Kynçylyklara uçranyňyzda Pinehasyň göreldesine eýerermisiňiz?
ÝYGNAGYŇ ýaşulusy bolup gulluk etmek uly hormat. Ýöne Hudaýyň Sözünde ýaşulularyň kynçylyklara uçraýandygy aýdylýar. Käte olar Ýehowanyň bellän kazysy hökmünde günäkärleriň işine seretmeli bolýar (2 Tar. 19:6). Ýa-da gözegçi dogana ýumuş tabşyrylanda, ol özüni Musa ýaly ukypsyz görmegi mümkin. Musa tabşyryk berlende, ol şeýle diýipdi: «Fyrownyň ýanyna gidip, ysraýyllary Müsürden çykaryp getirer ýaly, men kim bolupdyryn?» (Müs. çyk. 3:11).
Ýaşulular mukaddes ruh arkaly bellenilýär. Şol ruhuň täsiri bilen ýazylan Mukaddes Ýazgylarda kynçylyklara hötde gelen gözegçileriň göreldesi beýan edilýär. Pinehas Elgazaryň ogly, Harunyň agtygydy. Ol baş ruhany bolup gulluk edýärdi. Geliň, häzir Pinehasyň durmuşynda bolan üç waka seredeliň. Ol wakalar kynçylyklara uçran ýaşululara batyrgaýlygyň, düşgürligiň we Ýehowa bil baglamagyň wajypdygyny görkezýär.
Ol aýgytly hereket etdi
Ysraýyllylar Mowap düzlüginde düşelge guranda, Pinehas ýaş ýigitdi. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ysraýyllar... mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar... Ysraýyllar olaryň gurbanlyklaryndan iýip, olaryň hudaýlaryna sežde edýärdiler» (San. 25:1, 2). Şonda Ýehowa günä edenleri jezalandyryp başlaýar. Pinehas günäkärleriň eden işleri we olara berilýän ölüm jezasy barada eşidende, oňa nähili täsir edendigini göz öňüne getiriň!
Ýazgylarda: «Musa we bütin ysraýyl halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň işiginde aglaşyp durkalar, bir ysraýylly erkek kişi olaryň gözüniň alnynda bir midýanly aýaly öz maşgalasyna getirdi» diýilýär (San. 25:6). Pinehas ruhany näme eder? Ol ýaşdy. Emma günä eden erkek kişi bolsa, Hudaýa sežde etmekde halka ýolbaşçylyk edýärdi (San. 25:14).
Emma Pinehas adamdan däl-de, Ýehowadan gorkýardy. Ol iki zynahory gören badyna, eline naýza alyp, olaryň çadyryna girýär-de, ikisini hem öldürýär. Ýehowa Pinehasyň batyrgaý we dogumly hereketine nähili garady? Hudaý şol bada günäkärleri jezalandyrmagyny bes edýär we Pinehas bilen äht baglaşyp, onuň nesilleriniň «müdimilik» ruhany boljakdygyny aýdýar (San. 25:7—13).
Elbetde, mesihçi ýaşulular hiç kime zorluk etmeýärler. Emma olar Pinehas ýaly dogumly we batyrgaý bolmaly. Meselem, Gilýermä ýaşulular bilen bilelikde bir meselä seretmegi teklip etdiler. Şonda onuň ýaşuly bellenenine ýaňy birnäçe aý bolupdy. Gilýerme ýaş wagty özüne kömek eden bir ýaşulynyň işine seretmelidi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men özümi çykgynsyz ýagdaýda duýdum. Gijesine ýatyp bilmedim. Duýgularymyň ruhy garaýşyma päsgel bermezligi barada oýlanýardym. Men birnäçe gün doga etdim we Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlardan gözleg geçirdim». Bu ädimler oňa şeýle kyn ýagdaýda batyrgaý hereket etmäge we ýalňyşan dogana ruhy kömegini bermäge ýardam etdi (1 Tim. 4:11, 12).
Ýaşulular ýygnakda kynçylyk ýüze çykanda, batyrgaý hem dogumly hereket edip, Hudaýa bolan imany we wepalylygy bilen bize görelde görkezýärler. Elbetde, başga mesihçiler hem kimdir biriniň eden agyr günäsini eşidende, ýaşululara habar bermek üçin batyrgaý hereket etmeli. Şeýle-de dostumyz ýa-da garyndaşymyz ýygnak gatnaşygyndan kesilende, olar bilen gepleşmesek, Hudaýa wepalydygymyzy görkezeris (1 Kor. 5:11—13).
Düşgürligiň ähmiýeti
Pinehasyň batyrgaýlygy onuň gyzma häsiýetli adamdygyny görkezmeýär. Geliň, häzir onuň düşgür we paýhasly hereket edendigi barada bir waka seredeliň. Ruben, Gad taýpalary we Benýamin taýpasynyň ýarysy Iordan derýasynyň golaýynda gurbanlyk sypasyny gurýarlar. Ysraýylyň beýleki taýpalary bolsa, olar ýalan seždäni goldaýandyr öýdüp, olara garşy söweşmäge taýýarlanýarlar (Ýeşuw 22:11, 12).
Pinehas näme etdi? Ol paýhasly hereket edip, ysraýyl ýolbaşçylary bilen birlikde, olaryň gurbanlyk sypasyny näme sebäpden gurandygyny bilmekçi bolýar. Günäkärlenýän taýpalar gurbanlyk sypasyny «Ýehowa gulluk edýändigini» görkezmek üçin gurandyklaryny aýdýarlar. Şeýlelikde, bu mesele asudalykda çözülýär (Ýeşuw 22:13—34).
Biz imandaşymyz barada nädogry habary eşidenimizde, Pinehasdan görelde alsak, nähili paýhasly bolardy! Doganlarymyzy aýyplanlarynda düşgürlik bize nädogry pikirleriň toruna düşmezlige kömek eder (Sül. tym. 19:11).
Ýaşulular Pinehasyň göreldesine eýerip, nädip düşgür bolup bilerler? On ýyl bäri ýaşuly bolup gulluk edýän Haýme dogan şeýle gürrüň berýär: «Eger-de wagyzçy kimdir biri bilen düşünişmändigi hakynda aýtsa, men hiç kimi ala tutmaz ýaly, şol bada Ýehowa doga edip, Ýazgylaryň görkezmesine eýermäge jan edýärin. Bir gezek uýamyz maňa başga ýygnagyň jogapkär doganynyň onuň göwnüne degendigini aýtdy. Ol dogan meniň ýakyn dostumdy we onuň bilen ikiçäk gepleşmek maňa aňsat düşerdi. Emma men uýa bilen Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri barada söhbetdeş boldum. Uýa dogan bilen özüniň düşünişjekdigini aýtdy (Mat. 5:23, 24). Emma agzalalyk çözülmedi. Şonda men uýa Ýazgylaryň başga prinsiplerine-de eýermegi maslahat berdim. Uýa doga edip, dogany ýürekden bagyşlamaga jan etdi».
Netijede, näme boldy? Haýme gürrüňini şeýle dowam edýär: «Ol uýa birnäçe aýdan meniň ýanyma gelip, doganyň ökünendigini, ony wagza çagyryp, gowy häsiýetleri üçin öwendigini gürrüň berdi. Agzalalyk çözüldi. Dogan meniň dostum diýip, men ara goşulan bolsam, bu meseläni gowy çözüp bilermidim?» Mukaddes Ýazgylarda: «Derrew dawa girişme» diýip maslahat berilýär (Sül. tym. 25:8). Düşgür ýaşulular mesihçileri agzalalygy çözüp, parahatlygy dikeltmek üçin Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermäge höweslendirýär.
Ol Ýehowa bil baglady
Pinehas Hudaýyň saýlan halkynyň ruhanysy bolup hyzmat edýärdi. Görşümiz ýaly, ol ýaşka-da örän batyrgaý we düşgür adam bolupdyr. Muňa garamazdan, ol Ýehowa bil baglandygy üçin kynçylyklara hötde gelip bilipdir.
Bir gezek Gibea şäherinde ýaşaýan benýamin taýpasynyň adamlary lewiniň gyrnagyny rehimsizlik bilen zorlap öldürýärler. Şonda beýleki taýpalar olar bilen söweşmek üçin aýaga galýarlar (Kaz. 20:1—11). Olar ýeňiş gazanmak barada Ýehowa doga edip, kömek soraýarlar. Emma iki sapar hem zyýan çekip, ýeňilýärler (Kaz. 20:14—25). Olar biderek ýere doga etdik diýdilermi? Ýehowa olaryň erbetligi ýok etmek üçin eden tagallasyny görmedimi näme?
Indi Pinehas Ysraýylyň baş ruhanysydy. Ol berk ynam bilen ýene-de Ýehowa: «Men doganlarym Benýamin ogullary bilen ýene-de söweşeýinmi ýa-da ýok?» diýip doga etdi. Ýehowa onuň dogasyna jogap berip, benýaminleri ýeňmäge kömek edýär. Gibeýa şäheri otlanylýar (Kaz. 20:27—48).
Biz bu wakadan näme öwrenip bileris? Ýaşulular ýygnakda bolýan kynçylyklary çözmek üçin elinde baryny edip, Ýehowa doga edýärler. Emma şonda-da käbir meseleler çözülmän galýar. Şeýle ýagdaýda olar Isanyň aýdan sözlerini unutmaly däl: «Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar» (Luka 11:9). Dogalaryň jogaby gijikýän ýaly bolup görünse-de, gözegçi doganlar Ýehowanyň öz wagtynda jogap berjekdigine ynamly bolup bilerler.
Geliň, bir mysala seredeliň. Irlandiýadaky ýygnaga Patyşalyk zaly gerekdi. Emma şäheriň gurluşyk işleriniň başlygy Patyşalyk zalyny gurmaga rugsat bermeýär. Ol adam doganlaryň gurluşyk taslamalarynyň hiç birini-de kabul etmeýär. Indi olarda diňe bir çykalga bar, ýagny olar bütin ýurduň gurluşyk işlerine ýolbaşçylyk edýän adama ýüz tutmalydy. Ýehowa Pinehasyň günlerindäki ýaly, olaryň dogasyna jogap berermi?
Ýerli ýygnagyň ýaşulusy şeýle gürrüň berýär: «Biz ençeme gezek doga-dileg edenimizden soň, gurluşyk işleriniň iň ýokary başlygynyň ýanyna bardyk. Şonda bize başlyk bilen görüşmek üçin birnäçe hepde garaşmaly bolarsyňyz diýdiler. Emma biz bäş minutdan başlyk bilen görşüp bildik. Ol biziň taslamalarymyzy gören badyna, gurluşyga başlamaga rugsat berdi. Indi bize şäher gurluşyk işleriniň başlygy-da kömek bermäge jan edýärdi. Bu waka bize doga-dilegiň güýjüni görkezdi». Hawa, Ýehowa ýaşulularyň Özüne bil baglap, ýürekden edýän dogasyna jogap berýär.
Pinehas gadymy Ysraýylyň agyr işlerine jogapkärdi. Ol Hudaýa bil baglap, batyrgaýlygy hem düşgürligi bilen kynçylyklaryň hötdesinden geldi. Pinehas Hudaýyň ýygnagynyň ýürekden aladasyny edip, Ýehowanyň göwnünden turdy. Takmynan 1 000 ýyl geçenden soň, Ezra Hudaýyň ylhamy bilen şeýle sözleri ýazdy: «Geçmişde olara Elgazaryň ogly Pinehas ýolbaşçylyk edipdi; Ýehowa onuň bilendi» (1 Tar. 9:20). Goý, bu sözler Hudaýyň halkyna gözegçilik edýän doganlarda-da, ähli wepaly mesihçilerde-de ýerine ýetsin!