Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Siz tebigy betbagtçylyga taýynmy?
    Hudaýa gullugymyz — 2007 | ýanwar
    • Siz tebigy betbagtçylyga taýynmy?

      1. Näme üçin tebigy betbagtçylyga öňünden taýýarlyk görmeli?

      1 Bütin dünýäde her ýyl millionlarça adamlar şol sanda biziň dogan-uýalarymyz hem ýer titremeden, sunamiden, silden, tupandan, suw joşgunyndan horluk çekýärler. Tebigy betbagtçylygyň duýdansyz bolýandygy sebäpli bize zeper ýetýär. Şonuň üçin biz her bir zada öňünden taýýarlyk görsek, paýhasly bolar (Sül. tym. 21:5).

      2. Näme üçin wagyzçylar ýaşululara täze bolýan ýeriniň salgysyny we telefonyny aýtmaly?

      2 Önüňden nämeler etmeli. Käwagty tebigy betbagtçylygyň boljakdygyny hökümet öňünden duýdurýar. Bu duýduryşa ünsli bolmaly (Sül. tym. 22:3). Şeýle ýagdaýlarda ýaşulular ýygnakdaky ähli dogan-uýalara öňünden taýýarlanmaga kömek eder ýaly habarlaşmaly. Tebigy betbagtçylykdan soňam ýaşulular ýygnagyň agzalary howpsuz ýagdaýdadygyny bilmek we kömege mätäçlere ýardam etmek üçin habar tutar. Eger ýaşulularda täze maglumat bolmasa, gymmatly wagtyň ýitmegi mümkin. Wagyzçylar ýygnagyň kätibine we toparyň gözegçisine täze bolýan ýeriniň salgysyny we telefonyny bermeli.

      3. Siz tebigy betbagtçylyk bolýan ýerinde ýaşaýan bolsaňyz, ýaşulularyň nähili görkezmesine eýermeli?

      3 Eger ýygnagyňyzyň territoriýasy tebigy betbagtçylygyň ýygy-ýygydan bolýan ýerinde ýerleşýän bolsa, ýaşulular wagyzçylaryň başga ýerde ýaşaýan dogan-garyndaşlarynyň ýa-da dostlarynyň hem salgysyny we telefonyny alyp biler. Şonda olaryň garaşylmadyk bir ýagdaý dörände hem habarlaşmaga mümkinçiligi bolar. Şeýdip, ýaşulular ewakuirlenen doganlary tapyp bilerler. Şeýle-de ýaşulular tebigy betbagtçylyk dörän ýagdaýynda ýygnak üçin meýilnama düzüp biler, meselem: ätiýaçlyk üçin gerek zatlaryň sanawyny düzmeli, aýratyn zerurlykly wagyzçylara kömek etmek we ewakuirlemek üçin edilmeli işleriň düzgünini ýazmaly. Şeýle görkezmä dogry eýermek örän wajyp (Ýew. 13:17).

      4. Ýaşaýan ýerimizde tebigy betbagtçylyk bolsa näme etmeli?

      4 Tebigy betbagtçylykdan soň. Ýaşaýan ýerimizde tebigy betbagtçylyk bolsa näme etmeli? Maşgalaňyzy fiziki taýdan gerekli zatlar bilen üpjün etmeli. Soňra kömege mätäçlere ýardam ediň. Mümkin boldugyndan, toparyň gözegçisine ýa-da beýleki ýaşululara tiz habar ediň. Siz sag-aman galyp, kömege mätäç bolmasaňyzda, olar bilen habarlaşmaly. Eger-de size kömek gerek bolsa, doganlaryň elinden gelen kömegini edýändigine ynanyň (1 Kor. 13:4, 7). Ýehowa siziň ýagdaýyňyzy bilýändigini unutmaň we ähli zatda oňa bil baglaň (Zeb. 37:39; 62:8). Adamlara ruhy we duýgy taýdan kömek etmäge taýyn bol (2 Kor. 1:3, 4). Mümkin boldugyndan, teokratiki düzgüne girmäge çalyş (Mat. 6:33).

      5. Tebigy betbagtçylyk howpy mesihçilere nähili täsir edýär?

      5 Tebigy betbagtçylyk bütin dünýä howp salýan bolsa-da, biz gelejege umyt bilen garaýarys. Tizden ähli tebigy betbagtçylyklar geçmişde galar (Ylh. 21:4). Şu günler tebigy betbagtçylyklara paýhasly taýýarlyk görmeli we hoş habary yhlasly wagyz etmeli.

  • Wagyz üçin teklipler
    Hudaýa gullugymyz — 2007 | ýanwar
    • Wagyz üçin teklipler

      «Siziň pikiriňizçe, är-aýal maşgala durmuşy babatda gowy maslahaty nireden tapyp biler? (Žogap bersin). Maşgalany kimiň ýaradandygyna üns beriň (Barlyk 2:22-ni oka). Şeýle-de Hudaý maşgalada äriň we aýalyň nähili orun tutýandygyny düşündirdi». Soňra Efesliler 5:22—33-nji aýatlardaky prinsipleri ara alyp maslahatlaşsa bolar.

      «Hristianlaryň köpüsi Isa pygamberiň taglymatlaryna eýermeýändigine üns berdiňizmi? (Jogap bersin). Mysal üçin olaryň köpüsi Isanyň şu sözlerini berjaý etmeýärler». (Ýahýa 13:35-i oka). Soňra hristianlaryň edýän işleriniň Isa pygamberiň öwreden taglymatlaryna gabat gelmeýändigini görkezse bolar.

      «Siziň pikiriňizçe, ähli adamlar şu sözler boýunça ýaşaýan bolsa, durmuş gowulaşarmydy? (Efesliler 4:25-i oka. Soňra jogap bersin). Adamlaryň köpüsi käbir ýagdaýlarda aldasaň bolýar diýýärler». Soňra näme üçin hemişe hakykaty aýtmagyň ýagşydygyny ara alyp maslahatlaşsa bolar.

      Käbir ýurtlarda adamlaryň dine bolan garaýşy üýtgän ýaly görünýär. Siziň pikiriňizçe, diniň adamlara edýän täsiri gowşadymy? (Jogap bersin). Pawlus resul köp adamlaryň näme üçin dine ynamynyň gaçandygynyň sebäbini düşündirdi. (Resullaryň işleri 20:29, 30-njy aýatlary oka). Mukaddes Ýazgylarda hristianlara gelejekde näme boljakdygy aýdylýar».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş