-
12-nji noýabrdan başlanýan hepdäniň tertibiHudaýa gullugymyz — 2012 | noýabr
-
-
12-nji noýabrdan başlanýan hepdäniň tertibi
12-NJI NOÝABRDAN BAŞLANÝAN HEPDE
7-nji aýdym we doga
□ Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy
fy bap 15, abz. 18—21 (30 min.)
□ Teokratik gulluk mekdebi
Mukaddes Ýazgylary okamak: Kanun taglymaty 10—12 (10 min.)
No. 1: Kanun taglymaty 11:1—17 (4 min. ýa-da ondan az)
No. 2: Hudaý dogalarymyza nädip jogap berýär? (bh s. 170—173, abz. 16—20) (5 min.)
No. 3: Zebur 51:17-däki sözlerden näme öwrenip bileris? (5 min.)
□ Gulluk duşuşygy
6-njy aýdym
10 min. Eger biri: «Siz Isa ynanmaýarsyňyz» diýse. «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik» (rus.) kitabyna esaslanan söhbetdeşlik (s. 192, abz. 3—s. 193, abz. 2). Bir hödüri gysgaça sahnalaşdyr.
10 min. Biz näme öwrenýäris? Söhbetdeşlik. Markus 1:16—20-nji aýatlary okaň. Bu waka bize wagyzda nädip kömek edip biljekdigi hakynda ara alyp maslahatlaşyň.
10 min. «Zähmetiňiziň hözirini görüň». Sorag-jogap.
18-nji aýdym we doga
-
-
Zähmetiňiziň hözirini görüňHudaýa gullugymyz — 2012 | noýabr
-
-
Zähmetiňiziň hözirini görüň
1. Wagyzda yhlasymyzy näme gowşadyp biler?
1 Adam «zähmetinden lezzet almak» üçin ýaradyldy (Wag. 2:24). Emma biziň wagzymyz gowy netije bermese, ruhdan düşüp, şatlygymyzy ýitirýäris we yhlasymyz gowşaýar. Bize dogry garaýyşda bolmaga näme kömek eder?
2. Wagyzda köp adamlar diňlemese-de, biz näme üçin dogry garaýyşda bolmaly?
2 Dogry garaýyşda boluň. Isa wagyz edende, köp adamlar diňlemese-de, gullugynyň üstünlikli bolandygyny unutmaň (Ýahýa 17:4). Isa ekin tymsalynda Patyşalyk baradaky habary köp adamlaryň kabul etmejekdigini aýtdy (Mat. 13:3—8, 18—22). Emma tagalla etsek, köp üstünlik gazanyp bileris.
3. Hoş habary köp adamlar kabul etmese-de, biz nädip «hasyl berip» bileris?
3 Nädip köp hasyl berýäris? Isanyň tymsalyna görä, hoş habary kabul edenler «hasyl bermeli» (Mat. 13:23). Bugdaý baldak çykaryp, ýetişenden soň hasyl berýär. Bugdaýyň hasyly baldak däl-de, onuň täze tohumy. Diýmek, mesihçileriň berýän hasyly diňe bir täze şägirtler däl-de, eýsem hasylyň tohumynyň köp bolşy ýaly, Patyşalyk barada köp wagyz etmegi aňladýar. Hoş habary kän adamlar diňlemese-de, biz köp «lezet alyp» kanagatlanýarys, çünki Ýehowanyň adyny mukaddes edýäris (Iş. 43:10—12; Mat. 6:9). Biziň üçin Hudaýyň işdeşleri bolmak uly hormat (1 Kor. 3:9). Ýehowa «dodaklaryň miwesi» ýaraýar (Ýew. 13:15, 16).
4. Biz gullugyň nähili netijelerini görmezligimiz mümkin?
4 Şeýle-de käte biz zähmetimiziň netijesini görmezligimiz mümkin. Isa ýer ýüzünde gulluk edýärkä, wagzyny diňlän käbir adamlar hem, onuň şägirtleri bolmady. Şonuň ýaly Patyşalyk barada eken tohumymyzyň adamyň ýüreginde kök urup, gögerenini we onuň hakykata gelenini bilmän galýarys. Hakykatdanam, biziň gullugymyz köp peýda getirýär. Şeýlelikde, «köp miwe bermegimiz bilen» Isanyň şägirdidigimizi subut edýäris (Ýahýa 15:8).
-