Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/8 sah. 3—7
  • Siz mukaddes edildiňiz

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz mukaddes edildiňiz
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝAMAN ÝARANLARDAN GAÇA DURUŇ
  • TEOKRATIK IŞLERINI GOLDAŇ
  • RUHY ZATLARY BIRINJI ORUNDA GOÝUŇ
  • ÝEHOWANYŇ GÜWÄÇISIDIGIŇI UNUTMA
  • «ÝAGŞYLYKDA» ÝATLANÝANLAR
  • Nehemýa kitabyndan näme öwrenýäris?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
  • «Ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Iýerusalimiň diwarlary
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Iýerusalimiň diwarlary
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/8 sah. 3—7

Siz mukaddes edildiňiz

«Siz... ýuwuldyňyz, mukaddes edildiňiz». 1 KOR. 6:11

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Biz näme üçin ýaman ýaranlardan gaça durmaly?

  • Biz nädip teokratik işlerini goldap bileris?

  • Ruhy zatlary birinji orunda goýmaga we mesihçidigimizi unutmazlyga näme kömek eder?

1. Nehemýa Iýerusalime dolananda nämä biynjalyk boldy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

IÝERUSALIMIŇ ýaşaýjylary öz aralarynda gürrüň edýärler. Özge milletli adama ybadathananyň bir otagy berlipdir. Lewiler özlerine tabşyrylan işi taşladylar. Halkyň ýaşululary Sabat gününe ýolbaşçylyk etmegiň deregine, söwda-satyk işleri bilen meşgullanýarlar. Ysraýyllylaryň köpüsi özge milletli aýal-gyzlara öýlendiler. B. e. öň 443-nji ýylda Nehemýa Iýerusalime dolanyp gelende, şu we başga zatlary görüp, örän biynjalyk boldy (Neh. 13:6).

2. Ysraýyllylar nädip mukaddes halk boldy?

2 Ysraýyllylar Hudaýa bagyş edilen halkdy. B. e. öň 1513-nji ýylda olar Ýehowanyň islegini yhlas bilen berjaý etjekdiklerini söz berip: «Biz Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýdiler (Müs. çyk. 24:3). Şonda Hudaý olary Özüne halk hökmünde saýlap, mukaddes etdi. Gör, nähili uly hormat! Mundan 40 ýyl geçenden soň, Musa olara şu sözleri ýatlatdy: «Siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady» (Kan. tag. 7:6).

3. Nehemýa Iýerusalime ikinji sapar gelende, ýehudylaryň ruhy ýagdaýy nähilidi?

3 Gynansak-da, ysraýyllylaryň yhlasy uzaga çekmedi. Olaryň arasynda Hudaýa ýürekden gulluk edýän adamlar bardy. Emma köpüsi Hudaýyň islegini ýerine ýetirmegiň deregine, göz üçin mukaddes ýa-da hudaýhon bolýardylar. Nehemýa Iýerusalime ikinji sapar gelende, wepaly ýehudylaryň hakyky seždäni dikeltmek üçin Babyldan çykanyna, eýýäm 100 ýyl töweregi wagt geçipdi. Hawa, olar ýene-de ruhy taýdan gowşadylar.

4. Mukaddes halk bolup galmaga haýsy zatlar kömek edýär?

4 Ysraýyllylar ýaly, şu günler Ýehowanyň Güwäçilerine mukaddes edilen halk diýse bolýar. Mesh edilen mesihçiler-de, «uly märeke-de» Hudaýa gulluk etmek üçin mukaddes edildi (Ylh. 7:9, 14, 15; 1 Kor. 6:11). Biz ysraýyllylar ýaly Hudaýyň öňündäki mukaddesligimizi ýitirmek islemeýäris. Bize mukaddes galmaga we Ýehowa gulluk etmäge päsgel berýän zatlardan gaça durmaga näme kömek eder? Biz bu makalada Nehemýa kitabynyň 13-nji babynda agzalýan şu zatlara serederis: 1) ýaman ýaranlardan gaça durmak, 2) teokratik işlerini goldamak, 3) ruhy zatlary birinji orunda goýmak, 4) Ýehowanyň Güwäçisidigimizi unutmazlyk. Geliň, bular barada gürrüň edeliň.

ÝAMAN ÝARANLARDAN GAÇA DURUŇ

5, 6. Elýaşyp bilen Tobyýa kimdi we olar näme üçin biri-biri bilen gatnaşýardylar?

5 Nehemýa 13:6—8-nji aýatlary okaňa. Mukaddesligi saklamak aňsat däl, çünki bizi erbet täsir edýän zatlar gurşap alýar. Geliň, Elýaşyp we Tobyýa bilen bolan waka seredeliň. Elýaşyp baş ruhanydy, Tobyýa bolsa ammon halkyndandy. Ähtimal, Tobyýa Ýahudadaky Pars hökümetiniň wekili bolandyr. Nehemýa Iýerusalimiň diwarlaryny dikeltmekçi bolanda, Tobyýa we onuň ýaranlary garşy çykdylar (Neh. 2:10). Ammonlylara ybadathana girmek gadagandy (Kan. tag. 23:3). Onda näme üçin baş ruhany Elýaşyp özge milletli adama, ýagny Tobyýa ybadathanadan ýer berdikä?

6 Tobyýa bilen Elýaşyp ýakyndan gatnaşýardylar. Tobyýa we onuň ogly Ýehohanan ýehudy gyzlaryna öýlendiler. Ýehudylaryň köpüsi Tobyýa hormat goýýardylar (Neh. 6:17—19). Elýaşybyň agtygy bolsa, Sanballadyň gyzyna öýlendi. Sanballat Samariýanyň hökümdarydy we ol Tobyýanyň tarapdarydy (Neh. 13:28). Görşümiz ýaly, bu gatnaşyklar baş ruhany Elýaşyba täsir edýär, ýagny ol özge milletli we halkyň duşmany bolan adam bilen dostlaşýar. Emma Nehemýa Tobyýanyň ähli öý goşlaryny ybadathanadan çykaryp zyňýar. Şeýdip, ol Ýehowa wepalylygyny görkezýär.

7. Ýaşulular we başga mesihçiler mukaddesligi hapalaýan zatlardan nädip gaça durýarlar?

7 Biz Ýehowa bagyş edilen halk hökmünde Oňa wepaly bolmaly. Biz Hudaýyň dogry kadalary boýunça ýaşamasak mukaddes galyp bilmeris. Şeýle-de garyndaşlyk gatnaşyklaryny Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerinden ileri tutmaly däl. Ýygnak ýaşululary öz düşünjesine ýa-da duýgularyna daýanman, Ýehowanyň görkezmesine eýerýärler (1 Tim. 5:21). Olar Hudaý bilen dostlugyna zyýan ýetirjek ähli işlerden gaça durýarlar (1 Tim. 2:8).

8. Özüni Ýehowa bagyş eden mesihçiler gatnaşýan adamlary babatda nämäni unutmaly däl?

8 Biz «ýaman ýaranlaryň ýagşy ahlagy bozýandygyny» unutmaly däl (1 Kor. 15:33). Dogan-garyndaşlarymyzyň käbiri bize erbet täsir etmegi mümkin. Elýaşyp Iýerusalimiň diwarlaryny dikeltmekde Nehemýany doly goldady we halka gowy görelde galdyrdy (Neh. 3:1). Emma wagtyň geçmegi bilen ol Tobyýanyň we başga adamlaryň erbet täsirine düşüp, Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etdi. Gowy dostlar bizi ruhy taýdan peýdaly işlere, ýagny Mukaddes Ýazgylary okamaga, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga we wagyz etmäge höweslendirýärler. Dogry işleri etmäge höweslendirýän maşgala agzalarymyz bolsa, has-da öwgä mynasypdyr.

TEOKRATIK IŞLERINI GOLDAŇ

9. Halk näme üçin ybadathana sadaka bermeýärdi we bu babatda Nehemýa kimlere käýedi?

9 Nehemýa 13:10-y okaňb. Nehemýa Iýerusalime dolananda, ybadathanada gulluk edýän lewiler üçin hiç hili sadakalar berilmeýärdi. Şol sebäpli lewiler ybadathanadaky işlerini taşlap, ekin meýdanyna çykypdyrlar. Munuň üçin Nehemýa halkyň ýolbaşçylaryna käýeýär, çünki olar borçlaryny berjaý etmeýärdi. Olar halkyň öndürýän hasylynyň ondan bir bölegini ýygnamalydylar. Emma olar bu sadakany ýygnamaýardylar, ýygnaýanlarynda-da ybadathana bermeýärdiler (Neh. 12:44). Şonuň üçin Nehemýa hasylyň ondan bir böleginiň ýygnalmagynyň aladasyny edýär. Ol ybadathananyň ammarlaryna getirilen sadakalary paýlamak üçin ynamdar gözegçileri belleýär.

10, 11. Hudaýyň halky hakyky seždäni goldamak üçin näme edýär?

10 Biz bu wakadan nähili sapak edinmeli? Birinjiden, bar zadymyz bilen Ýehowany şöhratlandyrmagyň uly hormatdygyny unutmaly däl (Sül. tym. 3:9). Biz teokratik işlerini goldamak bilen, aslynda, Ýehowanyň bize beren zadyny yzyna berýäris (1 Ýyl. 29:14—16). Belki-de, biz berere zadymyz köp däldir öýdýändiris, ýöne islegimiz bar bolsa, hökman goşant goşarys (2 Kor. 8:12).

11 Ençeme ýyldan bäri bir maşgala ýörite pioner bolup gulluk edýän gartaşan är-aýaly her hepde myhmançylyga çagyrýardy. Bu maşgalada sekiz çaga bolsa-da, olaryň ejesi hemişe şeýle diýýärdi: «On adamyň doýan ýerinde, ikisini doýurmak nämejik!» Hepdede bir gezek agşamlyk naharyna çagyrmak uly iş bolmasa-da, pionerler oňa örän minnetdardylar! Bu maşgala hem myhmansöýerligi üçin Hudaýyň bereketini aldy. Pioner är-aýal ruhlandyryjy wakalary gürrüň berip, çagalary ruhy taýdan ösmäge höweslendirdi. Netijede, olaryň ählisi doly wagtly gulluga başladylar.

12. Jogapkär doganlar nähili gowy görelde görkezýärler?

12 Ikinjiden, şu günler hem jogapkär doganlar Nehemýa ýaly teokratik işlerini goldamaga gözegçilik edýärler. Olaryň göreldesi dogan-uýalara gowy täsir edýär. Bu babatda ýygnak ýaşululary Pawlus resulyň hem göreldesine eýerýärler. Pawlus hakyky seždäni goldaýardy we dogry görkezme berýärdi. Meselem, ol meýletin sowgatlar babatda ençeme peýdaly maslahatlar berdi (1 Kor. 16:1—3; 2 Kor. 9:5—7).

RUHY ZATLARY BIRINJI ORUNDA GOÝUŇ

13. Käbir ýehudylar Sabat gününe nähili garaýardylar?

13 Nehemýa 13:15—17-nji aýatlary okaňc. Eger biz maddy zatlar bilen başagaý bolsak, ruhy taýdan pese düşeris. Müsürden çykyş 31:13-e görä, her hepde geçirilýän Sabat güni ysraýyllylara mukaddes halkdygyny ýatladýardy. Olar Sabat gününde maşgala okuwyny geçirmelidiler, doga etmelidiler we Hudaýyň kanuny barada oýlanmalydylar. Emma Nehemýanyň döwründe käbir ýehudylar Sabat gününe adaty gün ýaly garap başladylar. Hudaýa edilmeli sežde yzda galdy. Nehemýa bu zatlary görüp, şenbe güni, ýagny Sabat gününden bir gün öň garaňky gatlyşanda, täjirler şähere girmez ýaly, onuň derwezesini ýapdyrýar.

14, 15. a) Söwda-satyk işlerini çäklendirmesek näme bolar? b) Hudaýyň dynçlygyna girmek üçin näme etmeli?

14 Biz Nehemýa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? Birinjiden, söwda-satyk işlerini çäklendirmeli. Ýogsam, biziň wajyp zatlardan ünsümiz sowlar. Ylaýta-da, işimizi gowy görsek, kime gulluk edip, kime ýaranjagymyzy bilmeris. Isanyň: «Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez» diýen sözlerini unutmalyň (Matta 6:24-i okaň). Nehemýa barly adamdy, ýöne ol Iýerusalimde ýaşan döwrüni nädip geçirdikä? (Neh. 5:14—18). Ol surlular we başga adamlar bilen söwda gatnaşyklaryny däl-de, doganlaryna kömek etmek hem-de Ýehowanyň adyny mukaddeslemek üçin sadaka işlerini ýola goýmagy maksat edindi. Şu günler hem ýygnak ýaşululary we gulluk kömekçileri imandaşlaryna hem-de ýygnaga peýdaly boljak işler bilen meşgullanýarlar. Dogan-uýalar olaryň berýän kömegine minnetdarlyk bildirýärler. Şeýlelikde, Hudaýyň halkynyň arasynda söýgi, parahatlyk we howpsuzlyk höküm sürýär (Ezek. 34:25, 28).

15 Şu günler mesihçilerden Sabat gününi bellemek talap edilmeýär. Emma Pawlus: «Hudaýyň halky üçin ýene bir sabat gününiň dynçlygy galýar» diýip ýazdy. Şeýle-de ol: «Hudaý Öz işlerinden nähili dynç alan bolsa, Onuň dynçlygyna giren hem öz işlerinden şeýle dynç alandyr» diýdi (Ýew. 4:9, 10). Eger biz Hudaýyň niýetiniň ilerlemegine öz goşandymyzy goşsak, Onuň dynçlygyna girip bileris. Siz we siziň dogan-garyndaşlaryňyz maşgala okuwyny, ýygnak duşuşyklaryny hem-de wagyz gullugyny wajyp hasaplaýarmysyňyz? Eger başlygymyz ýa-da işdeşlerimiz guramanyň teokratik işlerine hormat goýmasa, onda özümizi has-da dogumly alyp barmaly. Mümkin, «surlular şähere girmez ýaly, onuň derwezesini ýapmaly bolar», ýagny mukaddes zatlary ileri tutmaly bolarys. Biz mukaddes halk, şol sebäpli özümize şeýle sorag bersek gowy bolar: «Ýehowa gulluk etmek üçin özümi bu dünýäden çetde tutýarynmy?» (Mat. 6:33).

ÝEHOWANYŇ GÜWÄÇISIDIGIŇI UNUTMA

16. Nehemýanyň günlerinde mukaddes halka nähili howp abanýardy?

16 Nehemýa 13:23—25-nji aýatlary okaňd. Nehemýanyň döwründe ysraýyllylar başga halklaryň gyzlaryna öýlendiler. Nehemýa Iýerusalime birinji sapar gelende, ysraýyllylaryň özge milletlä öýlenmeli däldigi barada ýaşulular bilen şertnama baglaşypdy (Neh. 9:38; 10:30). Emma ençeme ýyldan soň, ýehudylar diňe bir özge milletlä öýlenmän, eýsem, özleriniň Hudaýyň mukaddes halkydygyny unutdylar! Olaryň özge milletli aýallardan bolan çagalary ýewreý dilinde ne ýazyp, ne-de okap bilýärdiler. Bu çagalar ulalanda özlerini ysraýylly saýarlarmy ýa-da aşdotly, ammonly, mowaply? Olar ýewreý dilini bilmese, Hudaýyň Kanunyna düşünermi? Olar ejesiniň sežde edýän ýalan taňrylaryny däl-de, Ýehowany tanap, Oňa gulluk etmegi saýlap bilerlermi? Şeýle ýagdaýda Nehemýa çalt we aýgytly hereket etmelidigini bilýärdi (Neh. 13:28).

17. Ata-eneler çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga nädip kömek edip bilerler?

17 Şu günler biz çagalarymyza imanda berk durmaga kömek etmeli. Ata-eneler, siz özüňize şeýle soraglary beriň: «Meniň çagalarym Mukaddes Ýazgylaryň „päk dilinde“ arassa gepleýärlermi? (Sef. 3:9). Çagalarymyň gepleýşinde Hudaýyň ruhunyň täsiri görünýärmi ýa-da bu dünýäniň?» Eger özgertmeli zatlar bar bolsa, ruhdan düşmäň. Dil öwrenmek üçin wagt gerek bolýar, çünki ünsüňi sowýan zatlar köp. Çagalar dünýäniň güýçli täsirine garşy durmaly bolýarlar. Şol sebäpli maşgala okuwyndan we başga ýagdaýlardan peýdalanyp, çagalaryňyza Ýehowa bilen dostlaşmaga sabyrlylyk bilen kömek ediň (Kan. tag. 6:6—9). Olara Şeýtanyň dünýäsinden daşda durmagyň peýdasyny görkeziň (Ýahýa 17:15—17). Çagalaryňyzyň ýüregine täsir etjek boluň!

18. Näme üçin ata-eneler çagalarynyň özlerini Ýehowa bagyş etmekde has köp goşandyny goşup bilýärler?

18 Hudaýa gulluk etmelimi ýa-da etmeli däl, her bir çaganyň özüniň çözjekdigini unutmaň. Emma bu babatda ata-eneler uly goşant goşup bilerler. Munuň üçin olaryň özleri görelde bolmaly, çagalaryna goýýan çäklerini aýdyň görkezmeli we olaryň gelen kararynyň netijesini ara alyp maslahatlaşmaly. Ata-eneler, çagalaryňyz özlerini Ýehowa bagyş eder ýaly, olara sizden başga hiç kim gowy kömek edip bilmez. Çagalaryň imanda berk durmagy üçin, olar siziň kömegiňize mätäçdir. Elbetde, «egin-eşiklerimizi», ýagny Mesihe eýerýändigimizi görkezýän häsiýetleri ýitirmezligimiz üçin, biziň ählimize gorag gerek (Ylh. 3:4, 5; 16:15).

«ÝAGŞYLYKDA» ÝATLANÝANLAR

19, 20. Ýehowa bizi nädip «ýagşylykda» ýatlar?

19 Nehemýanyň döwürdeşi Malaky pygamber «Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda... bir ýatlama kitabyň ýazylýandygy» barada aýtdy (Mal. 3:16, 17). Hawa, Hudaý Özünden gorkup, adyna hormat goýýanlary hiç haçan unutmaz (Ýew. 6:10).

20 Nehemýa şeýle doga etdi: «Eý, Hudaýym, meni ýagşylykda ýatla!» (Neh. 13:31). Eger biz Nehemýa ýaly ýaman ýaranlardan gaça dursak, teokratik işlerini goldasak, ruhy zatlary birinji orunda goýsak we Ýehowanyň Güwäçisidigimizi unutmasak Hudaýyň ýatlama kitabyna adymyz ýazylar. Geliň, «imandadygymyzy özümiz barlap göreliň» (2 Kor. 13:5). Eger biz Ýehowa bilen mukaddes dostlugymyzy saklasak, Ol bizi «ýagşylykda» ýatlar.

a Nehemýa 13:6, 7 Biraz wagt geçensoň, men patyşadan rugsat alyp, Iýerusalime dolandym. Gelibem, Elýaşybyň Hudaýyň öýüniň howlularynda Tobyýa üçin bir otag taýynlap, nädogry iş edenligini eşitdim. 8 Muňa meniň gaty gaharym geldi. Tobyýanyň ähli öý goşlaryny otagdan çykaryp zyňdym.

b Nehemýa 13:10 Men lewileriň paýlarynyň berilmändigini hem eşitdim. Şonuň üçinem ybadathanada hyzmat eden lewiler we aýdymçylar öz ekin meýdanlaryna giden ekenler.

c Nehemýa 13:15 Şol günler men Ýahudada käbir adamlaryň Sabat güni üzüm sykýandygyny, bugdaý desselerini getirip, eşeklerine ýükläp ýörendiklerini gördüm. Şeýle hem olar Sabat güni şerap, üzüm, injir we her hili ýükleri Iýerusalime daşaýardylar. Onsoň men olara Sabat güni hiç zat satmaly däldigini duýdurdym. 16 Şäherde ýaşaýan surlular hem balyk we dürli harytlar getirip, Sabat güni Iýerusalimdäki ýahuda halkyna satýardylar. 17 Onsoň men Ýahudanyň beglerine käýäp, olara: «Sabat gününi harlap, bu edýän işiňiz näme? Siziň atalaryňyz hem şeýle etmänmidi? Ata-babalarymyzyň şeýle edenligi zerarly Hudaý bu belalary biziň başymyza, bu şäheriň başyna getirmänmidi? Siz Sabat gününi harlamak bilen, Ysraýylyň üstünden has-da güýçli gazap inderýärsiňiz!» diýdim.

d Nehemýa 13:23 Şol günler men aşdotly, ammonly we mowaply aýallara öýlenen ýahudalary-da gördüm. 24 Olaryň çagalarynyň ýary aşdot dilinde gepläp, ýahuda dilinde gepläp bilmeýärdiler, olar dürli halklaryň dillerinde gepleýärdiler. 25 Onsoň men olara käýedim, näletledim, käbirlerini urdum, saçlaryny ütdüm. Olara Hudaýyň adyndan ant içirip, şeýle diýdim: «Gyzlaryňyzy olaryň ogullaryna bermäň, ogullaryňyza, özüňize olaryň gyzlaryny almaň!»

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş