Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 17-nji maýdan başlanýan hepdäniň tertibi
    Hudaýa gullugymyz — 2010 | maý
    • 17-nji maýdan başlanýan hepdäniň tertibi

      17-NJI MAÝDAN BAŞLANÝAN HEPDE

      11-nji aýdym

      □ Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy

      lv bap 4; çarçuwalar (s. 52—55)

      □ Teokratik gulluk mekdebi

      Mukaddes Ýazgylary okamak: Ýahýa 8—11

      No. 1: Ýahýa 11:38—57

      No. 2: Isa näme üçin Mukaddes Ýazgylara esaslanyp öwredýärdi? (Ýahýa 7:16—18)

      No. 3: 64-nji hekaýa (my 64)

      □ Gulluk duşuşygy

      2-nji aýdym

      5 min. Bildiriş.

      10 min. Tomus aýlary kömekçi pioner bolup gulluk edip bilermiň? Diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. «Guramaçylykly» (rus.) kitabynyň 112, 113-nji sahypalarynyň esasynda kömekçi pionerlerden näme talap edilýändigine gysgaça serediň. Kömekçi pioner bolup gulluk etmek üçin işden ýa-da mekdepden rugsat alan wagyzçylaryň nähili bereketler alandygyny gürrüň bermegi haýyş et.

      10 min. Resmi däl ýagdaýda hoş habary wagyz etmegiň usullary. «Guramaçylykly» (rus.) kitabynyň 101-nji sahypadan 102-nji sahypanyň 2-nji abzasyna çenli esaslanan diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. Resmi däl ýagdaýda wagyz edilen birki sany ýerli wakany sahnalaşdyr.

      10 min. «Wagyzçylar elmydama doga etmeli». Sorag-jogap görnüşinde geçirmeli.

      7-nji aýdym

  • Wagyzçylar elmydama doga etmeli
    Hudaýa gullugymyz — 2010 | maý
    • Wagyzçylar elmydama doga etmeli

      1. Wagyz işini ýerine ýetirmekde näme wajyp?

      1 Biz wagyz işini öz güýjümiz bilen däl-de, Ýehowanyň kömegi bilen ýerine ýetirýäris (Flp. 4:13). Ol perişdelerini ugradyp, ýumşak adamlary gözlemäge kömek edýär (Ylh. 14:6, 7). Ýehowanyň patasy bilen biz hakykat tohumyny ekýäris we suwarýarys (1 Kor. 3:6, 9). Şonuň üçin wagyz işinde gökdäki Atamyza doga etmek, gör, nähili wajyp!

      2. Näme hakynda doga etse bolar?

      2 Özüň üçin doga et. Wagyz edenimizde hemişe dogada bolmaly (Efes. 6:18). Dogada näme dilese bolar? Batyrgaýlygy hem-de wagyz meýdançamyza dogry garaýyşda bolmagy diläp bileris (Res. iş. 4:29). Şeýle-de, ak ýürekli adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlar ýaly, Ýehowadan görkezme sorap bileris. Eger gyzyklanýan adam sorag berse, dogry jogap bermek üçin içimizden Ýehowa gysgaça doga edip bileris (Neh. 2:4). Şeýle-de wagyz işini ilkinji orunda goýar ýaly, akyldarlyk diläp bileris (Ýakup 1:5). Eger bize ynanylan iş üçin dogamyzda minnetdardygymyzy bildirsek, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarys (Kol. 3:15).

      3. Başgalar üçin doga etseň, wagyz işine nähili ýardam edýär?

      3 Başgalar üçin doga et. Şeýle-de biz «biri-birimiz üçin doga etmeli» (Ýakup 5:16; Res. iş. 12:5). Syrkaw bolsaň-da, beýleki wagyzçylar üçin hem doga edip bilersiň. Seniň dogalaryň olara kömek edip bilejekdigine şübhelenme. Hatda başga ýurtlardaky doganlarymyz «aram we gep-gürrüňsiz ýaşar ýaly» döwlet ýolbaşçylarynyň hoşamaý bolmagy üçin hem doga etse bolar (1 Tim. 2:1, 2).

      4. Näme üçin biz erjellik bilen doga etmeli?

      4 Biz hoş habary öz güýjümiz bilen wagyz edip bilmeris. Eger «dogada erjellik etsek», onda Ýehowanyň kömegi bilen wagyz işini ýerine ýetirip bileris (Rim. 12:12).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş