MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Dostlary paýhasly saýlaň
Mowap düzlüginde ysraýyllar bilen bolan waka şu günler biziň üçin duýduryş bolup durýar (1Kr 10:6, 8, 11). Ysraýyllar mowaplar bilen ahlaksyzlyk edip we olaryň taňrylaryna sežde edip, agyr günäleri etdiler. Netijede, köp betbagtçylyga uçradylar (4Ms 25:9). Biz hem her gün diýen ýaly işdeşlerimiz, klasdaşlarymyz, goňşularymyz, dogan-garyndaşlarymyz we Ýehowa gulluk etmeýän başga-da adamlar bilen gatnaşmaly bolýarys. Ysraýyllar bilen bolan waka şeýle adamlar bilen ýakyndan gatnaşmagyň örän howpludygyny ýatladýar.
«SAPAK EDINMELI MYSALLAR. PARÇA» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Zimri bilen dostlary Ýamine nädip erbet täsir etjek boldular?
Pinehas Ýamine dogry ýoldan sowulmazlyga nädip kömek etdi?
Hudaýa iman etmeýän adama ýöne dost ýaly garamak bilen ýakyndan dostlaşmagyň nähili tapawudy bar?
Hatda dogan-uýalaryň arasyndan dost saýlanymyzda-da näme üçin seresap bolmaly?
Gowy tanamaýan adamlarymyz bilen internet arkaly dostlaşmakdan näme üçin gaça durmaly?