Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb20 Aprel sah. 7
  • «Ýalan taňrylary ýok ediň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ýalan taňrylary ýok ediň»
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň kömegi bilen zalym ruhlara garşy duruň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Ýehowa ýürekden wepaly boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Ýakup bilen Ysaw ýaraşýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Dynç alşyňyz Ýehowany begendirsin
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
mwb20 Aprel sah. 7
Bir adam jadygöýlige degişli bolan monjugyny zyňýar.

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

«Ýalan taňrylary ýok ediň»

Ýakup Ýehowa doly wepaly bolmalydygyna düşünýärdi. Hatda şol wagt Hudaý buta sežde etmeli däldigi hakda kanun hem bermändi (2Ms 20:3—5). Ýehowa Ýakuba Beýtele dolanyp barmalydygyny aýdanda, ol öý-içerisindäkilere we ýanyndaky adamlara ýalan taňrylary ýok etmegi tabşyrýar. Soňra Ýakup ähli butlary we doga-tumar hökmünde dakylýan gulakhalkalary gömýär (1Ms 35:1—4). Elbetde, Ýakubyň şeýle hereketi Ýehowany razy edendir.

Şu günlerem biz Ýehowa nädip ýürekden wepaly bolup bileris? Munuň üçin biz jadygöýlik ýa-da butparazlyk bilen bagly her bir zatdan gaça durmaly. Jadygöýlige degişli bolan zatlarymyzy aýryp ýok etmeli hem-de görjek bolýan zatlarymyzy ünsli saýlamaly. Özüňize şu soraglary beriň: men wampirler, zombiler ýa-da adatdan daşary gudratly güýçler hakdaky kitaplary okap, filmleri görýärinmi? Görýän zatlarymda degişmä salnyp aýdylýan jadylaýjy, gargyş ýa-da şuňa meňzeş zatlar barmy? Biz Ýehowanyň ýigrenýän her bir zadyndan daşda durmaly (Zb 97:10).

«IBLISE GARŞY DURUŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Çagajyk ýatyr; onuň bileginde doga-tumar hökmünde dakylan zat bar. Aňyrsynda ejesi özüne Mukaddes Kitapdan okuw geçýän är-aýal bilen gürrüň edip otyr.

    Palesa atly okuw geçýän bir aýalda nähili kynçylyk döreýär?

  • Är-aýal hem-de okuw geçýän aýal ýygnak ýaşululardan kömek soraýar.

    Jadygöýlik bilen bagly meselede näme üçin ýygnak ýaşulularyndan kömek sorasa gowy bolýar?

  • Mukaddes Kitapdan okuw geçýän aýal çagasynyň elindäki doga-tumary peçde ýakýar.

    «Iblise garşy duruň... Hudaýa ýakynlaşyň» (Ýak 4:7, 8).

    Ýehowanyň goragynda galmak isleýänler haýsy zatlardan dynmaly?

  • Ýaşulular bilen gürleşensoň Palesa näme etdi?

  • Jyn-arwahlardan goranar ýaly nämeleri edip bilersiňiz?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş