MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýaradylan zatlar akyldar Hudaý Ýehowa imanymyzy berkidýär
Biziň üçin nämäniň gowudygyny diňe Ýehowa bilýär. Şol sebäpli Hudaýa ýürekden bil baglap, maslahatlaryna gulak asmaly (Nak 16:3, 9). Käte pikirimiz Ýehowanyň aýdýan zatlary bilen deň gelmese, gulak asmak kyn bolup biler. Ýöne akyldar Ýaradyjymyzyň elleriniň işi hakda oýlansak, imanymyzy berkideris we gulak asarys (Nak 30:24, 25; Rim 1:20).
«GARYNJALARYŇ ÝOL HEREKETINIŇ DÜZGÜNLERI. ÖZ-ÖZÜNDEN DÖREDIMI ÝA-DA ÝARADYLDY?» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Garynjalar her gün näme edýär?
Garynjalar näme üçin biri-biri bilen çaknyşman ýöreýärler?
Adamlar garynjalardan näme öwrenip bilýär?
«ARYLARYŇ TÄSIN UÇUŞY. ÖZ-ÖZÜNDEN DÖREDIMI ÝA-DA ÝARADYLDY?» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Kiçi uçarlarda nähili kynçylyklar döreýär?
Arylar näme üçin güýçli şemalda-da arkaýyn uçup bilýär?
Adamlar arylaryň täsin uçuşyndan näme öwrenip bilýär?
Janly-jandarlary we ösümlikleri synlap, Ýehowanyň akyldarlygy barada näme bildiňiz?