SAPAK 16
Abatlaň we ruhlandyryň
Eýýup 16:5
BELLIK: Diňleýjileriň ünsüni kynçylyklara däl-de, olaryň çözgüdine çekmeli we diňleýjileriň ynamyny artdyrmaly.
NÄDIP ETMELI?
Diňleýjilere dogry garaýyşda boluň. Imandaşlaryňyzyň Ýehowanyň göwnünden turmak isleýändigi hakda oýlanyň. Maslahat bereniňizde hem, ýerlikli bolsa, başda ýürekden öwgüli sözleri aýdyň.
Erbet maglumaty azrak ulanyň. Erbet maglumaty diňe gürrüň edýän temaňyzyň esasy maksadyny görkezmek üçin ulanyň. Çykyşyňyz abatlaýjy we ruhlandyryjy bolsun.
Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen ulanyň. Diňleýjileriň ünsüni Ýehowanyň geçmişde eden, häzir edýän we gelejekde etjek işlerine çekiň. Olaryň umydyny berkidiň we abatlap, ruhlandyryň.