HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 3 MUSA 12, 13
Heýwere keseli baradaky kanundan näme öwrenýäris?
Heýwere keseli baradaky kanundan ruhy saglygymyzyň aladasyny etmek hakda näme öwrenip bileris?
Ýehowa ruhanylara heýwere keselini tiz anyklamagy öwretdi. Şu günlerem ýygnak ýaşululary ruhy taýdan näsaglara derrew kömege ýetişýärler (Ýak 5:14, 15).
Kesel ýokuşmaz ýaly, ysraýyllar heýwere keseli degen ähli zatlary ýok etmelidi. Mesihçiler hem günä iterýän islendik zatdan, hatda gymmatly zadyndan geçmäge taýyn bolmaly (Mat 18:8, 9). Muňa mesihçiniň endikleri, gatnaşýan adamlary hem-de saýlaýan dynç alyşlary degişli bolup biler.
Mesihçi Ýehowanyň kömegini ýürekden kabul etmek isleýändigini nädip görkezip biler?