyrýardy (Luka 17:22, 31). Hakykatdanam, käbir mesihçiler bilen şeýle boldy. Mesihçiler Ýehowanyň erbet dünýäni ýok etjekdigine birnäçe ýyllar garaşdylar. Emma olaryň garaşan wagtynda Armageddonyň gelmändigi ruhdan düşürdi. Ýehowanyň höküm etjek gününiň ýakyndygyna olar şübhelenip başladylar. Olar wagyz etmegini gowşadyp, kem-kemden bu dünýäniň işleri bilen meşgullandylar, ruhy işlere bolsa wagtyny az sarp etdiler (Luka 8:11, 13, 14). Ahyry, olaryň zatlaryny almak üçin «yzyna öwrülendigi» bizi örän gynandyrýar!
«Hemişe doga etmeli»
6—8. a) Dul hatyn bilen kazy baradaky mysaly gürrüň ber? b) Isa bu mysaly gürrüň bereninden soň nähili netijä geldi?
6 Ýehowanyň wadasynyň berjaý boljakdygyna imanymyz gowşamaz ýaly näme etmeli? (Ýewreýler 3:14). Bu soragy Isa şägirtlerine Şeýtanyň erbet dünýäsine dolanmazlygy duýdurandan soň aýtdy.
7 Luka Isanyň «hemişe doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda» aýdandygyny habar berýär. Isa şeýle gürrüň berýär: «Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan, adamlary äsgermeýän bir kazy bar eken. Şol şäherde bir dul hatyn hem bar eken. Ol gelip: «Dawagärimden meniň hakymy alyp ber» diýýär. Kazy birnäçe wagtlap onuň aýdanyny etmeýär. Soň bolsa öz-özüne diýýär: «Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de, üznüksiz gelip, meni bizar etmez ýaly, bu dul hatynyň hakyny alyp bereýin. Çünki maňa köp ezýet berýär».
8 Isa bu mysaly gürrüň berip, şeýle diýýär: «Adalatsyz kazynyň aýdýanyna gulak asyň. Hudaý gije-gündiz Özüne ýüz tutup, perýat edýän saýlananlarynyň hakyny almazmy? Olaryň hakyny almagy gijikdirermi? Size diýýärin, haklaryny tiz alar. Emma Ynsan Ogly gelende ýeriň ýüzünden iman taparmy?» (Luka 18:1—8).
«Meniň hakymy alyp ber»
9. Dul hatyn bilen kazy baradaky mysalyň esasy temasy näme?
9 Bu ýatda galyjy mysalyň esasy temasy örän aýdyň. Sebäbi bu temany dul hatyn, kazy we Isanyň özi-de aýdýar. Dul hatyn: «Meniň hakymy alyp ber» diýip ýalbarýar. Kazy bolsa: «Hakyny alyp bereýin» diýýär. Isa şeýle sorag berýär: «Hudaý... hakyny almazmy?» Soňra Isa Ýehowa barada «haklaryny tiz alar» diýýär(Luka 18:3, 5, 7, 8). Hudaý hyklary haçan alar?
10. a) I asyrda jeza güni haçan boldy? b) Hudaýyň şu günki halkynyň haky haçan we nädip alnar?
10 B. e. 70-nji ýylynda Iýerusalim we ybadathana weýran edilende, I asyrda «jeza günleri» gelipdi (Luka 21:22). Şu günki Hudaýyň halkynyň haky «Ýehowanyň beýik gününde» alnar (Sefanýa 1:14; Matta 24:21). Şol wagt Ýehowa halkyna «muşakgat çekdirenlere... muşakgat bilen gaýtargy berer... Hudaýy tanamaýanlary, Özi [Isa] baradaky Hoş Habara uýmaýanlary jezalar» (2 Selanikliler 1:6—8; Rimliler 12:19).
11. Hudaý halkynyň haklaryny nädip «tiz alar»?
11 Isanyň Ýehowa haklaryny «tiz alar» diýen sözlerine biz nähili düşünmeli? Hudaýyň sözünde Ýehowa Hudaý sabyrly diýilse-de, wagty gelende ol gullukçylarynyň haklaryny tiz alar (Luka 18:7, 8; 2 Petrus 3:9, 10). Nuhuň günleri tupan gelende, erbet adamlar örän çalt ýok edildi. Edil şonuň ýaly Lutuň günlerinde hem gökden ot bilen kükürt ýaganda, erbet adamlar öldüler. Isa: «Ynsan Oglunyň görünjek gününde hem şeýle bolar» diýdi (Luka 17:27—30). Ýene-de erbet adamlaryň üstüne «birdenkä... heläkçilik iner» (1 Selanikliler 5:2, 3). Ýehowa adalatly bolany üçin, Şeýtanyň dünýäsine bir gündenem artyk wagt bermejekdigine biz ynanyp bileris.
Ýehowa haklaryny alar
12, 13. a) Isanyň dul hatyn bilen kazy baradaky mysaldan nähili sapak edinmeli? b) Ýehowa halkynyň dogalaryny eşidip, haklaryny alyp berjekdigine biz näme üçin ynanyp bileris?
12 Dul hatyn bilen kazy baradaky mysal ýene-de bir wajyp hakykaty görkezýär. Isa: «Adalatsyz kazynyň aýdýanyna gulak asyň. Hudaý... saýlananlarynyň hakyny almazmy?» diýip, bu mysalyň ähmiýetini aýdýar. Elbetde, Isa Ýehowany kazy bilen deňemeýär, sebäbi Hudaý gullukçylary bilen özüni kazy ýaly alyp barmaýar. Gaýtam, Isa şägirtlerine Hudaýyň kazydan nämede tapawutlanýandygyny görkezip, sapak berýär. Ýehowa kazydan nähili tapawutlanýar?
13 Isanyň mysalyndaky kazy «adalatsyzdy», Hudaý bolsa «dogry kazydyr» (Zebur 7:11; 33:5). Kazy dul hatynyň ýagdaýy bilen gyzyklanmaýardy, emma Ýehowa her bir adam bilen gyzyklanýar (2 Taryhlar 6:29, 30). Kazy dul hatyna kömek etmek islemeýärdi, ýöne Ýehowa gullukçylaryna ak ýürekden kömek etmäge mydama taýyn (Işaýa 30:18, 19). Mundan biz nähili sapak edinip bileris? Eger adalatsyz kazy dul hatyny diňläp, hakyny alyp beren bolsa, onda Ýehowa Hudaý halkynyň dogalaryny eşidip, haklaryny hökman alyp berer! (Süleýmanyň tymsallary 15:29).
14. Biz Hudaýyň jeza gününiň geljekdigine näme üçin şübhelenmeli däl?
14 Hudaýyň jeza gününiň geljekdigine şübhelenip başlan adamlar örän ýalňyşýarlar. Näme üçin? Olar «Ýehowanyň beýik gününiň» ýakyndyngyna imanyny gowşadyp, Ýehowanyň beren wadasyny ýerine ýetirjekdigine şübhelenýärler. Ýöne Ýehowanyň wepalylygyna hiç kimiň şübhelenmäge haky ýok (Eýýup 9:12). Men wepaly galarynmy?— diýen sorag barada oýlanmak örän wajyp. Isa-da şuňa meňzeş soragy dul hatyn bilen kazy baradaky mysalyndan soň aýdypdy.
«Ýeriň ýüzünde [şeýle, TD] iman taparmy?»
15. a) Isa nähili sorag berdi we näme üçin? b) Biz özümize nähili sorag bermeli?
15 Isa şeýle täsirli sorag berdi: «Ynsan Ogly gelende ýeriň ýüzünde şeýle iman taparmy?» (Luka 18:8, TD). Isa «şeýle iman» diýmek bilen ýöne bir imany göz öňünde tutman, ol dul hatynyňky ýaly güýçli iman barada aýtdy. Isa beren soragyna özi jogap bermeýär. Şeýle sorag bermek bilen, ol şägirtleriniň öz imanlary barada oýlanmagyny isledi. Olaryň imany kem-kemden gowşadymy? Onda olar zatlaryny almak üçin yzlaryna dolanyp, howply ýagdaýa düşerdi. Ýa-da olaryň imany dul hatynyňky ýalymy? Şu günler bizem özümize şeýle sorag bermeli: «Ynsan Ogly gelende» meniň ýüregimde iman taparmy?»
16. Dul hatynyň imany nähilidi?
16 Ýehowanyň haklaryny alyp berjek adamlarynyň arasynda bolmak üçin, özümizi dul hatynyň bolşy ýaly alyp barmaly. Dul hatynyň imany nähilidi? Ol kazynyň ýanyna «üznüksiz gelip: «Meniň hakymy alyp ber» diýmegi bilen imanyny görkezdi (Luka 18:7). Dul hatynyň üznüksiz gelip, adalatsyz adamdan hakyny aldyran bolsa, Hudaýyň şu günki gullukçylary köp garaşmaly bolsalar-da, Ýehowanyň hakyny alyp berjekdigine ynanyp bilerler. Şeýle-de olar Hudaýa «gije-gündiz», ýagny üznüksiz doga etmek bilen Ýehowanyň wadasyna ynanýandygyny görkezýäler (Luka 18:7). Dogrudan-da, mesihçi hakyny alyp bermegi barada doga etmegini bes etse, onda Ýehowa gullukçylarynyň aladasyny edýändigine imanynyň gowşandygyny görkezýär.
17. Erjellik bilen doga edip, Ýehowanyň jeza gününiň geljekdigine iman etmek üçin nähili sebäpler bar?
17 Dul hatyn bilen bolan waka bize üznüksiz doga etmegiň ýene-de bir sebäbini görkezýär. Onuň ýagdaýy bilen biziň ýagadaýymyzyň tapawudyna üns bereliň. Dul hatyna hiç kim maslahat bermese-de, ol kazynyňka gatnaýardy, emma Hudaýyň sözünde bize «dogada erjellik etmäge» maslahat berilýär (Rimliler 12:12). Dul hatyn haýyşynyň ýerine ýetiriljegine ynanmaýardy, emma Ýehowa haklarymyzy alyp berjekdigine ynandyrýar. Ýehowa pygamberi arkaly: «Gijikýän bolsa-da, garaş, ol ýatyrylmaz, hökman ýerine ýeter» diýýär (Habakkuk 2:3; Zebur 97:10). Dul hatyna kömek edýän adam ýokdy. Ýöne «biziň üçin töwella edýän... Hudaýyň sagynda oturan» güýçli kömekçimiz Isa Mesih bar (Rimliler 8:34; Ýewreýler 7:25). Eger dul hatyn agyr ýagdaýyna garamazdan, kazynyň ýanyna üznüksiz baryp, umyt bilen hakyny alyp bermegi barada ýalbaran bolsa, onda biz Ýehowanyň jeza gününiň hökman geljekdigine ynamly bolmaly!
18. Doga nädip imanymyzy berkider we hakymyzyň alynmagyna kömek eder?
18 Dul hatyn baradaky mysal doga bilen imanyň baglanşyklydygyny görkezip, imanymyz gowşamaz ýaly erjellik bilen doga etmegi öwredýär. Elbetde, göz üçin edilýän dogalar imanymyzy berkidip bilmez (Matta 6:7, 8). Hudaýa doly garaşlydygymyza düşünip, höwes bilen ýürekden doga etsek, Hudaýa ýakynlaşyp, imanymyzy berkideris. Gutulmak üçin iman etmeli, şol sebäpli Isa şägirtlerine: «Hemişe doga edip, asla ruhdan düşmäň» diýip, maslahat berýär (Luka 18:1; 2 Selanikliler 3:13). Emma «Ýehowanyň beýik gününiň gelmegi» biziň dogalarymyza bagly däl, ýagny biz doga etsegem, etmesegem ol gün geler. Ýöne hakymyz alynar ýaly, Hudaýyň urşunda gutulmak üçin iman edip, erjellik bilen doga etmeli.
19. Hudaý biziň hakymyzy alyp berjekdigine ynanýandygymyzy nädip görkezýäris?
19 «Ynsan Ogly gelende ýeriň ýüzünden şeýle iman taparmy?» diýen Isanyň soragy ýadyňyzdamy? Bu oýlandyryjy soragyň jogaby näme? Şu günler bütin ýer ýüzünde Ýehowanyň millionlarça wepaly gullukçylary doga edip, sabyrly bolup we erjelligi bilen Isanyň soragyna kanagatlanaryjy jogap berýändikleri begendirýär! Hawa, şu günler Şeýtanyň dünýäsi zyýan ýetirýän bolsa-da, Hudaýyň «saýlananlarynyň hakyny alyp» berjekdigine biz berk ynanýarys (Luka 18:1—8).
a Bu mysala doly düşünmek üçin Lukanyň 17:22—33-nji aýatlaryny oka. Luka 18:8-nji aýatdaky sowaly Luka 17:22, 24, 30-njy aýatlarda «Ynsan ogly» baradaky habar düşünmäge kömek edýär.
Ýadyňyzdamy?
• Näme üçin käbir mesihçileriň imany gowşady?
• Ýehowanyň jeza gününiniň geljekdigine näme üçin şübhelenmeli däl?
• Näme üçin erjellik bilen doga etmeli?
• Dyngysyz doga etmeklik imanymyzyň gowşamazlygyna nädip kömek edýär?