40-NJY AÝDYM
Sen kime gulluk edýärsiň?
Çap edilen görnüşi
1. Seniň Hudaýyň kim?
Kime gulluk edýärsiň?
Kime bagyş etseň ömrüňi,
Şoňa berersiň güýjüňi.
Iki taňra hyzmat
Edip bilmez adamzat.
Saýlap birini, berer göwnüni,
Şol taňra goýar hormat.
2. Seniň Hudaýyň kim?
Kime gulluk edýärsiň?
Biri hak Hudaý, biri ýalan,
Her kes özi saýlamaly.
Ýalan taňrylara
Berersiňmi göwnüňi?
Ýa-da hak Hudaýa gulluk edip,
Geçirermiň ömrüňi?
3. Meniň Hudaýym kim?
Ýehowadyr Hudaýym.
Gulluk ederin janaýaman,
Beren sözümi unutman.
Meniň üçin tölän
Tölegi deňsiz-taýsyz.
Ýahyňky barym, gymmatly janym,
Günüm geçmez Hudaýsyz.
(Serediň: Ýuşa 24:15; Zeb. 116:14, 18; 2 Tim. 2:19)